Türkmen türgenleri Ukrainanyň Lwow şäherinde geçirilen MMA boýunça (garyşyk başa-baş söweş) dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşda hem-de kung-fu boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda alty medala – üç altyn we şonça-da kümüş medala mynasyp boldular. Özi-de, şol medallaryň bäşisini Meýlis Kiçikakaýew gazandy. Ol ýaryşa gatnaşyjylaryň arasynda bu söweş sungatynyň birbada birnäçesinde çykyş eden türgenleriň biridir.
Ýaryşlara dünýäniň 18 ýurdundan, şol sanda Italiýadan, Wengriýadan, Polşadan, Rumyniýadan, Türkiýeden, Sloweniýadan, Eýrandan, Gruziýadan, Azerbaýjandan we beýleki döwletlerden türgenleriň 200-e golaýy gatnaşdy.
Türkmenstanly türgen iki altyn we bir kümüş medala ýetginjekleriň toparynda MMA boýunça ýaryşlarda mynasyp boldy. Onuň 65 kilograma çenli agramlyk derejede gazanan ýeňişleriniň arasynda “ful” (doly galtaşyk) görnüşindäki üstünligi has täsirli we netijeli boldy. Ýarym finalda hem-de aýgytlaýjy bäsleşiklerde Meýlis şu ýaryşyň ýer eýeleriniň toparynyň wekilleri – ukrainaly türgenler bilen duşuşdy. Biziň ildeşimiz olaryň ikisini hem nokaut bilen ýeňmegi başardy.
Ildeşimiz altyn medallaryň ýene-de birini “laýt” görnüşinde (garyşyk başa-baş söweşiň görnüşi) gazandy. Aýgytlaýjy duşuşykda M.Kiçikakaýew italiýaly türgenden üstün çykdy. Kümüş medal “greppling” görnüşinde (söweş ugry) gazanyldy.
Meýlis üçünji ýeňşine erkekleriň toparynda “ful” görnüşinde eýe boldy. Türkmenistanly türgen özünden has uly we tejribeli garşydaşlary bilen göreşip, bu ýerde hem uly üstünlik gazandy. Finalda ol ukrainaly türgenden üstün çykmagy başardy.
Bäşinji baýragyny – kümüş medalyny M.Kiçikakaýew kung-fu boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynda eýeledi. Sportuň bu görnüşinde hem ildeşimiz finala barýan ýolda ýer eýeleriniň wekilinden üstün çykdy, jemleýji duşuşykda bolsa eminleriň çözgüdi boýunça garşydaşyndan utuldy.
Meýlisiň halypasy – sport ussady Şöhrat Allaýew kümüş medala mynasyp boldy, ol ýaragly görkezme çykyşlarynda tapawutlandy.
Sylaglamak dabarasynda ýaryşy guraýjylar Meýlis Kiçikakaýewiň çykyşyny aýratyn bellediler. Hususan-da, türkmenistanly ýaş türgeniň güýzde geçiriljek MMA boýunça dünýä çempionatynda ähli görnüşlerde ýeňşe esasy dalaşgärleriň biridigi aýdyldy. Ildeşimiziň şu gezekki üstünligi bolsa ýurdumyzda garyşyk başa-baş söweş sungatynyň ösüşe eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Meýlisiň her gün göreşmek üçin düşekçä ýedi gezege çenli çykandygyny, olaryň her birinde diýen ýaly ýeňiji bolandygyny aýratyn bellemelidiris.
Dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryş tamamlanandan soň, MMA-nyň Bütindünýä federasiýasynyň kongresi geçirildi, onda wezipelere saýlamak bilen bagly meseleleriň birnäçesine garaldy. Bu sport guramasynyň Merkezi Aziýa bölüminiň wise-prezidenti wezipesine Türkmenistanyň “hanmudo” söweş sungaty federasiýasynyň wekili Şöhrat Allaýew saýlanyldy.
Häzirki wagtda biziň garyşyk başa-baş söweş boýunça ussatlarymyz hapkido boýunça ýurduyzyň çempionatynyň medallary ugrunda göreşýärler. Bu ýaryş 20-nji maýda Daşoguz welaýatynyň merkezinde badalga aldy we 23-nji maýda tamamlanar. Iýun aýynyň başynda bolsa şol türgenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrarlar, şol ýerde köpugurly söweş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.