Sinhaý welaýatynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna, Aziada-2017-ä hem-de ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan türkmen-hytaý dostluk we hyzmatdaşlyk maslahaty öz işini tamamlady. Onuň çäklerinde welaýatyň dolandyryş merkezi Sinin şäherinde sergi we sport festiwaly guraldy, Türkmenistanyň söwda merkezi açyldy.
28-nji sentýabrda türkmen wekiliýeti Sinhaý welaýatynyň Sýunhua-Salar awtonom uýezdine baryp gördüler. Bu çäk bu ýerde ýüzlerçe ýyl mundan öň ene topragyny terk edip, ýerli jülgelerde mesgen tutunyp, öz dogduk depelerine bolan küýsegi asyrlar çekip gelen ildeşlerimiziň ýaşaýandygy bilen bellärliklidir. Sýunhua-Salar awtonom uýezdiniň wekilleri Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ençeme daşary döwletlerden ildeşlerimizi bir ýere jemläp, ýurdumyzda geçirýän çärelerine gatnaşýarlar.
Uýezdiň ýolbaşçysy Han Sinbiniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň wekiliýetiniň sapary bu taryhy gatnaşyklary, medeni mirasy öwrenmek we artdyrmak babatda gatnaşyklary berkitmek üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Sebitiň häkimliginde geçirilen duşuşykda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň çäklerinde özara gatnaşyklary berkitmek meseleleri, taryhçy alymlaryň we etnograflaryň ylmy barlag işleri, uýezdiň türkmen paýtagtynda guralýan sergilere gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşan Haýdun şäheriniň häkiminiň orunbasary Ýuan Bonyň belleýşi ýaly, türkmen wekiliýetiniň sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, Türkmenistanyň we Hytaýyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmegi bilen aýratyn möhüm bolup durýar.
Saparyň barşynda türkmen wekiliýeti uýezdiň muzeýine baryp gördi. Onda bu topragyň taryhy, onuň ýaşaýjylarynyň däp-dessurlary hakynda gürrüň berilýär. Şeýle hem wekiliýet şekillendiriş sungaty muzeýine baryp gördi. Bu ýerde kaşemirden we tebigy daşdan özboluşly tehnikada ýerine ýetirilen suratlar jemlenipdir.
Sýunhua okuw mekdebiniň durky täzelenenden soň açylan futbol meýdançasynda dowam edýän sport festiwalynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň we uýezdiň toparlarynyň ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi.
Şu gün Dostluk we hyzmatdaşlyk forumy Sininde ýerleşen Sinhaý welaýatynyň Milletler uniwersitetinde dabaraly çäre bilen tamamlandy. Ol şäher we welaýat häkimlikleriniň wekillerini, uniwersitetiň ýolbaşçylaryny, onuň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Uniwersitete Türkmenistanyň medeni mirasy we häzirki döwri hakynda gürrüň berýän neşirler sowgat berildi. Olar ýokary okuw mekdebiň kitaphanasynyň gaznasynyň üstüni ýetirer. Sport festiwalynyň oýunlaryna işjeň gatnaşanlar gymmatly sowgatlar bilen sylaglandy.
Dabaraly çärä gatnaşyjylar türkmen-hytaý forumynyň medeniýet, sport, bilim, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda iki döwletiň hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly goşant goşandygyny bellediler. Geçirilen çäreler welaýatyň we şäheriň ýaşaýjylarynda uly seslenme döretdi, muňa bolsa forumyň wakalaryny şöhlelendiren ýerli habar beriş serişdeleriniň gyzyklanmasy hem ýardam etdi.