Golaýda Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen “Olimpiýa aýyjygy” atly taekwondo (WTF görnüşi) boýunça 1-nji halkara ýaryşynda türkmen türgenleri iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular. Ýaryşa 10 ýurduň milli ýygyndy toparlary gatnaşdylar.
Ildeşlerimiz altyn medallaryň ikisini hem ýetginjekler toparynda gazandylar. 55 kilograma çenli agram derejesinde Mekan Gurbanow hem-de 72 kilograma çenli agram derejesinde Ryzaguly Toýmyradow uly üstünlige mynasyp boldular.
Beýleki baýraklar erkekler we zenanlar toparlarynda eýelendi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Aýlar Gurbanowa 53 kilograma çenli agramda kümüş medala, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň talyby Nurmyrat Berkeliýew bolsa 68 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.
Taekwondo WTF sportuň olimpiýa görnüşi bolup, ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Bu koreý söweş sungaty bilen meşgullanýan türkmen türgenleriniň halkara ýaryşynda gazanan bu üstünlikleri Aziýanyň we Okeaniýanyň 60-dan gowrak ýurdundan ençeme türgenleri özünde jemlejek ýurdumyzda geçiriljek toplumlaýyn ýaryşlarda ildeşlerimiziň üstünlikli çykyş etjekdiklerine ynam döredýär.