Oba hojalyk ylmy-gözleg institutynyň seçgiçileri we alymlary pagtaçylygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. YGI-niň hünärmenleri alynýan süýmiň dünýäniň iň gowy nusgalaryna laýyk gelýän gowaçanyň täze we çakyşdyrylan görnüşleriniň birnäçesini oýlap tapdylar. Mundan beýläk bu görnüş özüniň önümçilik hilini ýitirmezligi üçin tohumçylyk hojalyklarynda işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýurtda Ýolöten-7, Ýolöten-19, Ýolöten-39, Daşoguz-114, Daşoguz-120, şeýle hem Serdar we Gubadag-3 ýaly orta süýümli görnüşleriniň hil taýdan görkezijileriniň saklanyp galynmagyna, soňky ýyllarda işlenilip taýýarlanan we wagtyň synagyndan geçen – 149-F,S-4727, 133, S-2606, Aş-36s görnüşlerine üns berilýär. Orta süýümli görnüşleriniň arasynda hasyllylygy we pagta süýminiň ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan Ýolöten-14 görnüşine has uly isleg bildirilýär..
Häzirki wagtda Türkmenistanda gowaçanyň 16 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olar esasan hem orta süýümli bolup, olar umumy ekilýän ýeriň 90-95 göterimine ekilýär. Gowaçanyň görnüşleriniň köpüsi Türkmenistanyň çäklerinde ýurduň tohumçylary tarapyndan işlenilip taýýarlanyldy. Şonuň üçin bu ösümlikler ýerli howa şertlerinde özlerini oňat duýýarlar.
Gowaçanyň görnüşini gowulandyrmak – uzak wagty, köp zähmeti talap edýän iş bolup, onda howanyň üýtgäp durýan şertleri hem göz öňünde tutulýandyr. Gowaçanyň gury howa şertlerinde, gowşak şorlaşan ýerlerde ösdürilip ýetişdirilmegi üçin gözleg işleri geçirilýär. Alymlaryň we tejribeli hünärmenleriň bilelikdäki tagallalary netijesinde gowaçanyň Ýölöten-7 görnüşi alyndy. Ol dürli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bolup, ýurtda gowaça ekilýän meýdanyň ýarysyna golaýyny eýeleýär.
Tejribe-tohumçylyk hojalygyndan kärendeçiniň ekin meýdanyna çenli barýan ýol gowaçanyň her bir görnüşi üçin birnäçe ýyllar dowam edýär. Oba hojalyk YGI-niň seçgiçileri tarapyndan alynan gowaçanyň täze görnüşleri öňünden we bäsleşik synaglary esasynda öwrenilýär. Agrohojalyk synaglary boýunça gowy netijeleri görkezen görnüşler ýurduň dürli künjeklerinde ýerleşýän Döwler sort-synag bölümlerine iberilýär. Olarda ösdürilip ýetişdirmek işleri netijesinde täze görnüşiň esasy häsiýetleri seljerilýär. Oňyn netijeler alynanda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň karary bilen raýonlaşdyrmak we soňra önümçilige ornaşdyrmaga tassyklanýar.
Häzirki wagtda institutda orta süýümli gowaçanyň birnäçe täze ugurlaryny we görnüşlerini çykarmak üçin işler dowam etdirilýär. Oba hojalyk YGI-niň bölümlerinde ýörite enjamlarda süýümiň tehnologiki aýratynlyklary seljerilýär. Onuň dogrulygy her ýylda “Türkmenstandart” Metrologiki gullugy tarapyndan şahädatnama bilen tassyklanýar. Önümçilige gowaçanyň ýokary hilli görnüşleriniň ornaşdyrylmagy diňe bir ýurdumyzy pagta-çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik bermän, eýsem “ak altyny” daşary ýurtlara hem ibermäge mümkinçilik berer. Bu bolsa pagtaçylyk pudagynyň ykdysady taýdan netijeliligini ep-esli ýokarlandyrar. Gowaçanyň toplumlaýyn öwrenilmegi ekilýän gowaçalaryň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem täze geljegi uly bolan görnüşleriniň alynmagyny çaltlandyrmaga kömek eder. Häzirki wagtda gowaçanyň yssa we gurak howa şertlerine durnukly görnüşlerini oýlap tapmagyň üstünde işlenilýär. Oňa agronomlar, sitologlar, enetikler, biohimikler gatnaşýarlar.
Döwletmyrat BERDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk YGI-niň direktorynyň orunbasary