8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan dabaralar.

paýtagtymyzda däp boýunça maýyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanan möhüm ähmietli çäreler – “Türkmen halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIV mejlisi boldy. Ýurdumyzdaky bu uly pudaklaýyn forum “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan, şol sanda Hytaýdan, Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Owganystandan, Gazagystandan, Özbegistandan wekiliýetler geldi. Daşary ýurtlardan gelen 110-dan gowrak adamlaryň arasynda alymlar we hünärmenler, tanymal haly öndürijiler, telekeçiler, iri söwda we gurluşyk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmen halyşynaslarynyň Bütindünýä jemgyýetiniň wekilleri bar.

Türkmen halysynyň baýramy halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyndan gözbaş alyp gaýdýan bu täsin galdyryjy gadymy sungatyň möhüm ähmiýetlidigini görkezýär. Bu baýramçylyk ata-babalarymyzyň ruhy ýörelgelerine we gymmatlyklara ygrarlylygy, özboluşly milli däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçmegini alamatlandyrýar. Bütin dünýäde meşhur bolan türkmen halysy bolsa şol ýörelgeleriň beýany bolup durýar.

Şu günler tutuş ýurdumyzda öz ussatlygy, zehini we joşguny bilen, gözelligi we kämilligi boýunça deňi-taýy bolmadyk ajaýyp eserleri döredýän halyçy zenanlaryň hormatyna ylmy forumlar we döredijilik duşuşyklary, bäsleşikler we sergiler guraldy.

Asylly däbe görä, Türkmen halysynyň milli muzeýi baýramçylyk çäreleriniň has dabaraly geçirilýän ýerine öwrüldi, bu muzeýiň uly zallarynda ýaýbaňlandyrylan halkara serginiň çäklerinde milli halyçylyk sungatynyň nusgawy we häzirki zaman özboluşly eserleriniň uly sergisi guraldy. Köşk toplumynyň ýanyndaky açyk meýdançada milli öwüşginlere laýyk gelýän we birkemsiz bezelen ak öýler we senetçilige degişli ussahanalar ýerleşdirildi.

Irden bu ýerde baýramçylyga mahsus ýagdaý höküm sürüp ugrady, aýdym-sazlar ýaňlandy. “Dokmaçylar” atly folklor-etnografik topar, Türkmen milli konserwatoriýasyndan gyzlaryň hory, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň döredijilik toparlary myhmanlary horeografik kompozisiýalar we täsirli çykyşlar bilen garşylaýarlar.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýerde ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, milli parlamentiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň we baýramçylyk forumynyň myhmanlarynyň arasynda pudaklaýyn kärhanalaryň ýolbaşçylary we ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen tanymal halyçylar bar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu halkara sergisine we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny içgin üns berip diňlediler. Şonda milli Liderimiz: “Türkmen halysy gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen ajaýyp sungatdyr, biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyň dünýäde ykrar edilen ajaýyp ýadygärligidir” diýip belledi.

Häzirki wagtda özboluşly amaly haşam sungaty, halyçylygyň gadymy ýörelgeleri—medeniýetimiziň tutuş “altyn gaznasy” milli sungata uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan aýratyn alada bilen gurşaldy. Milli Liderimiziň türkmen halkynyň ruhy we madda medeniýetiniň baý mirasyna bagyşlanan “Janly rowaýat” atly düýpli, ensiklopedik işi hakyky sungatyň belent sepgitlerine ýetmegiň ýolunda türkmen halyçylygynyň şan-şöhratyny has-da artdyrmakda taryhy ähmiýete eýedir.

Leýpsigde, Parižde, Brýusselde geçirilen halkara sergilerine türkmen halylaryna altyn we göwher medallaryň berilmegi bu täsin galdyrýan çeper ussatlygyň ýokary derejä eýe bolandygyny tassyklaýar. Ýeri gelende aýtsak, türkmen halyçylary tarapyndan dokalan “Altyn asyr” atly haly dünýäde iň uly haly hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna goşuldy.

Dünýäde türkmen halylaryna elmydama çeperçilik taýdan gymmatly we nepis zatlar hökmünde garalypdyr. Häzrki wagtda-da olaryň gadymy nusgalary Russiýanyň, Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň we beýleki ýurtlalryň muzeýlerinde, sergi zallarynda we çeperçilik galareýalarynda aýawly saklanýar. Türkmen halylary häzirki wagda uly gyzyklanma döretmek we geň galdyrmak arkaly tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe boldy hem-de halyçylygyň syrlaryny asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda saklap gelen gadymy halkyň buýsanjy bolmagynda galýar.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli mirasa mahsus bolan ýörelgeleri we döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän halyçylyk sungaty täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy.

Pudagy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde döwlet tarapyndan uly goldaw berilmegi netijesinde, Serdar, Bereket, Esenguly şäherlerinde täze fabrikler guruldy, bularda halyçy zenanlaryň önjeýli asylly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredildi. Hereket edýän kärhanalaryň durkuny täzelemek we tehniki enjamlary üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Pudagyň düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde, Mary şäherinde ýüňi ilkinji gezek işläp taýýarlaýan fabrigiň binýadynda täze kärhanany ulanmaga bermek, şeýle hem ýüň egirýän täze fabrigi ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň etrap merkezlerinde hereket edýän çeper halyçylyk kärhanalarynyň önümçilik bölümlerini gurmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylda pudaga degişli sergi türkmen halyçylarynyň ýokary netije gazanýandygyny aýdyň görkezýär, bu ýerde “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň çeper halyçylyk kärhanalarynda we özbaşdak hususy kärhanalarda ussat halyçylar tarapyndan dokalan täze ajaýyp halylar hem görkezildi. Bular nusgawy göller bilen bezelen halylardan, arasa ýüň we ýüpek halylardan, dürli görnüşleri şekillendirýän pannolardan, meşhur milli gahrymanlarymyz Oguz hanyň, Baýram hanyň, Gorkut atanyň, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we şu ýylda 290 ýyllygy bellenilen Magtymguly Pyragynyň şekilleri dokalan halylardan ybaratdyr. Bularyň ähliisi reňkleriň sazlaşmagy, nepisligi, döredijilikli çemeleşilmegi bilen tapawutlanýar.

Täsin galdyrýan eksponatlaryň arasynda 2014-nji ýylda amaly-haşam sungatyna degişli eserlerde türkmen bedewiniň has oňat şekillendirilmegi boýunça yglan edilen bäsleşikde üstünlige eýe bolan – ikitaraplaýyn dokalan haly bar, onda Boýnow we Akhan diýen meşhur bedewler şekillendirilipdir.

Şeýle hem sergide dürli görnüşdäki palaslar görkezildi. Galyberse-de, ussatlar we Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary tarapyndan taýýarlanan gobelenler, sowgatlyk önümleriň – kiçeňräk daşlyklaryň, torbalaryň we beýlekileriň uly toplumy ýakymly täsir galdyrýar. Eksponatlaryň arasynda el işleriniň owadan nusgalary we ýalpyldawuk keteniden taýýarlanan zatlar bar.

Muzeýiň zallaryndan çykanyňda, ata-babalarymyzyň ýaşaýşyny suratlandyrýan bu özboluşly görnüş daşary ýurtly myhmanlaryň aglabasynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Özboluşly obanyň her bir künjeginde halyçylaryň irginsiz, ýöne döredijilige mahsus şatlykly zähmeti, geçmişde haly dokamaga taýýarlyk görmegiň barşynda berjaý edilen işler yzygiderli görkezildi. Häzirki wagtda halyçy zenanlar haly dokalanda 500-den gowrak öwüşginli ýüplügi ulanýarlar hem-de şekilleri döretmegiň amallaryny ýatda saklaýarlar.

Aşgabadyň “Argaç” ýüň egriji fabrigi ýurdumyzyň halyçylyk kärhanalary üçin çig mal iberýän esasy kärhana bolup durýar. Bu ýede bir ýylda saryja tohumyna degişli goýunlaryň ýüňünden taýýarlanan ýokary hilli we reňklenen süýmüň 200 tonnasy işlenip taýýarlanýar. Ýeri gelende aýtsak, diňe Garagum çölüne mahsus şertlerde ösdürilip ýetişdirilýän bu goýunlaryň birnäçesi şu ýerdäki kiçeňräk agylda ýerleşdirilipdir.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň medeni-söwda ykdysady gatnaşyklar ýurdumyzda halyçylygy ösdürmekde, täsin galdyrýan el halylaryny wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň ýaly hyzmatdaşlyk Germaniýanyň (Emreli Traiding we Serzada Brouzer), Beýik Britaniýanyň (Kelati Limited International), şeýle hem Italiýanyň, Fransiýanyň, Gresiýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli ösdürilýär. Bu ýurtlaryň dokmaçylyk boýunça öz milli ýörelgeleri bar hem-de olarda türkmen halyçylarynyň nepis el işlerine ýokary baha berilýär, çünki şol el işleri ýokary hilliligi we owadanlyg bileg tapawutlanýar.

Sergidäki ýakymly täsir galdyrýan zatlar, baýramçylyga mahsus ýagdaý myhmanlara tutuş dünýäde meşhurlyga eýe bolan türkmen halyçylyk sungatynyň dürli ugurlaryny hem-de çeperçilik taýdan nepisligini synlamaga, milli ýörelgleriň gözbaşlary baradaky düşünjeleri artdyrmaga, türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti bilen has içgin tanyşmaga we onuň aýratynlyklaryna düşünmäge mümkinçilik döretdi.

Serginiň çäklerinde pudakda has tapawutlanan işgärleriň sylaglanmagyna bagyşlanan dabaralar boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, olara “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly at dakyldy hem-de hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabara “Aşgabat” kinokonsert merkeziniň sahnasynda türkmen sungat ussatlarynyň täsirli çykyşlary bilen jemlendi, bu ýere halyçylyga bagyşlanan sergä gatnaşanlaryň ählisi we myhmanlar çagyryldy.

Ýekşenbede – 25-nji maýda Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy giňden we dabaraly bellenildi. Bu şanly sene mynasybetli ähli şäherlerde we etraplarda baýramçylyk duşuşyklary, çeperçilik sergileri we bäsleşikler, konsertler we sahnalaşdyrylan tomaşalar guraldy.

Ata Watanymyzyň paýtagty – ak mermerli gözel şäher türkmen halysyna bagyşlanan esasy dabaralaryň geçirilen ýerine öwrüldi. Şol gün paýtagtymyzda umumymilli senenama boýunça ýene-de bir şanly baýram – Aşgabat şäheriniň güni şu ýylda ilkinji gezek bellenildi. Bu şanly wakalaryň ikisi bir uly baýramçylyga öwrüldi. Dünýäniň dürli künjeklerinden türkmen paýtagtyna gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar baýramçylyk dabaralaryny synladylar. Olaryň arasynda “Türkmeniň halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisine, şeýle hem şol gün “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIV mejlisine gatnaşyjylar hem bar.

Assosiasiýanyň hatarynda ylmyň dürli ugurlarynyň wekilleri, türkmen halysyny wagyz edýänler bar. Olaryň esasy maksady türkmen halkynyň beýik baýlygyny öwrenmekden we wagyz etmekden ybaratdyr, şol baýlyk bolsa milli senediň gymmatly ýadygärligini, halkymyzyň maddy genji-hazynasy we ruhubelentliginiň nyşany bolmak bilen çäklenmän, türkmen halkynyň öz taryhyny, onuň bütindünýä medeniýetiniň we siwilizasiýasynyň ösüşine ýetiren täsirini öwrenmekde egsilmez çeşme diýlip hasaplanýar.

Foruma gatnaşanlaryň çykyşlarynda türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny täzeden dikeltmek we baýlaşdyrmak, gadymy däp-dessurlary we gymmatlyklary aýawly saklamak we ösdürmek bilen bagly işe uly şahsy goşandyny goşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirildi.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan degerli goldaw berilmegi netijesinde, häzirki eýýamda el bilen haly dokamagyň gadymy sungaty göwnejaý dowam etdirilýär, bu günki gün halylaryň ajaýyp nusgalary Parižiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Nýu-Ýorkuň we dünýäniň beýleki şäherleriniň uly muzeýleriniň bezegine öwrüldi. Türkmen halysynyň milli muzeýi halylaryň ajaýyp nusgalarynyň genji-hazynasy bolup durýar, bu ýerde taryhy ähmiýetli we häziruki döwre degişli ajaýyp haly önümleriniň 8 müňe golaýy toplandy.

Bu özboluşly milli sungat bireýýäm ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden belli bolup, täze haly eserlerinde öz beýanyny tapýar, şunda döwrebap tehnologiýalar we täze çözgütler ulanylýar. Owganystanyň we Eýranyň haly öndürijileriniň milli muzeýde guralan sergä getiren ajaýyp halylary muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda türkmenistanlylaryň döredijilikli we joşgunly zähmeti bilen döredilen, olaryň çäksiz söýgüsi we aladasy bilen gurşalan türkmen paýtagty, Aşgabat şäheri dünýäniň iň owadan şäherlriniň biri hasaplanýar. Onuň milli öwüşginli ajaýyp binalary gözelligi bilen haýran galdyrýar. Şunda gadymy haly nagyşlarynyň – gölleriň gözelligi hem öz beýanyny tapýar.

Haly gölleri üznüksiz ösüşiň dowamly ýoluny geçip, halkymyzyň ruhy özboluşlylygynyň, gahrymançylykly taryhynyň we medeni däp-dessurlarynyň çeper beýany bolup, häzirki döwürde Türkmenistanyň jebisleşdiriji milli nyşanlarynyň birine öwrüldi. Türkmen halylaryndaky nagyşlar, göller halyçy zenanlaryň dünýäniň gözel keşbini synlamak arkaly öz zehinini siňdiren we täsin galdyrýan döredijilikli işinde suratlandyrylýar, bulary bitewi ruhy ýörelge hökmünde, türkmenleriň nusgawy sazynda, şygryýetde, şekillendiriş sungatynda, binagärlikde we beýleki ugurlarda görmek bolýar.

Tutuş dünýäde türkmen halysyna ylmy monografiýalaryň giňişleýin ýygyndysy bagyşlandy, taryhçylaryň, etnograflaryň, sungaty we Gündogary öwrenijileriň täze nesliniň işleri arkaly şol toplumyň üsti ýetirilip durulýar. Çykyşlarda türkmen halyçylygynyň gudratly güýjüniň henize çenli syrly sungat bolmagynda galýandygy hem-de has çuňňur we düýpli ylmy-barlaglaryň geçirilmegini talap edýändigi bellenildi.

“Türkmeniň halysy biziň günsaýyn ösýän ata Watanymyzyň gözellik nusgasydyr” atly halkara sergisine we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda geçirilen Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIV mejlisine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, türkmen döwletiniň Baştutanyna milli halyçylyk sungatyny ösdürmek we onuň şan-şöhratly ýörelgelerini baýlaşdyrmak barada içgin alada edýändigi hem-de şu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin oňaýly şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Halkara Kitap Forumy Açyldy

syrach

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy GDA-nyň Baş Binasynda Sergi Gurnady

turkmenhabargullugy

Iň Eýjejikleriň Bäsleşigi