9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmen-Pakistan Hyzmatdaşlygynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Kesgitlenildi

Türkmen-Pakistan Hyzmatdaşlygynyň Ileri Tutulýan Ugurlary Kesgitlenildi

Aşgabatda türkmen paýtagtynda Hökümetara türkmen-pakistan toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Pakistan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti Aşgabada geldi.

Işjeň ýagdaýda geçen mejlisiň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki ýagdaýlary hem-de geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar we giň möçberli döwletara gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Toparyň başlyklary hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigine kanagatlanma bildirip, şu günki duşuşygyň ykdysady, söwda, ylmy-tehniki, ynsanperwer ulgamlarda köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşygyň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, hökümetara türkmen-pakistan toparynyň şundan ozalky mejlisiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek meseleleri girizildi.

Mejlise gatnaşyjylar geçen döwürde esasy ugurlaryň birnäçesi boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşendigini belläp, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny bellediler.

Pakistanyň wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň işlemegi üçin amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça söwda ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar.

Duşuşykda ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak boýunça iri halkara taslamalary durmuşa geçirmek işinde Pakistany strategiki hyzmatdaş hasaplaýar.

Aşgabat we Yslamabat Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň giň möçberli strategiki taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga çalyşýarlar. Bu turbageçiriji türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa sebitiniň iri ýurtlaryna uzakmöhletli iberilmegini üpjün eder.

Taraplar şeýle hem täze halkara ulag-kommunikasiýa geçelgelerini döretmek hem-de türkmen elektrik energiýasyny Pakistana ibermek boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar ynsanperwer ugur boýunça, hususan-da, medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Pakistan tarapy Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek günlerinde Aşgabada gelip görmek baradaky çakylygy kabul etdi.

Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň işi tamamlanandan soň, jemleýji teswirnama gol çekildi. Mejlise gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belläp, bu resminamanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerini has-da giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açjakdygyny nygtadylar.

Degişli makalalar

Daşoguzly ýaşlar üçin sagaldyş öýi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat