Ýurdumyza wekilçilik edýän sekiz talyp 28-nji fewraldan 5-nji mart aralygynda Makedoniýa Respublikasynyň Ohrid şäherinde geçirilen talyplaryň 11-nji Günorta-GündogarÝewropa matematika ders bäsleşigine gatnaşdylar. Rumyniýanyň, Gresiýanyň, Bolgariýanyň, Argentinanyň hem-de ýer eýeleriniň Ýokary okuw mekdepleriniň 17-siniň talyplary olaryň garşydaşy boldular.
Her ýyl geçirilýän intellektual bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, barlag işlerini höweslendirmäge hem-de ylym-bilim ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Türkmen talyplary diňe maksada okgunlylyklaryny we matematika zehinlerini däl, eýsem bäsleşikdäki meseleleri çözmekde üýtgeşik pikirlenmäge bolan ukyplaryny görkezip, “ylymlaryň şasynyň” muşdaklarynyň halkara ýaryşlaryna üstünlikli gatnaşmak däbini dowam etdiler.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Şahlo Hasanowa, Perman Iljanow, Eziz Eminow, Döwlet energetika institutynyň talyby Mekan Hojaýew hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Azat Amangeldiýew bürünç baýraklaryň eýeleri boldular.