Naberežnyýe Çelny şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen nusgawy guşakly göreş boýunça XIV dünýä çempionatynyň hem-de göreş boýunça III dünýä çempionatynyň barşynda türkmen pälwanlary medallaryň 36-syny gazandylar. Ikinji göreş nusgasy boýunça ýaryşlarda biziň watandaşlarymyz umumy toparlaýyn bäsleşiklerde birinji orny eýeläp, altyn medallaryň 12-sine, kümüş medallaryň 9-syna we bürünç medallaryň 3-sine mynasyp boldular.
Tatarystan Respublikasyna dünýäniň 40 golaý ýurdundan türgenleriň 250-den gowragy ýygnandylar. Ýaryşyň öň ýanynda russiýaly hünärmenler türkmen pälwanlarynyň ýer eýeleriniň esasy bäsdeşleri boljakdygy barada çaklamalaryny aýtdylar. Bu şeýle hem boldy. Ol diňe türkmen göreşi boýunça däl-de, eýsem, guşakly göreş boýunça hem (erkin göreş) şeýle boldy. Şonda türkmenistanlylar 3 sany altyn, 6 sany kümüş we 1 sany bürünç medallaryny gazandylar.
Zuhra Madraimowa (58 kilograma çenli agram derejesinde) we Nasiba Surkiýewa ýaryşlaryň “gahrymanlary” bolup, her haýsy altyn medallaryň ikisini gazanmagy başardylar. Şeýle hem Laçyn Badaglyýewa (52 kilograma çenli) we Gülnar Haýytbaýewa (66 kilograma çenli) 2 medaldan (altyn we kümüş) aldylar. Maksuda Egemberdiýewa (76 kilogramdan ýokary) bolsa iki gezek hormat münberiniň 3-nji basgançagyna çykmagy başardy.
Göreş boýunça ýaryşlarda jemleýji tutluşyklaryň köpüsinde türkmen pälwanlary bäsleşdiler. Mysal üçin, 1-nji we 2-nji orunlary öz aralarynda degişlilikde, Allanur Goçow we Şatlyk Myradow (57 kilograma çenli), Toýlymyrat Durdymyradow we Begenç Ýagmyrow (68 kilograma çenli), Jangeldi Medow we Ýagşymyrat Annamyradow (75 kilograma çenli), Hanmuhammet Patdyýew we Toýlymyrat Aýazow (82 kilograma çenli), Arslan Ybragimgulyýew we Murgapgeldi Atdaýew (90 kilograma çenli), Seýdi Batyrow we Kerim Gurbanow (100 kilograma çenli), Annamyrat Myradow we Myrat Jumaýew (100 kilogramdan ýokary) paýlaşdylar.
62 kilograma çenli agram derejesinde nobatdaky ýeňşi gazanan Tirkişgeldi Aýazow göreş boýunça dünýäniň 3 gezek çempiony boldy. Türkmenistanlylar ýene-de bir altyn medaly nusgawy görnüşdäki guşakly göreş boýunça bäsleşiklerde gazandylar. Bu göreşiň düzgünleri boýunça aýaklar bilen badak salmak gadagandyr. Şunda Medet Hallygurbanow (68 kilograma çenli) tapawutlandy.
Ussat taekwondoçylaryň bäş medaly
Tailandyň paýtagty Bangkok şäherinde WTF taekwondo görnüşi boýunça iri halkara ýaryşy geçirildi. Oňa 12 ýurtdan—Hytaýdan, Hindistandan, Nepaldan, Malaýziýadan, Şri-Lankadan, Wýetnamdan, Omandan, Taýpeýden we beýlekilerden 300-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysy bäş medal—dört kümüş we bir bürünç medal gazanyp, ýokary netije görkezdi.
Muhammet Rozyýew (59 kilograma çenli), Aleksandr Kuwarzin (63 kilograma çenli), Serdar Çaryýew (68 kilograma çenli) we Rzaguly Toýmyradow (73 kilograma çenli) özleriniň jemleýji tapgyra çykmagyna ýol açdylar. Aýlar Gurbanowa (53 kilograma çenli) hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Türkmen ştangaçysy – wise-çempion
Malaýziýanyň Penang şäherinde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä ýaryşy geçirildi. Oňa gatnaşmaga 76 ýurtdan 350-den gowrak türgenler ýygnandylar. Şol sanda bu ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysy gatnaşdy. Onuň düzüminde Azat Serdarow (94 kilograma çenli agram derejeli) kümüş medal gazandy. Ildeşimiz agyrlygy birden galdyrmakda 149 kilogramy, itip galdyrmakda 181 kilogramy galdyrmak bilen, olaryň netijeleri boýunça jemi 330 kilogramy götermäge hötde geldi.
Sportuň ýokarda agzalan görnüşleriniň ählisi geljek ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýär. Şoňa görä-de, türkmenistanlylaryň çykyşlaryna yklym derejesindäki toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyry hökmünde baha berip bolar.
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas Assambleýasynda Aziada-2017-niň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň wekilleri Indoneziýada, Bali adasynda geçirilen Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) 53-nji Bas Assambleýasyna gatnaşdy.
Bu iş sapary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň habar beriş hem-de sport žurnalistikasy ulgamynda daşary ýurt tejribesini öwrenmek, “Aziada”-2017-ni wagyz etmek ugrunda mahabat-maglumat işlerini giňeltmek hem-de bu ugur boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça öňde goýan wezipelerini çözmek maksady bilen geçirildi.
ABU guramasyna agza bolan teleradiogepleşikler kompaniýalarynyň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekillerini bir ýere jemlän forum “Geljek üçin media” diýen şygar astynda geçdi hem-de geljek ýyl Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary onuň esasy meseleleriniň biri boldy.
Hususan-da, ABU-nyň dürli toparlarynyň we komissiýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanda Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşiniň ýokary derejesi bellenildi. Gurama agza bolan teleýaýlymlar kompaniýalarynyň birnäçesiniň Aşgabatdaky oýunlaryň ýaryşlaryny göni ýaýlymda görkezmäge taýýardygy hem-de bu babatda beýleki teklipler beýan edildi.
Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşy bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar oýunlaryň habar beriş serişdelerinde beýan edilişiniň guralyşyny goşmak bilen, uly möçberli “Aziada-2017” taslamasynyň durmuşa geçirilişiniň esasy ugurlary barada jikme-jik gürrüň berdiler.
Aziýa we Ýewropa kompaniýalarynyň wekillerine žurnalistleriň, telehabarçylaryň işlemegi üçin şertleriň döredilişi, Aziadany maglumat taýdan üpjün etmegiň häzirki zaman önümçilik-tehniki binýadynyň döredilişi, bu ulgama iň täze aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylyşy boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.
Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas Assambleýasynyň çäklerinde progamma alyşmalaryň, teleradiogepleşiklerindäki öňdebaryjy tehnikalaryň we tehnologiýalaryň meseleleri boýunça ABU toparlarynyň maslahatlary, okuw maslahatlary we bilelikdäki mejlisleri geçirildi. Sport toparynyň duşuşyklarynda pikir alyşmalar boldy hem-de iri çäreleri beýan etmekdäki täze ýagdaýlar bilen tanyşdyrylyş geçirildi.
Bu ýerde türkmen wekiliýeti wideroligiň görkezilmegi bilen hem-de giňişleýin hasabatlary özünde jemleýän Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Hususan-da, çykyşlarda olimpiýa desgalarynyň enjamlaşdyrylyşyna, meýletinçileriň, şeýle hem iki dilde sözlükleriň we özara düşünişmäge niýetlenen mowzuklaýyn gepleşik üçin gollanmalaryň taýýarlanylyşyna degişli sowal-jogap alşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Baştutany, Aziada-2017-niň Guramaçylyk komitetiniň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän uly goldawy oýunlary geçirmäge degişli hemme meseleleri toplumlaýyn çözmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça synag geçirmek ýagdaýynda işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanyşy hem-de Olimpiýa şäherjiginiň gurlan desgalarynyň ulanyş häsiýetnamalary seljerilýär. Bu babatda eýýäm halkara ýaryşlarynyň birnäçesi geçirildi hem-de ençeme ýurtlardan türgenleriň, tälimçileriň, eminleriň, žurnalistleriň we bilermenleriň gatnaşmagynda ýaryşlaryň ýene-de birnäçe tapgyrlary geçiriler.
Daşary ýurtly žurnalistleriň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça geçirilýän atly ýöriş hem ajaýyp pikirdir. Bu ýörişe Aziadanyň açylmagyna çenli 500 günüň galan güni badalga berildi. Bu ýöriş ýurdumyzyň ähli sebitleri boýunça geçiriler hem-de Aziada-2017-niň açylýan gününde Olimpiýa şäherjiginiň baş stadionynda jemlener.
Umuman, Türkmenistan Merkezi Aziýada Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyny alan ilkinji ýurt bolup, bu hukuk berlen döwründen bäri ägirt uly işleriň, şol sanda hukuk gatnaşyklary babatda hem uly işleriň ýerine ýetirilendigi nygtaldy. “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Professional sport hakynda” we “Meýletinçiler hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Esas düzüji resminamalaryň hatarynda daşary ýurtlaryň sport ulgamyndaky hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bar.
Aşgabatda Halkara sport media-forumlaryň biräçesi geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri hem-de sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak işinde Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini giňden wagyz etmek üçin oňat mümkinçilikler boldy.
Aşgabatda Okeanianyň Milli olimpiýa komitetleriniň we Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň gol çeken resminamasynyň taryhy ähmiýeti hem bellenildi. Şol resminama laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlary hem gatnaşar.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň Bas sekretary Jawad Mottagi bilen hem duşuşyk geçirdiler, forumyň çäklerinde guralan beýleki çärelere gatnaşdylar.
Mundan başga-da, ABU-nyň 53-nji Bas Assambleýasynyň çap edilýän habarlar toplumy öz sahypalarynda Aziada-2017-ä bagyşlanan habarlary hödürledi. Olarda Aşgabat “Aziýanyň merjeni” diýlip atlandyrylyp, türkmen paýtagtynda geçiriljek oýunlaryň, garaşylyşy ýaly, ozalklardan örän köpsanly gatnaşyjylary ýygnajakdygy barada gürrüň berilýär—sportuň 21 görnüşinde iň güýçlüleri ýüze çykarmak üçin 62 ýurtdan türgenleriň 5 müňden gowragy medallar ugrunda güýç synanyşar.
Olar bilen birlikde, tälimçileriň 2500-e golaýy hem-de 10 müňden gowrak daşary ýurtly hünärmenler Aşgabada geler. Aziýa oýunlaryna 10 müň meýletinçi hyzmat eder. oýunlaryň dürli ýurtlardan janköýerleriň 200 müňe çenlisini jemlemegi çaklanylýar.
Makalada 30-dan gowrak desgalary özünde jemleýän Olimpiýa şäherjigine hem-de onuň 45 müň tomaşaça niýetlenen merkezi stadionyna aýratyn üns berlipdir. Şol stadionda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygary astynda Aziada-2017-niň açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriler.