8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen Hemrasy Älem Giňişliginde Bellenilen Nokada Baryp Ýetdi

Şu gün – 2015-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasy Aşgabat wagty bilen irden 7 sagat 10 minutda özüniň ýerleşmeli Älem giňişliginiň gündogar uzaklygynyň 52-nji nokadynda Ýer üstünden 36 müň km beýiklikde üstünlikli ýerleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilkinji türkmen emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy Türkmenistanyň senagatda, ylym-bilim ulgamynda belent sepgitlere ýetendigine şaýatlyk edýär, bu bolsa ýurdumyzy senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýän döwlete öwürmekde öňümizde duran wezipeleri üstünlikli çözmäge, şol sanda aragatnaşyk serişdelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge mümkinçilik berdi. 

Maý aýynyň 31-ine çenli möhletde meýilnama laýyklykda, “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk hemranyň teleradio aragatnaşyk tolkunlarynyň alnyp berlişi boýunça soňky synag-barlaglary geçiriler. Synag-barlaglardan soňra “TürkmenÄlem 520E” aragatnaşyk emeli hemrasy 2015-nji ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde potratçy – Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasy tarapyndan Türkmenistana tabşyrylar. 

Häzirki wagta çenli hemra tehniki talaplara laýyklykda işleýär we işler meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. 

Türkmen hemrasy orbita giňişligine çykandan we onuň hemra ulgamy doly derejede işe girizilenden soň, ýurdumyzyň hünärmenleriniň öňünde onuň hyzmatyndan mümkin boldugyça, doly peýdalanmak hem-de bu taslamanyň netijeli bolmagyny üpjün etmek wezipesi durýar. Bu maksatlar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi, onuň üstüne hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny üpjün etmek wezipesi ýüklenýär. 

Milli hemra türkmen teleradioýaýlymlaryny alyp görkezmek üçin ulanylar. Olaryň kuwwatlyklary standart görnüşindäki, şeýle hem ýokary çözüjilik ukyby teleýaýlymlaryň onlarçasyny görkezmäge mümkinçilik berýär. 

Häzirki wagtda munuň milli telewideniýäniň isleglerine artyk gelýändigi sebäpli, hemra ýaýlymlarynyň bir bölegini daşary ýurt kompaniýalaryna kärendesine berip bolar. “TürkmenÄlem 52oE” hemrasynyň uly çäkleri öz içine alýandygy sebäpli, Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň alyp eşitdiriji we alyp görkeziji ýaýlymlary üçin üstaşyr ýurt hökmünde çykyş edip biler. 

Hemranyň mümkinçilikleri ony tele we radioýaýlymlary efire çykarmak, biri-birinden uzak aralykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary alyşmak, giň zolakly internet hyzmatlaryny guramak, belli bir aralykdan okuw işini, lukmançylyk hyzmatyny guramak, şol sanda wideoşekilli dürli maslahatlary geçirmek, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşleri üçin peýdalanmaga şert döredýär. 

Ýurdumyzyň Ýewraziýa yklymynda möhüm maglumat-aragatnaşyk köprüsi hökmünde abraýynyň artmagynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän ýurdumyzyň döwrebap hemra aragatnaşyk ulgamy ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze ugurlarda intellektual kuwwaty ösdürmäge, ylmy taslamalary amala aşyrmaga ýardam eder, umuman alnanda, Türkmenistanyň innowasion taýdan ösmegine oňyn täsirini ýetirer. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Milli emeli hemramyzy älem giňişligine çykarmagymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzyň Ýewraziýa giňişliginde we bütin dünýäde hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik köprülerini gurup, häzirki zaman hojalyk aragatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen we Gazak Işewürliginiň Arasyndaky Gatnaşyklarynyň Ösdürilmegini Goldaýar

Birža Täzelikleri

syrach