8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmen-Italýan Işewürler Maslahatyna Taýýarlyk

2015-nji ýylyň 17-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň mejlisinde, ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem 23-nji aprelde Aşgabat şäherinde geçiriljek türkmen-italýan işewürler maslahatyna görülýän taýýarlyk hakynda hasabat berdi. Maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge täze çözgütler we çemeleşmeler işlenip taýýarlanylar.

Duşuşyga gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasyndan iri wekiliýet topary Türkmenistana geler. Duşuşygyň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň minstrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ykdysady mümkinçilikleriniň ýokarydygyny belläp, göni işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň we haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam edýän şunuň ýaly duşuşyklaryň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli guralydygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz işewür çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe tabşyryklary berip, möhüm ugurlar boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişii bilen baglanyşykly meseleleriň we täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň mümkinçilikleriniň nazarda tutulmalydygyna ünsi çekdi.  Milli Liderimiz maslahatyň işi iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini gowulandyrmalydygyny hem-de  maýa goýum taslamalarynyň paýyny artdyrmalydygyny we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna ýardam bermelidigini belledi. 

Degişli makalalar

Merkezi Aziýa-Hytaý Gaz Geçirijisi Boýunça 304,6 Mlrd Kub Metr «Mawy Ýangyç» Iberildi

Nebit Gymmatlaýar

Nebit Promyseliniň Ýanynda Ýod Önümçiligi