Türkmenistanyň aýal-gyzlary geçen hepdäniň baş gahrymanlary boldular, olar Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglary kabul etdiler. Tutuş ýurdumyz boýunça bu ajaýyp baýramçylyga bagyşlanan dabaraly çäreler guraldy, olarda zenanlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarynda, häzirki zaman jemgyýetimiziň ruhy durmuşynda tutýan orny has aýdyň şöhlelendi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly zenanlarymyzy milli senenamamyzyň ajaýyp baýramy bilen gutlap, öňde goýlan maksatlara tarap okgunly barýan Watanymyzyň gazanýan üstünliklerinde türkmen zenanlarynyň orny, olaryň işjeň raýat sypatlary barada çuňňur sarpa bilen aýtdy.
“Bagtyýar gelin-gyzlarymyz häzirki döwürde döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, aýratyn hem ylym, bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda milli we döwlet maksatnamalyrymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekýärler” diýip, milli Liderimiz nygtady.
Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy geçirildi, Türkmenistanyň Prezidentiminiň Permanyna laýyklykda olara “Ene mähri” diýen hormat at dakyldy. Köp çagaly enelere ýokary amatlykly belent ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän täze öýlerden açarlaryň gowşurylmagy has-da şatlykly waka boldy. Munuň özi Türkmenistanda maşgalanyň berkidilmegine, bagtyýar we sagdyn enelik we çagalyk üçin iň gowy şertleriň döredilmegine, döwletiň we jemgyýetiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de sazlaşykly gatnaşyklaryň emele gelmeginiň ygtybarly esasy hökmünde türkmen halkynyň belent ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga ägirt uly üns berilýändiginiň ýene bir subutnamasydyr.
Halkara zenanlar gününiň çäklerinde geçirilen dabaralaryň hatarynda sahnalaşdyrylan oýunlar, maslahatlar, çeperçilik sergileri, döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary has-da täsirli boldy. Tutuş ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň aýal-gyzlaryna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak, önümçiligiň öňdebaryjylary, dürli bäsleşikleriň ýeňijileri bolan zenanlary sarpalamak çäreleri guraldy.
Paýtagtymyzyň Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň belli medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti geçirildi, ol ruhuň täzeden galkynmagynyň, milli jebisligiň we Watanymyza çäksiz söýginiň baýramyna öwrülip, sahnadan ýaňlanan ýakymly heňler ähli enelere hoşallygyň we olara bolan buýsanjyň alamaty bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze ýeňişlere çagyryş hökmünde ýaňlandy.
7-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze möhüm sahypany açyp, ýurtlaryň ikisiniň hem netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady, bu gatnaşyklaryň mümkinçilikleri umumy bähbitlere laýyk gelýär.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Katar Döwletiniň Emiri türkmen-katar gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebit syýasatynyň birnäçe meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlaryna ýokary baha berildi.
Taraplar umumy ykrar edilen halkara hukugynyň kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine, şeýle hem parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek babatynda ähli meseleleriň toplumynyň çözgüdini tapmakda BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň tarapdarlary bolup çykyş edýändigini tassykladylar we halkara guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň dalaşgärlerini özara goldamagy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Söwda-ykdysady ulgamda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Katar döwleti ägirt uly energiýa serişdeleriniň gorlaryna, hususan-da, tebigy gaza örän baýdyrlar. Döwlet Baştutanlary nebiti we gazy gaýtadan işleýän, himiýa senagaty we energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri ýaly ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmegi ugur edinýändiklerini beýan etdiler.
Türkmen-katar ykdysady gatnaşyklarynyň uly ähmiýetli ugurlary hökmünde Türkmenistanyň dokma senagaty önümlerini ýerlemek meselesi görkezildi. Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän önümleri çykarýan häzirki zaman kärhanalary işleýär, olar dünýä bazarlaryna üstünlikli eksport edilýän ýokary hilli taýýar önümleri hödürleýärler.
Ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar, bu iki ýurduň hem geografiýa taýdan ýerleşmeginiň aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Şunuň bilen baglylykda, halkara ulag-aragatnaşyk geçelgeleriniň örän möhüm strategiki ähmiýeti bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hjkmünde çykyş edýän ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, şu ýylyň Türkmenistanda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilendigini belledi. Milli Liderimiz häzirki döwrüň ýaşlaryna we geljekki nesillere milli taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklaryny gorap saklamagyň zerur bolup durýandygyny ýetirmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, türkmen halky bilen dünýä halklarynyň özara ýakynlaşmagy babatynda medeni gatnaşyklaryň uly ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamy, ylym we bilim, sungat we döredijilik ýaly uly ähmiýetli ugurlarynda türkmen-katar gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky pikiri aýtdy.
Sport ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanda 2006-njy ýylda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilen XV Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmekde Katar Döwletiniň üstünliklerine, 2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmekde Kataryň saýlanylyp alnandygyna tüýs ýürekden guwanylýandygyny belledi. Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistan üçin örän möhüm bolup durýar, sebäbi 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler, biziň ýurdumyz bu ugur boýunça tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Kataryň Emiriniň Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda Bilelikdäki beýanat kabul edildi. Howa aragatnaşygy hakynda we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk babatynda hökümetara Ylalaşyklaryna; “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň we Katar Döwletiniň Raýat awiasiýasy müdiriýetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, şeýle hem iki ýurduň maliýe ulgamynda, ulag, bilim, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen beýleki resminamalara gol çekildi.
Daşary syýasat baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öz diplomatik işini tamamlaýan Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili jenap Ralf Andreas Bret, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet ministri, Abu-Dabiniň “ADNOС” milli nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Sultan bin Ahmed Sultan Al-Jaber bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alyşmalaryň bolandygyny bellemelidiris.
Mundan başga-da, geçen hepdede Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi. Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek söhbetdeşligiň esasy mesellesi boldy, ol oýunlar türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda geçiriler. Ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili jenap Peter Buriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Türkmenistanyň Mejlisinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, şeýle hem ýurdumyzyň käbir beýleki ministrliklerinde hem-de pudak edaralarynda geçirilen duşuşyklaryň barşynda özara ynam, deňhukuklylyk we bähbitler esasynda guralýan köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşmalar boldy.
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebitleýin okuw maslahatlarynyň ikisi geçirildi. Olaryň biri “Hazar deňzi durnukly ösüş we dolandyryş” atly maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde guradylar. Foruma Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we biziň ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen agentliklerine wekilçilik edýän halkara bilermenler UNESKO-nyň Hökümetara ummanlar boýunça toparynyň işgärleri, Halkara deňiz guramasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, şeýle hem Halkara deňiz guramasynyň we Hazaryň ekologiýa maksatnamasynyň howandarlygynda hereket edýän Halkara deňiz hukugy institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksatnamasyna “2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş ulgamynda gün tertiplerini” durmuşa geçirmek ýaly halkara gün tertibiniň möhüm ugruna degişli meseleleriň giň toplumy girizildi, bu gün tertipleri geçen ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilen 70-nji maslahatynyň çäklerinde guralan Durnukly ösüş boýunça BMG-niň Sammitinde kabul edildi. Bu örän möhüm maksatnamalaýyn resminama global maksatlaryň 17-sini we olar bilen baglanyşykly 169 wezipäni öz içine alýar, ol döwletleriň durmuş we ekologiýa babatynda adamlaryň abadançylygynyň bähbidine deňeçer ykdysady ösüşini üpjün etmäge ýardam berýär.
“Bank işgärleriniň özbaşdak okuwyny ornaşdyrmak” atly sebitara okuw maslahaty bolsa Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň özge pulhanalaryň halkara hyzmatdaşlygy boýunça gaznasy bilen bilelikde guraldy. Oňa Germaniýanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň we Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Merkezi bankynyň, karz edaralarynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksady biziň ýurdumyzyň hem-de sebitiň döwletleriniň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulýandyklaryny hasaba almak bilen, bank ulgamyny mundan beýläk-de netijeli ösdürmegiň möhüm wezipelerini çözmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 11-nji martda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizildi. Olaryň hatarynda biziň ýurdumyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda hökümet wekiliýetiniň Pakistan Yslam Respublikasyna 16-17-nji martda boljak resmi saparyna, şeýle hem Milli bahar baýramyna bagyşlanyp geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meseleleri bar, bahar baýramynyň çäklerinde 15-22-nji mart aralygynda muzeýlerde, kitaphanalarda, kino-konsert merkezlerinde, okuw edaralarynda we ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda çäreler guralar.
Mejlisde milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, ulag, oba hojalygy we beýleki pudaklarynda işleriň depginlerini ýokarlandyrmaga, şeýle hem 19-njy martda geçiriljek ählihalk ýowaryna taýýarlyk görmäge degişli wezipelere aýratyn üns berildi, ýowaryň barşynda paýtagtymyzda we welaýatlarda iri möçberli bag ekmek işleri geçiriler. Mejlisde şeýle hem ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli balyk önümleri bilen, şol sanda ýurdumyzyň içerki suw howdanlarynda emeli usulda ýetişdirmegiň, balyk önümleri dükanlarynyň ulgamyny giňeltmegiň hasabyna üpjün etmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Esasy meseleleriň hatarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna we OLimpiýa şäherjiginde synag ýaryşlaryny, şol sanda halkara derejeli ýaryşlary, okuw- türgenleşik taýýarlyklaryny geçirmäge taýýarlyk görmek, Aşgabady abadanlaşdyrmak hem-de milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek meseleleri bar.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugyna bir aý möhletde önümçilikde çig malyň, kömekçi serişdeleriň, ýangyç-energetika serişdeleriniň we zähmet harajatlarynyň çykdajylarynyň kadalaryny we möçberlerini düzmegiň Tertibini işläp taýýarlamak we bellenilen tertipde tassyklamak barada görkezme berdi.
Gülçülik we bagçylyk boýunça türkmen paýtagtynda geçirilen Halkara sergisi gözelligiň, döredijilik ylhamynyň we baharyň aýdyň baýramçylygyna öwrüldi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan ýylyň iri gülçülik boýunça gözden geçirilişi oňa gatnaşýanlaryň, şol sanda Fransiýadan, Hytaýdan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki ýurtlardan daşary ýurt wekilleriniň köp sanlysynyň gatnaşýandygy bilen ünsi çekdi.
Sergi şeýle hem ýurdumyzyň ösümçilik, bagy-bossanlyga öwürmek, bezeg gülleriniň köp görnüşlerini we nahallaryny, gülçüligi ösdürmäge täzeçe çemeleşmeler, landşaft bezeg işlerinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatynda ýeten sepgitlerini görkezdi. Ajaýyp çäräniň barşynda işewürlik gatnaşyklaryny we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen duşuşyklar we tanyşdyryş çäreleri geçirildi.
Türkmen halky gadymdan bäri öz ýaşaýan ülkesini gülläp ösýän künjege öwürmek maksady bilen, mülkleri, bagçylyk zolaklaryny we üzümçilik meýdanlaryny döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty, Milli tokaý maksatnamasynyň amala aşyrylmagy netijesinde häzirki döwürde her ýyl bagy-bossanlyga öwürmek boýunça umumymilli çäreler geçirilýär, türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda arzuw eden asylly işleri durmuşda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu tutanýerli işiň netijelerini ähli künjeklerde görmek bolýar Türkmenistanyň giň çäklerinde adam eli bilen döredilen tokaý zolaklary emele geldi. Ýakyn wagtda, öňde boljak ählihalk ýowaryň barşynda, ajaýyp Nowruz baýramynyň öň ýanynda geçiriljek bu agaç nahallaryny ekmek boýunça giň möçberli çäräniň dowamynda paýtagtymyzyň töwereklerinde we welaýatlarda ýene-de on müňlerçe düýp pürli, saýaly we miweli baglar, şeýle hem üzüm nahallary oturdylar.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda geçirilen bilelikdäki türkmen-awstriýa konserti ýene bir aýdyň wakalaryň biri boldy. Bu gezekki döredijilik çäresi dostlukly döwletleriň ynsanperwer ulgamynda işjeň gatnaşyklarynyň dowamy bolmak bilen, iki ýurduň halklarynyň biri-biriniň ruhy durmuşy bilen içgin gyzyklanýandyklaryny, olaryň has ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýandyklaryny tassyklady. Şonuň bilen bir wagtda bu çäräniň geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan we dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna hem-de goldawyna eýe bolan açyklyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň oňyn netijesidir.
Türkmen wekiliýetiniň Germaniýa Federatw Respublikasynyň paýtagty Berlin şäherinde geçirilýän ITB Berlin 2016 Halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşmagy hem munuň subutnamasydyr. Sergide dünýäniň 189 ýurdundan 10 müň gatnaşyjy öz diwarlyklaryny guradylar. Ýurdumyzyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan milli bölümimizde bu ulgamda ýöriteleşdirilen döwlet syýahatçylyk kärhanalary we hususy kompaniýalar öz gazananlaryny görkezýärler.
Berlinde geçirilýän halkara forumynyň giň işewürlik meýdançasynda öz teklipleriňi görkezmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler döredilipdir, bu çäreler Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň dünýäniň jahankeşdelik düzümine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam berer. Serginiň işiniň barşynda biziň wekiliýetimiziň agzalary diňe bir syýahatçylyk ulgamy boýunça däl-de, beýleki ugurlarda hem daşary ýurt işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirýärler.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsanperwer we parahatçylyk döredijilikli syýasaty geçen hepdäniň wakalarynda öz beýanyny tapdy, munuň özi biziň ýurdumyzyň ruhy we ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründiň her gününde hem şeýle bolmagynda galýar.