Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimizi has-da ösdürmegiň möhüm wezipelerine hem-de döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Mejlisiň başlygy A.Nurberdiýewa söz berdi. Ol durmuş maksatly syýasaty amala aşyrmak boýunça ýerlerde deputatlaryň alyp barýan işleri barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz habary diňläp, täze döwrüň wakalaryny, türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ugruny netijeli amala aşyrmagy nazara amak bilen, ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk edarasynyň işini has-da kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, 7-nji ýanwarda Türkmenistanyň Mejlisiniň V çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçiriler, şol maslahatda Mejlisiň täze düzümi dörediler. Şeýle hem Mejlisiň ýolbaşçylary we komitetleriň başlyklary saýlanar. Mejlisiň täze düzümini döretmek bilen bagly mesele boýunça eýýäm köpsanly teklipler gelip gowuşdy. Şol teklipleriň hatarynda Mejlisiň komitetleriniň sanyny artdyrmak baradaky, olaryň öňünde durýan wezipeler bilen bagly teklipler, şeýle hem komitetleriň atlary bilen bagly teklipler bar. Türkmenistanyň Mejlisiniň düzüminde Ýaşlaryň işleri baradaky aýratyn bir komiteti döretmek hem teklip edildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýöne Ministrler Kabinetiniň düzüminde eýýäm ýörite bölüm Ýaşlar syýasaty bölümi döredildi. Şoňa görä-de, parlamentiň düzüminde Ýaşlar syýasaty baradaky aýratyn komiteti döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy baradaky meselä geljekde serediler.
Dürli ýurtlaryň parlamentleriniň bu ugurda bar bolan we dünýäniň köp döwletlerinde toplanan tejribe milli parlamentiň komitetlerini ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlaryna görä döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde, şeýle hem oba ýerlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, Mejlisiň düzüminde Ykdysady meseleler baradaky komiteti hem-de Durmuş syýasaty baradaky aýratyn komiteti döretmek boýunça berlen teklipleri goldamak maksadalaýyk bolar. Milli Liderimiz şeýle hem Ýerli öz-özüňi dolandyryş baradaky aýratyn komiteti döretmegiň zerurdygyny belledi. Sebäbi häzirki döwürde ýurdumyzda döwlet dolandyryşynyň etraplaryň derejesindäki we ondan aşakdaky edaralarynyň işini düýpli kämilleşdirmek zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň komitetleriniň sanyny 8-e çenli artdyrmak baradaky teklip bilen hem ylalaşdy. Bu täze kanunçylyk namalaryna daýanyp, ýurdumyzda özgertmeleri işjeň alyp barmaga ýardam berer diýip, milli Liderimiz belledi.
Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew 2013-nji ýylyň jemleri boýunça hökümetiň giňişleýin mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilip geçilişi ýaly, şu maksatlar bilen pudagara iş toparlary tarapyndan welaýatlarda we Aşgabat şäherinde ministrlikler, pudak edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiet edaralary tarapyndan milli maksatnamalaryň, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan görkezmeleriniň we wezipeleriniň ýerine ýetirilişi seljerildi.
Şeýle-de wise-premýer bank düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda halkara töleg ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hakynda hasabat berdi. Häzirki wagtda hasaplaşyklaryň beýleki iri dünýä ulgamyny, ýagny, 210 ýurtdan maliýe guramalarynyň 22 müňe golaýyny birleşdirýän MasterСard ulgamyny ornaşdyrmak boýunça deslapky iş geçirildi. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň raýatlary üçin hem, myhmanlar üçin hem hasaplaşyklary we tölegleri, elektron bank hyzmatlaryny göwnejaý guramaga mümkinçilik berer. Munuň özi Türkmenistanyň bank edaralary tarapyndan degişli tejribäni toplamaga hem mümkinçilik berer, şol tejribä bolan isleg 2017-nji ýylda Aşgabatda V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini nazara almak bilen has artar.
Häzirki zaman töleg ulgamlarynyň bazar ykdysadyýetiniň maliýe düzümleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemek bilen hormatly Prezidentimiz häzirki şertlerde halkara töleg ulgamlaryny, şol sanda nagt däl hasaplaşyk ulgamlaryny ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz bank hyzmatlarynyň ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi tabşyrmak bilen, bu ugruň Türkmenistanyň giň möçberli ykdysady we söwda gatnaşyklaryna goşulyşmagy, şeýle hem aragatnaşyklary ösdürmek üçin we beýleki ulgamlarda amatly şertleri döretmek üçin möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny belledi. Bu barada söz açyp, hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda maliýe we bank düzümleriniň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň meseleleri, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň dekabrda Kiýew şäherinde geçirilen mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geçen ýylyň 20-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işleriniň netijelerini jemledi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçihanalary we konsullyklary 2014-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge girişdiler. Şolaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň daşary ýurt saparlaryny hem-de daşary döwletleriň liderleriniň ýurdumyza saparlaryny taýýarlamak işleri bar.
2014-nji ýylda Türkmenistanda abraýly halkara guramalary bilen bilelikde wekilçilikli çäreleriň birnäçesini geçirmek bellenildi. Şol çäreler energetika howpsuzlygy, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ýaragsyzlanmak hem-de bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meseleleri babatda milli Liderimiziň başlangyçlaryny amala aşyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlygynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy Türkmenistanyň hem-de hyzmatdaş ýurtlaryň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmaga, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan döwrebaplaşdyrmak işlerine dünýäniň ylmy-tehniki we önümçilik tejrbesini çekmäge ýardam edýär diýip belledi.
Türkmenistanyň geljekde hem netijeli halkara gatnaşyklaryny giňeldip, onuň mazmunyny täze maksatlar we ugurlar bilen baýlaşdyrmagy maksat edinýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz öňde boljak wekilçilikli duşuşyklaryň we halkara maslahatlarynyň mazmunyny ykjam işläp düzmegi hem-de diplomatik we daşary syýasy çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra öz garamagyndaky pudaklardaky işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew hasabat berdi. Wisepremýer gurluşyk we energetika toplumlaryny ösdürmegiň meýilnamalaryny taýýarlamagyň barşy hem-de döwlet Baştutanymyzyň Täze ýyl baýramçylygy günlerinde degişli gulluklaryň işlerini guramak babatda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmagyň möhümdigini belledi. Alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda gurulýan awtomobil ýollaryny hem-de beýleki durmuş-ykdysady maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Hususan-da, oba hojalyk toplumynyň ministrlikleri we edaralary tarapyndan önüm öndürmek we eksporta ibermek, maýa goýumlary özleşdirmek barada habar aýdyldy. Wise-premýer şeýle hem pudaklary we sebitleri ösdürmegiň meýilnamalarynyň işlenip taýýarlanyşy hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, gowaça ekişine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, pudagyň düşewüntliligini has-da ýokarlandyrmaga, senagat düzümini döwrebaplaşdyrmaga, ýokary hilli önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň bäsdeşlige ukyply obahojalyk senagatyny döretmegiň zerur şerti bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iş ýüzünde öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, azyk ulgamynyň önümçilik düzümlerini has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň wajypdygyny belledi.
Milli Liderimiz bereketli hasylyň binýady tutulýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ählisiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki çärelere doly laýyk gelmegini üpjün etmek barada degişli tabşyryk berdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň ägirt uly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, nebiti we tebigy gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, maýa goýumlaryny özleşdirmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Bellenip geçilişi ýaly, geçen ýylda ýangyç-energetika toplumy boýunça önümçilik hem-de durmuş maksatly desgalaryň 57-si ulanmaga berildi. Uly möçberli düzümleýin taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Galkynyş gaz känini senagat taýdan gurnamagyň birinji nobatdakysynyň çäklerinde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça iri zawodlar toplumy açyldy.
Gündogar-Günbatar baş gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär. Ýurdumyzda polietilen, polipropilen, kükürt kislotasyny we beýleki senagat önümlerini öndürmek boýunça täze zawodlary gurmagyň taslamalarynyň üstünde işlenilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmagyň, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmagyň esasynda ýangyç-energetika toplumynyň senagat kuwwatyny berkitmegi we artdyrmagy, pudaklaýyn düzümleri döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýän şol toplumy ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň gyşarnyksyz durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere nebitgaz ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalary durmuşa geçirmäge degişli tabşyryklary berdi.
Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, görülýän toplumlaýyn çäreler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda önümçilik düzümi giňelýär, öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyryýlar, dokma we himiýa pudaklarynda, gurluşyk materiallary önümçiliginde çykarylýan önümleriň möçberleri artýar. Şeýle hem wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagaty ösdürmek, innowasion esasda senagat pudaklaryny berkitmek we giňeltmek baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilmeginiň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we eksporta ugradylýan önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Pudagyň ägirt uly eksport kuwwatynyň kaliý dökünleriniň önümçiliginde jemlenendigine ünsi çekmek bilen, milli Liderimiz strategik taýdan ähmiýetli, Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin möhüm bolan ugry netijeli ösdürmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji P.Taganow 2014-nji ýylda ýurdumyzda daşary ýurt önümleriniň sergilerini geçirmek boýunça teklipleri hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, her ýylky ykdysady sergiler önümçiligiň hem-de tehnologiýalaryň örän dürli ugurlarynda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçiligi berýär diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň serişdelerini we üstünliklerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmegi maksat edinýändigini belledi. Milli Liderimiz sergileri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ähli çäreleri görmek barada wise-premýere görkezme berdi.
Soňra hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi, ol gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler hakynda hasabat berdi. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna degişli ministrliklerde hem-de pudak edaralarynda 2013-nji ýylda geçirilen işleriň jemleri jemlenildi hem-de 2014-nji ýyl üçin iş meýilnamalary, şol döwürde ulanmaga bermek meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ileri tutulýan ugurlarda milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etmek bilen, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän ulgamlaryna degişli desgalaryň gurluşygy hakyndaky meseläni gozgap, desgalaryň gurluşygynyň barşyny we üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, olary degişli hünär baýramçylyklaryna gabatlap ulanmaga bermegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde terbiýeçilik işi ýaly möhüm meselä hem ünsi çekip, bilim ulgamynda jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak, ýaşlaryň arasynda halkymyzyň ruhy-ahlak we medeni mirasyny, sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek arkaly bu wajyp işiň örän jogapkärçilikli we oýlanyşykly çemeleşmegi talap edýändigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowanyň hasabatynda ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreleriň hem-de medeni-durmuş maksatly desgalary açyp, ulanmaga bermäge görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.
Şeýlelikde, ýylyň ilkinji aýynda Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly umumy şygar astynda sportyň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň we görkezme çykyşlarynyň, şeýle hem bilim ulgamynyň edaralarynda usuly we amaly okuwlaryň, sergileriň we maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilendir.
8-nji ýanwarda Türkmen döwlet gurjak teatrynda döredijilik zehinli çagalara we çagalar döredijilik toparlaryna Gulbaba adyndaky çagalar baýragyny gowşurmak dabarasy bolar. Milli senenamamyzyň şöhratly seneleri mynasybetli dürli çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Ýanwarda durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralar geçiriler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynda işleri has-da işjeňleşdirmegiň, täze zehinleri gözlemegi giňeltmegiň möhümdigini nygtady. Döredijilik bäsleşikleri zehinli adamlar üçin, ilkinji nobatda bolsa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen medeniýetini döretmäge öz mynasyp goşandyny goşmaga hyzmat etjek ýaşlar üçin ussatlygyň belentliklerine ýetmäge özboluşly badalga bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli telewideniýäniň işlerini has-da kämilleşdirmek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz ýokary hilli we mazmunly telegepleşikleri taýýarlamak nukdaýnazaryndan döredijilik we hünär ussatlygyna ünsi güýçlendirmegi talap etdi.
Soňra gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda işleriň barşy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow çykyş etdi. Wise-premýer garamagyndaky pudaklaryň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işler hakynda hem habar berdi.
Mundan başga hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde degişli ýolbaşçylara Täze ýyl baýramçylygyna hemmetaraplaýyn guramaçylykly taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleriň berlendigi, baýramçylyk günlerinde ulaglaryň ähli görnüşleriniň bökdençsiz işiniň üpjün edilendigi barada hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ulag we aragatnaşyk düzümleriniň ýokary tehnologiki ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň hem-de üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz şerti bolup durýandygyny bellemek bilen, bu pudaklary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň hem-de olara öňdebaryjy tehnikalary, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden çekmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini artdyrmagy, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokarlandyrmagy ýurdumyzyň ulag toplumynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere häzirki zaman ulag düzümini ösdürmek barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetiň agzalaryna ýüzlenip, geçen ýyl ýurdumyz üçin halkara derejesinde hem, döwletimiziň içerki durmuşynda hem guwandyryjy, ajaýyp wakalara örän baý ýyllaryň biri boldy diýip belledi. 2013-nji ýylda biz öz öňümizde goýan wezipelerimiziň köpüsini amala aşyrdyk diýip, milli Liderimiz aýtdy. Biziň alyp barýan bitaraplyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatymyz häzirki döwürde mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin öz oňat netijelerini berýär. Bu netijeler bolsa, bilelikdäki iri halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekde aýdyň görünýär. Halkara taslamalarynyň amala aşyrylmagy döwletimize uly girdejileri getirýär. Biz bu girdejileri durmuş syýasatymyzy amala aşyrmaga gönükdirýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz berlen hasabatlary jemlemek bilen, bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisine düýpli taýýarlyk görmegi, gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň 2014-nji ýylda öňünde duran wezipeleriň üstünde ýene-de bir gezek işlemegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň beýleki käbir möhüm meselelerine hem garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.