Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranda eşidiş taýdan kemisli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça dünýä çempionatyna badalga berildi. Onda 15-17 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Baýram Çaryýew altyn medala mynasyp boldy.
10-njy maýa çenli dowam etjek bu ýaryşa dünýäniň 22 ýurdundan ýüzlerçe türgen gatnaşýar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi N. Şafiýewden tälim alýan türkmen türgeni ýarym final tutluşygynda russiýaly türgenden üstün çykdy, aýgytlaýjy tutluşykda bolsa ýerli toparyň wekilini ynamly ýeňmegi başardy.
Çempionatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň Milli paralimpiýa komitetiniň ýygyndysy Tähranda okuw-türgenleşik geçip, eýranly pälwanlar bilen bilelikde ussatlyk derejelerini kämilleşdirdiler. Dünýä birinjiligi ugrundaky ýaryşyň tamamlanmagyna ýene ýedi gün bar. Türkmenistanly türgenleriň öňünde ulularyň arasynda baýrakly orunlar ugrunda bäsleşikler bar.