9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Nobatdaky Tapgyry Ulanmaga Berildi

Türkmen Paýtagtynda Täze Binalaryň Nobatdaky Tapgyry Ulanmaga Berildi

Paýtagtymyzda Parahat-7 etrapçada täze köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.

Bu ýerde 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň sekizisi: iki 54 öýli we alty 36 öýli jaýlar – jemi 324 öý ulanmaga berildi. Täze ajaýyp öýler Täze ýylyň öň ýanynda aşgabatly maşgalalaryň ýüzlerçesine baýramçylyk sowgady boldy

Iri panelli binalar binýatlarynyň, üçekleriniň, diwarlarynyň hem-de beýleki gurnamalarynyň häzirki zaman çözgütleri esasynda taslamasy düzüldi, olaryň timarlaýyş işlerinde iň häzirki zaman ýokary hilli gurluşyk, ýylylygy saklaýan serişdeler ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlary Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Berk teker” we “Ak tab” hususy kärhanalary tarapyndan bina edildi.

Täze binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, çagalar üçin oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmak, medeni-köpçülik çäreleri we dabaralary geçirmek üçin ýörite meýdançalar gurnaldy, awtoduralgalar guruldy. Bu ýerde güller ekilip, amatly oturguçlar goýlupdyr hem-de köçeleri yşyklandyryjy çyralar gurnalypdyr. Desgalaryň bökdençsiz ulanylmagyna, dynç alyş zolaklarynyň göwnejaý ýerleşdirilmegine, gezelenç etmek hem-de sport bilen meşguullanmak üçin şertleriň döredilmegine, ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň ýerleşdirilmegine uly üns berlipdir.

Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän bu iri ýaşaýyş jaý toplumynyň düzümine, şeýle hem mekdepleriň we çagalar baglarynyň birnäçesi, saglyk öýi hem-de durmuş maksatly beýleki desgalar girýär.

Ýşaýyş jaýlarynyň nobatdaky tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary, ýaş nesliň wekilleri, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik toparlary täze öýleriň eýelerini gutlamaga geldiler hem-de aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Dabaraly çäräniň barşynda täze öý eýeleri şatlyklaryny paýlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa durmuşa geçirýän oňyn durmuş syýasaty, abadan ýurtda bagtyýar ýaşamak mümkinçiligi üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabaranyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan işçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra toý baglary kesildi we dürli öwüşginli howa şarlary asmana göterildi.

Öňdebaryjy innowasiýa tehnologiýalarynyň hem-de iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň ýokary hil derejeli durmuşynyň üpjün edilmegi paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan iri möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bildirilýän esasy talaplardyr. Muňa häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gurluşygy alnyp barylýan senagat, medeni-durmuş, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki maksatly desgalar, şäherleriň hem-de obalaryň häzirki zaman düzümlerini kemala getirmek boýunça geçirilýän çäreler aýdyň şaýatlyk edýär.

Paýtagtymyzy hem-de gadymy türkmen topragynyň beýleki şäherleriniň keşbini düýpgöter özgerden iri binagärlik toplumlary, ähli ýerlerde peýda bolan häzirki zaman zawodlar we fabrikler, lukmançylyk, medeniýet we sport merkezleri, ýokary okuw mekdepleriniň we umumybilim berýän orta mekdepleriň täze binalary soňky ýyllarda ägirt uly ösüşe eýe bolan hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan döwletimiziň barha artýan ykdysady kuwwatynyň netijesidir.

Mundan başga-da, Köşide täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň döredilmegi, Çoganlyda kottež görnüşli öýleriň gurluşygy boýunça meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Aşgabatda ýol-ulag düzümleri, şol sanda köprüler, ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurulýar hem-de döwrebaplaşdyrylýar. Paýtagtymyzda awtoulaglaryň sanynyň yzygiderli artmagy bilen baglylykda ulag goýulýan duralgalar gurulýar, açyk görnüşli hem-de köp gatly awtoduralgalaryň sany artýar.

Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça iri taslama amala aşyryldy, howa elektrik geçirijilerini kabel geçirijilere çalyşmak boýunça uly işler geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherini asma elektrik geçirijilerinden saplamaga hem-de ýokary geçirijilik ukyby bolan ýerasty kabellerden peýdalanmaga mümkinçilik berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseleleriň toplumynyň çözülmegine ýokary talaplary bildirýär. Bar bolan ähli mümkinçiikleri paýtagtymyzyň sazlaşykly ösdürilmegine gönükdirilmegine çagyrýar, şäher düzümlerini dolandyrmagyň usullaryny, jemagat hyzmatlary ulgamynyň işi kämilleşdirmegi talap edýär, şunda has amatly durmuş gurşawynyň döredilmeginiň ähli ugurlary hasaba alnyp, bu meselelere toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtaýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman nusgaly obalaryň we şäherçeleriň güýçli depginlerde gurulýandygyny bellemek gerek. Bularyň ählisi Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň döredijilikli, parasatly strategiýasynyň aýdyň netijeleridir, bu syýasat her bir maşgalanyň, her bir raýatyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Deňiz Portunyň Gurluşygynyň Barşy Bilen Tanyşdy

«Gözellik Nusgasy-Türkmen Halysy» Atly Halkara Sergä we Türkmen Halyşynaslarynyň Bütindünýä Jemgyýetiniň XVII Mejlisine Gatnaşyjylara

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach