Iki sany bürünç we dört sany höweslendiriji baýrak-tebygy ylymlar ugrundan ylmy taslamalar boýunça I Halkara olimpiadasynda türkmen okuwçylarynyň gazanan netijeleri boldy. Indoneziýanyň paýtagty Jakartada bolan bu halkara maslahatyna ýigrimiden gowrak ýurtdan 13-18 ýaş aralygynda bolan ýaşlaryny 90 sany toparda jemledi.
Biziň ýurdumyzdan aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep internatynyň, paýtagtymyzyň 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň we Turgut Ozal adyndaky türkmen-türk mekdebiniň okuwçylary wekilçilik etdiler.
Hususan-da, türkmen ýaşlary tarapyndan arynyň awysyny almaklyk boýunça ýörite enjama aýratyn üns berildi. Bu enjam lukmançylyk senagatynda şeýle-de rezwuarlarda saklanylýan nebit önümleriniň bugarmaklyk arkaly möçberiniň azalmagyna garşy netijeli ulanylyp bilner . Biziň ýaş watandaşlarymyz ekologiki taýdan arassa , berkligi bilen tapawutlaýan , hek daşyndan we gowaçanyň çybyklaryndan alynyp , agramy babatynda gaty ýeňil gurluşyk materiallaryna, lýuminessent çyralaryň ýaramaz täsirini aýyrmak bilen ekologiki deňagramylygy saklamaklyga we birnäçe bagyşlanan tanyşdyş dabaralaryny geçirdiler.