Horwatiýa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu medeni çäre ýurtlaryň arasyndaky ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň dowamy bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň aprel aýynda Horwatiýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet sapary döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi.Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň Baştutanlary pugta we uzakmöhletleýin döwletara gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy üçin möhüm serişde hökmünde halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetini ykrar edip, medeni alyş-çalşy berkitmegi ylalaşdylar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Horwatiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek baradaky gol çekilen Ähtnama taraplaryň meýillerini berkitdi.
Horwatiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmek üçin düzüminde döredijilik toparlary, medeniýet we sungat ussatlary, meşhur aýdymçylar we sazandalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri bolan wekiliýet geldi. Zagrebde Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň hem täsin toplumy görkeziler. Ol Horwatiýa Respublikasynyň giň jemgyýetçiligine dünýä siwilizasiýasynyň hazynasyna giren türkmen halkynyň milli taryhy we medeni mirasyny tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Zagrebe baran türkmen wekiliýeti ýurduň Medeniýet ministrliginde kabul edildi. Şonda horwat tarapy Horwatiýanyň jemgyýetçiliginiň türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we taryhy mirasy bilen tanyşyp biljek bu döredijilik çäresini geçirmek mümkinçiliginiň döredilendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüljekdigi barada bir pikir aýdyldy.
Zagrebiň 1987-nji ýylda esaslandyrylan Mimara muzeýinde Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde ýygnalan nakgaşçylygyň hem-de taryhy tapyndylaryň toplumlary dünýä derejesinde örän gymmatly ýygyndy bolup durýar. Bu ýerde niderland we nemes suratkeşleriniň, flamand we ispan ussat nakgaşçylarynyň çeken suratlary, fransuz we iňlis nakgaşçylarynyň eserleri görkezilipdir. Mundan başga-da, heýkeltaraşlygyň ajaýyp eserleri hem-de gadymy Müsüre, Mesopotamiýa, Hindistana, Eýrana degişli taryhy gymmatlyklar bu ýere gelýänleriň ünsüni çekýär. Muzeýde seýrek neşirleriň baý kitaphanasy toplanypdyr. Türkmenistanyň muzeý gymmatlyklarynyň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, birnäçe günüň dowamynda dünýäniň medeni eserleriniň ýüzüginiň täsin göwher gaşyna öwrüler.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşyndan soň uly baýramçylyk konserti boldy. Ýurdumyzyň sungat ussatlary dünýä we milli saz medeniýetiniň eserlerinden ajaýyp çykyşlary ýerine ýetirdiler. Horwat tomaşaçylary halk döredijilik, şol sanda türkmen bagşylarynyň çykyşlaryny aýratyn gyzyklanma bilen kaýbl etdiler. Ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyna tomaşaçylar el çarpyşmalar bilen baha berdiler.
Türkmenistanyň Horwatiýada Medeniýet günleri 29-njy maýa çenli dowam eder.