Seulda şu gün “tegelek stoluň başynda” duşuşyk geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary hem-de Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu duşuşygyň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet saparyna gabat gelmegi türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ýakyn we uzak möhletli geljege niýetlenen esasy ugurlaryny anyklaşdyrmaga gönükdirilen işewür duşuşyga aýratyn dereje berýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň çäklerinde düýn Seulda ýokary derejede gepleşikler geçirildi.
Häzirki işewür duşuşygyna koreýaly gatnaşyjylaryň arasynda “LG International Corp.”, “Hyundai Engineering Co.,Ltd”, “Dongil Construction”, “DAEWOO INTERNATIONAL CORPORATION”, “GC Engineering”, “Halla Corporation”, “Korea Health Industrial Development”, “Hyundai Corporation”, “Hundai Motor Company”, “LX Korea kadastrol terik Corporation”, “KITA” we beýlekiler ýaly bütin dünýä meşhur kompaniýalaryň wekilleri bar.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Baştutanynyň häzirki döwlet saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga itergi berendigini kanagatlanma bilen nygtadylar. Muňa soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy boýunça görkezijiniň 10 esse ýokarlanmagy hem aýdyň mysal bolup durýar.
Ýurdumyzda koreý işewür düzümleriniň işleriniň işjeňleşmegi hem iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär. Birnäçe ýyllaryň dowamynda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalary milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, gurluşyk we ulag pudaklarynda üstünlikli işleýär. Şonuň bilen birlikde, hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiligi heniz doly möçberde peýdalanylmaýar. Türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary depginleri, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi bularyň hemmesi Koreýanyň işewür toparlary üçin türkmen bazaryny özüne çekiji derejä ýetirýär.
Türkmenistanyň baý uglewodorod we beýleki tebigy serişdeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. Häzir ýurdumyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysadyýeti doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge, durmuş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Durmuşyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler strategiýasyny amala aşyryp, türkmen döwleti öňdebaryjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga hem-de iň oňat dünýä tejribesini çekmäge uly ähmiýet berýär.
Şu babatda, hususan-da, nebitgaz, dokma senagatynda, elektroenergetikada we beýleki pudaklarda ýerli çig maly gaýtadan işlemäge esaslanan ýokary tehnologik önümçilikleri döretmek ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Medeni-gumanitar özara gatnaşyklara, hususan-da, ylym, bilim, IT-tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi barada aýdyp, häzir ähli şertleriň, iň esasy bolsa taraplaryň bu hyzmatdaşlygyň özara bähbitlerde ägirt uly mümkinçiligi durmuşa geçirmek üçin hoşniýetli erkiniň bardygyny nygtadylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He bilen düýn geçirilen gepleşikleriniň ýokary derejede netijeli bolandygy aýdyldy. Şol gepleşikleriň netijeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm resminamalaryň toplumyna gol çekildi.
Şunuň bilen baglylykda, gol çekilen ylalaşyklary hem-de bilelikdäki taslamalary, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze enjamlary, gazy gaýtadan işleýän zawodlary gurmaga, şeýle hem metallurgiýa senagatynda, lukmançylykda we beýleki pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady ulgamda özara hereketleri giňeltmegiň wajypdygyny belläp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we olaryň görnüşlerini giňeltmek babatda pikirlerini aýtdylar. Şu babatda özara söwdada kiçi we orta telekeçiligi işjeň höweslendirmegiň zerurdygy nygtaldy. Yzygiderli esasda geçirilýän halkara sergiler, ýarmarkalar, maslahatlar we beýlekiler hem şuňa ýardam etmelidir.
Dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ekologiýa, gurluşyk, bilim, ulag, aragatnaşyk, energiýanyň alternatiw çeşmelerini iş ýüzünde peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Koreýaly hyzmatdaşlar birnäçe anyk tekliplerini aýdyp, milli we sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge, türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga goşant goşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Koreýa Respublikasynyň ýokary derejeli işewürliginiň wekilleri bildirilen ynam, geljegi uly türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilen amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip gazanylan ylalaşyklaryň eýýäm ýakyn wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanjakdygyna hem-de özara bähbitli, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.