Kikboksing boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Italiýanyň Rimini şäherinde geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşdan dolanyp geldi. Bu ýaryşda olar medallaryň dokusyzyny – altyn, kümüş we bürünç medallaryň hersinden üçüsini gazanyp, nobatdaky gezek ýokary netijä eýe boldular.
Hormatly baýrak ugrunda 30-dan gowrak ýurtdan – Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Awstriýadan, Polşadan, Finlýandiýadan, Wengriýadan we beýlekilerden 1800-e golaý türgen bäsleşdi. Ildeşlerimiz bu başa-baş söweşiň iki görnüşinde – “lou-kik” (aýaklaryň bilen bedeniň aşak bölegine urmak) hem-de “full-kontakt” (doly galtaşyk) boýunça çykyş etdiler.
Türkmen toparynyň düzüminde Pygy Sylabow, Hudaýguly Kömekow hem-de Muhammed Altybaýew hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Agamyrat Amangeldiýew, şeýle hem doganlar Şameret we Şöhrat Hallyýewler kümüş medal gazandylar, üçünji orna Mekan Amanow, Şöhrat Ýagmyrow hem-de Ramin Kasymow mynasyp boldular.
Kikboksing boýunça halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň hersinde diýen ýaly türkmen türgenleriniň dürli derejedäki köpsanly medallary gazanýanlygy örän guwançlydyr. Şu ýyl Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň şägirtleri Italiýada geçen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşdan başga-da, ýene-de ýaryşlaryň ikisinde – Latwiýanyň paýtagty Rigada hem-de Türkiýäniň Antaliýa şäherinde tapawutlandy. Olarda jemi 13 medal – 8 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Indi bolsa bu baýraklaryň üstüne ýene-de dokuz medal goşuldy. Munuň özi kikboksing boýunça türkmen mekdebiniň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklaýar. Bu ýagdaý begendirmän bilmez, çünki indiki ýyl ýurdumyzda başa-baş söweşiň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar üçin esasy sport synagy – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary garaşýar.
Kikboksing boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň gürrüň berşi ýaly, indiki aýda Türkmenistanyň ýygyndysyna göçme okuw-türgenleşik ýygnanyşygy garaşýar. Sentýabrda bolsa Inçhonda başa-baş söweşiň dürli görnüşleriniň – kýokusinkaýyň, karateniň, kung-funyň hem-de taý boksynyň urgy tilsimlerini özünde jemleýän kikboksingiň ýapon görnüşi bolan “K-1” görnüşinde halkara ýaryşy geçiriler.