17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DÜNÝÄ

Türkmen-türk hyzmatdaşlygyna täze itergi berildi.

Ankarada, “Çankaýa” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sarapynyň çäklerinde ýokary derejede türkmen-türk gepleşikleri boldy. Ozal habar berlişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany düýn günüň ikinji ýarymynda Ankara geldi.

Şu gün irden milli Liderimiz Gürbanguly Berdimuhamedow kaşaň “Şeraton-Lugal” myhmanhanada ýerleşýän kabulhanasyndan çykyp, Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we onuň ilkinji Prezidenti Atatürküň kümmetine ugrady, bu ýerde gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Bu kümmet Ankara şäheriniň merkezindäki belentlikde bina edildi. Atatürküň kümmetiniň /Anytkabir/ merkezi girelgesiniň öňünde türkmen döwletiniň Baştutanyny türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly ýagdaýda Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürküň baky aram tapan ýerine ajaýyp gül desselerini goýýar. Bir minut dymyşlyk yglan edilýär.

Dabara tamamlanandan soň türkmen Lideri Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp, Türkiýäniň görnükli syýasy we döwlet işgäriniň ýadygärligini çuňňur hormatlaýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti muzeýiň ýadygärlikler toplumyna girýän gymmatlyklar bilen tanyşdy.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň awtoulag kerweni kümmetden Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň kabulhanasyna – “Çankaýa” köşgüne tarap ugraýar, bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Bu ýerde, baş girelgäniň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdylla Gül mähirli garşylady.

Iki ýurduň Liderleri dostlarça görüşýärler we Köşge girýärler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdylla Gül ýörite bellenilen ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet senalary ýaňlanýar. Bu ýerde nyzama düzülen hormat garawulynyň serkerdesi Prezidentlere hasabat berýär. Türkmenistanyň we Türkiýäniň Baştutanlary esgerleriň öňünden geçýärler.

Prezident Abdylla Gül belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýe Respublikasynyň resmi wekiilýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde dostlukly döwletiň Baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Iki ýurduň döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabarasyndan soň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti belent mertebeli türkmen myhmanyny öz iş otagyna çagyrýar, bu ýerde ýokary derejede ikitaraplaýyn ikiçäk gepleşikleri geçirildi.

Türkiýäniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türk topragynda tüýs ýürekden mübärekläp, türkmen Lideriniň bu saparyna onuň ýurdunda türkmen-türk dostlugyny berkitmegiň ýolunda möhüm ädim, many-mazmuny ýylsaýyn baýlaşýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwür hökmünde baha berýärler diýip belledi.

Ikitaraplaýyn türkmen-türk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösmegine türkmen döwletiniň Baştutanynyň şahsy goşandynyň ulydygyny belläp, Prezident Abdulla Gül Türkmenistanyň okgunly ösmegi we onuň belent halkara abraýyna eýe bomagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň netijesi bolup durýandygyny aýtdy. Soňky ýyllarda Türkmenistanda köp işler amala aşyryldy, durmuşyň ähli ulgamlarynda giň gerimli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy diýip, Tiürkiýe Respublikasynyň Baştutany Türkiýede doganlyk ýurduň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çakylygy, mähirli garşylandygy we ýokary myhmansöýerligi üçin Prezident Abdylla Güle tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň doganlyk halklarymyzy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan milli, medeni we ruhy umumylyklar we däp-dessurlarymyz baglanyşdyrýar, türkmen we türk halklarynyň şöhratly taryhy we adamzadyň medeni hazynasyna mynasyp goşant goşan belent şahsyýetleri bar. Iki halkyň baý medeni mirasy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýip, türkmen Lideri aýtdy. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we arkalaşykly hyzmatdaşlyk etmek esasynda ösdürilýär, dürli derejedäki yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklar munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär diýip belledi.

Türkiýe Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýan iň möhüm ýurtlarynyň biridir. Medeni gumanitar hyzmatdaşlyk hem gatnaşyklarymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şol sanda bilim-ylym, medeniýet, sungat we beýleki ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk edilýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Dostlukly, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklary amala aşyrmagyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar, türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryndaky meseleler boýunça pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrynda onuň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen, söhbetdeşler taraplaryň netijeli gatnaşyklary deňlik, özara bähbitlilik ýörelgelerinde ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Taraplar şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikler tamamlanandan soň Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdylla Gül “Çankaýa” köşgüniň kabul edişlikler zalyna bardylar, bu ýerde iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Baştutanyny Türkiýäniň ýokary döwlet sylagy bolan “Döwlet nyşany” bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Iki ýurduň Liderleri özleri üçin ýörite bellenilen ýere geçýärler. Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýäniň ýokary döwlet sylagy bolan “Döwlet nyşany” bilen sylaglamak hakynda Türkiýäniň Ministrler Geňeşiniň Karary okalýar.

Soňra Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gül söz sözledi.

Türk Lideriniň belleýşi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow görnükli döwlet işgäri bolup durýar, onuň alyp barýan syýasaty Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösmegini şertlendirdi, şunda Prezident Abdylla Gül türkmen döwletiniň Baştutanynyň sebitleýin we halkara parahatçylygyny berkitmek, ählumumy durnuklylygy we abadançylygy üpjün etmek üçin ýöredýän daşary syýasy ugrunyň uly ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek işine şahsy goşandynyň uludygyny belläp, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany türkmen Liderine Türkiýäniň ýokary döwlet sylagyny—“Döwlet nyşanyny”gowşurýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýtdy. Bu sylag biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşanydyr diýip, türk Lideri aýtdy.

Türkiýe Respulikasynyň Prezidenti Abdylla Gül Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa öz ýurdunyň ýokary döwlet sylagyny we degişli diplomy dabaraly ýagdaýda gowşurýar.

Türkmen Liderine söz berilýär. Türkmen döwletiniň Baştutany öz türk kärdeşine we bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkiýe Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy bolan “Döwlet nyşanynyň” dakylmagy we gowşurylmagy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu ýokary döwlet sylagyny Türkmenistana we türkmen halkyna çäksiz hormatyň we belent sarpanyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýdyp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu dabaraly waka däp bolan doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da ösýändiginiň we berkeýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip belledi. Iki doganlyk ýurduň gatnaşyklary asly bir pederlerimiziň şöhratly taryhyndan we baý ruhy-medeni mirasyndan gözbaş alýar. Bu gatnaşyklar häzirki döwürde birek-biregi goldamagyň we ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegiň ajaýyp nusgasyna öwrüldi diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Türkmen Lideri döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda netijeli häsiýete eýedigini belläp, doganlyk Türkiýe Respublikasyna şu resmi saparymyz hem birek-birege hormat goýmak we özara düşünişmek, uly gyzyklanma bilen pikir alyşmak ýagdaýynda geçýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň bu gün hil taýdan täze, has ýokary derejä göterilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara Türkiýäniň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Dabara tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýäniň ýokary döwlet sylagy bolan “Döwlet nyşanyna” mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden we mähirli gutladylar.

Soňra “Çankaýa” köşgüniň mejlisler zalynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede türkmen-türk gepleşikleri geçirildi.

Belent mertebeli türkmen myhmanyny we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalaryny türk topragynda ýene bir gezek mähirli mübäreklemek bilen, Prezident Abdylla Gül Türkiýede doganlyk Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen bolan duşuşyga ýokary baha bermek bilen, türk Lideri täze taryhy eýýamda döwletara gatnaşyklarynyň ygtybarly binýadyny türkmen we türk halklaryny birleşdirýän ruhy we medeni kökleriniň umumylygy düzýär diýip belledi. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu saparynyň iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy bilen gabat gelmeginiň uly manysy bar. Şunuň bilen baglylykda Prezident Abdylla Gül Türkiýäniň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Türk Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny doly goldaýandygyny belläp, öz ýurdunyň geljekde hem Bitarap Türkmenistan bilen parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ugurda işjeň hyzmatdaşlyk etmekçidigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň oňyn tejribesi bellenildi.

Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň okgunly depginini bellemek bilen, Prezident Abdylla Gül iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşini mysal hökmünde getirip, Türkiýäniň bilelikde işlemek üçin bar bolan oňaýly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy mundan belýäk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini amala aşyrmak, netijeli işewür gatnaşyklaryny höweslendirmegiň usuly hökmünde hökümetara türkmen-türk toparynyň eýeleýän orny bellenildi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti şeýle hem gumanitar ulgamda, şol sanda medeniýet we sungat ulgamynda däbe öwrülen gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Munuň özi iki doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna, olaryň baý medeni mirasyny giňden wagyz etmäge hyzmat eder. Bilim we ylym ugry boýunça hyzmatdaşlygyň uly tejribesiniň toplanandygyny bellemek bilen, türk lideri şeýle hem syýahatçylyk we sport ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegi ugrunda pikir aýtdy.

Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin Türkmenistanyň Baştutanyna ýene bir gezek hoşallyk bildirip we şu günki gepleşikleriň ýokary netijeliligini belläp, Prezident Abdylla Gül taraplaryň ähli gazanan ylalaşyklarynyň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.

Ýokary myhmansöýerligi üçin öz türk kärdeşine ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanmagy we bu wezipä girişmegi mynasybetli mähirli gutlaglary we oňat arzuwlary üçin Prezident Abdylla Güle tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy.

Bu saparyň geçirilýän wagtynyň örän möhüm we şatlykly waka – Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşykaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllyk şanly senesi bilen gabat gelýändigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutany hemmeleri döwletara türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze taryhyndaky bu aýratyn sene bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden we Aşgabatda öz ilçihanasyny birinji bolup açan daşary ýurt Türkiýe Respublikasydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Geçen 20 ýylda biziň gatnaşyklarymyz hakyky dostlugyň we doganlygyň, hyzmatdaşlygyň we birek-biregi goldamagyň nusgasyna öwrüldi. Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasy iň ýakyn doganlyk döwletdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz uzakmöhletleýin strategik häsiýete eýedir. Bilelikde amala aşyrylýan işleriň iki halkyň, sebitiň we bütin dünýäniň bähbitlerine hyzmat edýändigini aýratyn bellemek bilen, işjeň we mähirli, özara düşünişmek hem-de birek-birege hormat goýmak, oňyn we uly gyzyklanma bildirmek ýagdaýynda geçýän şu günki ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleriniň munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýtdy.

Ýap-ýaňy geçirilen ikiçäk gepleşiklere ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti olarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň we geljeginiň, bar bolan ähli mümkinçilikleri ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň özara bähbitli we netijeli ugurlaryny ösdürmegiň meseleleriniň, şeýle hem bu gatnaşyklaryň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrmagyň ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi. Bu ugurda döwletara gatnaşyklarynyň bar bolan halkara – hukuk binýadyny has-da berkitmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri has-da artdyrjakdygyny belledi.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň halkara hem-de sebit meseleleri boýunça özara gabat gelýän ýa-da birmeňzeş ýörelgelerden ugur alýandygyny nygtap, türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna, ilkinji nobatda Prezident Abdylla Güle Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny, aýratyn hem, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän tekliplerimizi we garaýyşlarymyzy goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Türkiýäniň dünýä we sebit syýasatynda tutýan ornuna uly hormat goýýar hem-de parahatçylyk we howpsuzlyk ugrundaky tagallalaryny goldaýar. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn syýasy gepleşikleri we daşary syýasat edaralaryň arasyndaky geňeşmeleri anyk ugurlar boýunça dowam etmegiň zerurlygy barada aýtdy.

Türkmenistanyň Baştutany söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesiniň üstünde durup geçmek bilen, türk kompaniýalarynyň we işewürleriniň biziň ýurdumyzyň dürli senagat pudagyny we aýratyn hem dokma senagatyny, milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk, önümleri gaýtadan işleýän hem-de beýleki möhüm pudaklaryny ösdürmäge goşýan goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri we bilelikde, egin-egne berip zähmet çekýändikleri üçin türk hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň baý, oňyn tejribesi döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn okgunly ösdürmek üçin mäkäm binýat bolup durýar diýip nygtady.

Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri yzygiderli artýar, onuň hili ýokarlanýar diýip, türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam etdirdi. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. 2011-nji ýylda ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygy 2010-njy ýyla garanyňda 25 göterim artdy. Eger ol mundan beýläk-de şeýle depginler bilen ösdürilse, onda ýakyn birnäçe ýylda söwda dolanyşygynyň möçberi iki essä golaý artar. Şunda Türkmenistanyň Baştutany bu ugurda bar bolan uly mümkinçiliklere ünsi çekdi, munuň özi işewürlik hem-de daşary ykdysady hyzmatdaşlyk üçin biziň ýurdumyzda döredilen amatly şertleri nazara almak bilen, türkmen-türk hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň 600-den gowragy zähmet çekýär diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bellemek bilen, ykdysady ulgamda özara gatnaşyklar innowasiýalary hem-de häzirki zaman tilsimatlaryny özünde jemläp, ylmyň we tehnikanyň ösen mümkinçiliklerine daýanmalydyr diýip belledi. Bu ugurda iki ýurtda hem özara bähbitli garaýyşlar we taslamalar bar. Hususan-da, elektrik energetikasy, nebithimiýa, maşyn gurluşygy, gaýtadan işleýän senagat, ekologiýa taýdan arassa azyk önümlerini öndürmek ýaly esasy pudaklaryň uly mümkinçilikleri bar. Türkmenistanda şu pudaklarda örän gysga döwrüň içinde täze önümçilik kuwwatlyklary döredildi diýip, hormatly Prezidentimiz aýdyp, bu pudaklarda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk edýän türk kompaniýalaryna minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan öz harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmaga we olary sebitiň ýurtlaryna eksport etmäge gyzyklanma bildirip, türk telekeçileri bilen özara netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge hem taýýardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti syýahatçylyk ulgamyny hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezip, Hazar deňziniň türkmen kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmäge meşhur türk kompaniýalarynyň işjeň gatnaşýandygyny hem belledi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türk hyzmatdaşlary bu ugurda özara peýdaly gatnaşyklara çagyryp, Prezident Abdylla Gül bilen öňki geçirilen duşuşyklarynda aýdan hem-de “Awazada” ýokary tilsimatlar babatda halkara tejribesini alyşmak boýunça türkmen-türk maslahatyny geçirmäge degişli bolan teklibi gaýtalady. Döwrüň talabyna laýyklykda maslahatyň gün tertibini ep-esli giňeltmek mümkindir we ol ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlyga oňat itergi berer.

Işewür hyzmatdaşlyga degişli möhüm meseleler we teklipler öňde boljak bilelikdäki işewürlik maslahatynda gyzyklanylyp pikir alyşmagyň meselesi bolar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdirmek bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek işinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça döwletara türkmen-türk toparyna hem uly orun degişlidir diýip belledi.

Biziň iki halklarymyzyň taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy umumylygyna esaslanan gumanitar ulgamda gatnaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada söz açyp, türkmen halkynyň beýik şahsyýetleri we parasatly akyldarlary bolan Ýunus Emrä, Magtymguly Pyraga, Garaja oglana, Döwletmämmet Azada uly hormat we sarpa goýýandyklary üçin türk doganlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Bu babatda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki boljak wakanyň – türkmen halkynyň görnükli ogly Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly açylyşynyň taryhy ähmiýetini nygtady, şol dabara Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri gatnaşarlar.

Soňky 20 ýylda biziň halklarymyz has ýakynlaşdylar we ysnyşykly gatnaşyklary saklaýarys diýip bellemek bilen Türkmenistanyň Prezidenti biziň ýurdumyzda türk halkynyň medeniýetine we sungatyna, diline hem-de edebiýatyna uly hormat goýulýandygyny belledi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we olary geljekki nesillere ýetirmek iki tarapyň hem möhüm wezipesidir diýip nygtamak bilen, iki ýurduň arasyndaky medeni we döredijilik gatnaşyklarynyň maksatnamasyny amala aşyrmagy teklip etdi.

Ylym we bilim barada aýdylanda bolsa, bu ugurlarda hem Türkmenistan hem-de Türkiýe hyzmatdaşlyk etmekde, şol sanda dürli pudaklar üçin hünärli işgärleri taýýarlamakda uly tejribe toplady. Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda emele gelen hyzmatdaşlyk däplerini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygy barada söz açyp we Türkiýäniň meşhur ylmy merkezleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem Halkara türkmen-türk uniwesitetiniň hünärmenleri taýýarlamak, ylmy-barlag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça Ikitaraplaýyn ylmy-innowasion topary döretmek meselesini öwrenmegi teklip etdi.

Ylmyň we bilimiň, tehnikanyň hem-de tilsimatlaryň häzirki zaman dünýä ösüşindäki aýgytly ornuny nygtamak bilen, şeýle hem bu ugurda döwletara hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýyly türkmen-türk gatnaşyklarynda ylym, bilim we ýokary tilsimatlar ýyly diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu gatnaşyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji nobatda ideýalary hem-de tejribe alyşmagyň, iň öňdebaryjy tilsimatlara we innowasiýalara esaslanan teklipleri öwrenmegiň, olary önümçilige ornaşdyrmagy ýola goýmagyň, bilelikdäki ylmy maslahatlary, bäsleşikleri geçirmegiň hem-de beýleki özara peýdaly çäreleri guramagyň maksada laýykdygyny belledi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, Prezident Abdulla Güle berk jan saglyk we döwlet baştutany wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri, ähli türk halkyna bolsa bagt, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany Türkiýe Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Gepleşikler tamamlanandan soň “Çankaýa” köşgüniň mejlisler zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Arhiw pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnama; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Suw pudagynda tehniki taýdan hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Agyr jenaýatçylyga, hususan-da, terrorizme we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga; Raýat we jenaýat işlerinde hukuk hyzmatdaşlygy hakyndaky Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk babatynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministriniň Türk hyzmatdaşlyk we utgaşdyryjy agentliginiň /TIKA/ arasynda “Türkmenistanda syýahatçylygyň ösdürilmegine gönükdirilen hünär kämilleşdiriş okuw maksatnamalarynyň gurnalmagy” taslamasynyň ýerine ýetirilmegi baradaky Teswirnama gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdylla Gül Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Bilelikdäki Jarnamasyna öz gollaryny goýýarlar.

Dabara tamamlanandan soň, şol ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Prezident Abdylla Gül geçirilen gepleşiklere ýokary baha berip, 20 ýylyň içinde Türkmenistan uly ösüşe eýe boldy, onuň halkara abraýy artdy diýip belledi. Türkiýe Respublikasynyň baştutanynyň nygtaýşy ýaly, onuň ýurdunda doganlyk Türkmenistanyň ösüşiň we döretmegiň ýolunda gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden guwanýarlar.

Türkmenistan we Türkiýe—iki döwlet – bir millet diýip, türk lideri aýtdy we şunuň bilen baglylykda ýurlaryň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Prezident Abdylla Gülüň nygtaýşy ýaly, türkmen-türk gatnaşyklary ähli ugurlarda, şol sanda ykdysady ulgamda işjeň depgini bilen häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň baştutany türkmen tarapyna bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan türk işewürlerine bildirýän ynamy üçin hoşallyk sözlerini aýtdy. Ol şeýle hem Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekillerine özlerini Türkmenistanda gowy tarapdan tanadandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Abdylla Gül çykyşynyň ahyrynda dostlugyň we doganlygyň iň gowy däplerine daýanmak bilen türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, tutuş türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, saparyň netijeli geçmegi üçin ähli şertleriň döredilendigi üçin Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylaryna we ilkinji nobatda Prezident Abdylla Güle tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Häzirki saparyň şanly sene bolan Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabat gelmeginde uly many bar diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda türkmen-türk gatnaşyklary iki ýurduň mundan beýläk-de oňyn ösüşleriniň maksatlaryna laýyk gelýän täze derejä çykýar diýip nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany halkara we sebitleýin meseleleri çözmekde taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanmak bilen belläp, bu ýagdaýyň parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimleriniň hem-de howply ýagdaýlarynyň öňüni almak işinde tagallalary birleşdirmek maksady bilen, iri halkara guramalarynyň we ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň üstünlikli gatnaşyk etmegi üçin düýpli esas bolup çykyş edýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasy bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistan üçin uzak möhletleýin strategiki häsiýete eýedir diýip, häzirki ýokary derejedäki gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleriň we geljek üçin ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Türkmen Lideriniň žurnalistlere ýüzlenmek bilen habar berşi ýaly, gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmek, derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmagy dowam etdirmek hakynda ylalaşdylar. Şunda söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmegiň, şeýle hem medeni-gumanitar ulgamda, şol sanda ylym, bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda däp bolan gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine uly üns berildi.

Türkmenistanyň Baştutany netijeli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açmak, gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda şu gün gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ähmiýetini belläp, geçirilen gepleşikleriň ýokary guramaçylyk derejesini nygtady. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Abdylla Güle ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, doganlyk türk halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti “Çankaýa” köşgünden Türkiýäniň Premýer-ministriniň kabul edişlikler binasyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny türk hökümetiniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşylady.

Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentiniň hormatyna günortanlyk nahar berdi, nahar mahaly şu günki geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri hem-de onuň esasy ugurlarynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanylyp pikir alşyldy. Türk hökümetiniň Baştutany milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýäniň ýokary döwlet sylagy bolan “Döwlet nyşanynyň” gowşurylmagy bilen mähirli gutlap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidentiniň goşýan uly goşandyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany we Türkiýäniň Premýer-ministri hoşlaşanlarynda, türkmen we türk halklaryna abadançylyk, bagt hem-de üstünlikler arzuw etdiler.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Abdylla Gül günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistan” seýilgähiniň açyljak ýerine ugraýarlar, ol Ankaranyň owadan häzirki zaman seýilgäh toplumlarynyň biri bolan “Dikmen Wadisi” toplumynda döredilýär.

Munuň özi türk paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň höwes bilen dynç alýan ýeridir. Şonuň bir künjeginde iki doganlyk halklaryň dostluk gatnaşyklarynyň bakylygynyň nyşany hökmünde biziň ýurdumyzyň bagy – bossana öwrülen künjegi peýda boldy.

Şu gün bu ýerde dostlukly döwletleriň baştutanlarynyň gatnaşmaklarynda “Türkmenistan” seýilgähiniň we onuň çäklerinde özüniň ajaýyp şahyrana eserlerinde parahatçylyk, hoşniýetlilik we dostluk taglymlaryny wasp eden beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna degişli bolan setirler asyrlaryň geçmegi bilen hem adamlara hoşniýetliligiň hem-de ynsanperwerligiň nuruny çaýýar, iň oňat ynsan häsiýetlerini wasp edýär, oňa ähli halklaryň wekilleri düşünýärler. Şu gün Ankarada bolan dabaralar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Seýilgähiň girelgesinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Abdulla Güli Ankara şäheriniň häkimi garşylaýar. Milli lybasdaky ýaş ýigit we gyz döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurýarlar.

Iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki çykyşy dabaranyň özboluşly başlangyjy boldy. Döwlet liderleri ajaýyp döredijilik sowgady üçin artistlere hoşallyk bildirip, dabaraly çäräniň geçirilýän ýerine ugraýarlar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda dostlukly ýurtlaryň hökümet agzalary, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, türk paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, Ankaranyň ýaşaýjylary bar.

Resmi dabaranyň başynda türk paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň adyndan Ankara şäheriniň häkimi döwlet Baştutanlaryny mähirli mübärekleýär.

Soňra Türkiýäniň Prezidenti Abdylla Gül çykyş etdi, ol öz gadyrly dostly we dogany, türk halkyny umumy köp asyrlyk taryh, dostlugyň we ýakyn ruhy garyndaşlygyň düýpli gatnaşyklary birleşdirýän ýurduň Lideri Türkmenistanyň Prezidentini türk topragynda ýene-de kabul etmäge örän şatdygyny nygtady. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar mynasyp dowam etdirilýär, ýokary derejede geçirilen üstünlikli gepleşikler we häzirki wakalar, ýangy “Türkmenistan” seýilgähiniň hem-de beýik Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär diýip, türkmen Lideri belledi.

Türkmen topragy biziň ata-babalarymyzyň topragydyr, biziň bir ruhy köklerimiz we medeni däplerimiz bardyr, biz olara ýokary hormat we sarpa goýýarys diýip, Prezident Abdylla Gül nygtady we täze seýilgäh iki doganlyk halklaryň mizemez dostlugynyň täze nyşany boljakdygyna, onuň geljekde hem ösüşiň we Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna berkejekdigine ynam bildirdi. Prezident Abdylla Gül medeni-gumanitar ulgamda däp bolan özara gatnaşyklary giňeltmek barada aýdyp, iki halklaryň mundan beýläk-de ruhy-medeni taýdan baýlaşmagy üçin giň mümkinçilikleri açýan bilelikdäki çäreleriň geçirilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti öz kärdeşi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berýär.

Türkmenistanyň Baştutany türkmen wekiliýetine myhmansöýerlik görkezilendigi hem-de Türkiýäniň paýtagtynda — gadymy we özboluşly şäherde mähirli garşylanandygy üçin türk liderine we bu ýere ýygnananlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, iki doganlyk halklaryň taryhyna altyn sahypa bolup girjek şu şanly wakalaryň aýratyn ähmiýetini nygtady. “Bu ajaýyp seýilgäh we nurana heýkel biziň ata-babalarymyzyň ýagty ýadygärligine we olaryň bize goýan beýik mirasyna uly sarpanyň we hormat-sylagyň nyşanydyr” diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine, Ankara şäheriniň häkimine we “Türkmenistan” seýilgähini abadanlaşdyrmaga gatnaşyjylaryň hemmesine minnetdarlyk bildirip, doganlyk türkmen hem-de türk halklarynyň arasyndaky häzirki gatnaşyklaryň täze mazmuna eýe bolýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Munuň hut şeýledigine türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň iň ýokary derejede, däp bolan birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, sebit we dünýä meselelerinde garaýyşlarymyzyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi hem aýdyň şaýatlyk edýär diýip, Türkmenistanyň Baştutany aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gumanitar – medeni hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdüriljekdigine uly ynam bildirip, iki ýurduň bu meýliniň Prezident Abdylla Gül bilen şu gün geçirilen gepleşikleriň barşynda tassyklanylandygyny belledi.

Türkmenistanyň Baştutany ýokary derejedäki türkmen-türk duşuşygy we gepleşikleri bilen gabat gelen, “Türkmenistan” seýilgähiniň hem-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşyna bagyşlanan wakalaryň häzirki we geljekki nesillerimizi terbiýelemek işinde aýratyn ähmiýetini belledi. Biziň öz umumy geçmişimizi bilmegimiz häzirki döwürdäki medeni-gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek üçin binýatlyk esaslaryň biri bolup durýar diýip, türkmen Lideri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkiýede türkmen halkynyň gadymy we baý medeni mirasyny öwrenmäge uly üns berilýär, dürli jemgyýetçilik, döredijilik we ylmy çäreleriň yzygiderli geçirilmegi, şeýle hem Ankara uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ýörite dersiň okadylýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu ajaýyp seýilgähe gezelenje gelen her bir adam türkmen we türk halklarynyň aslynyň birdigine, olaryň şöhratly taryhynyň bardygyna we adamzadyň medeni hazynasyna mynasyp goşant goşan beýik şahsyýetleriniň bolandygyna göz ýetirer diýip, türkmen döwletiniň Baştutanyny sözüni dowam etdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sözlerini tassyklap, beýik şahyryň mähriban halkymyzyň azatlygy we agzybirligi, Watanymyzyň kuwwaty hakyndaky arzuwyny – Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny almagy bilen hasyl bolan arzuwy beýan eden Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” diýen goşgusyndaky paýhasly setirleri bu ýere ýygnananlara ýatlatdy. Täze “Türkmenistan” seýilgähinde türkmen şahyrynyň, ynsanperweriniň ajaýyp setirleri belent hem-de joşgunly ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynyň ahyrynda hemmeleri ajaýyp seýilgähiň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly açylyşy bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, Ankara şäheriniň ýaşaýjylaryna bagt, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi. “Goý, Türkmenistan bilen Türkiýäniň hem-de biziň asly bir halklarymyzyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklary mundan beýläk has-da berkesin!” diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Soňra dostlukly döwletleriň Liderleri Magtymguly Pyragynyň seýilgähde oturdylan heýkeline tarap barýarlar we bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda onuň örtügini aýyrýarlar. Ine, şonda şahyr asyrlaryň jümmüşinden ýene-de özüne sarpa goýýanlara mähirlilik we paýhaslylyk bilen nazaryny dikdi. Beýik türkmen şahyrynyň täze ýadygärligini döredenler Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik toparyny düzýän türkmen heýkeltaraşlarydyr. Ýadygärligiň beýikligi 5 metre golaýdyr. Beýik şahyr döredijilik hyjuwy bilen gurşalan pursatynda şekillendirildi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti resmi saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Türkiýäniň milli parlamentine bardy, munuň üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň maşyn kerweni Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň binasyna ugrady.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň resmi kabul edişlikler binasynyň merkezi girelgesinde belent mertebeli myhmany Türkiýäniň milli parlamentiniň başlygy Jemil Çiçek we Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň, baş sekretary Saadetdin Kalkan mähir bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Baştutany mejlisler zalyna geçýär, şol ýerde Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň hem-de türk parlamentiniň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk boldy.

Türk parlamentiniň başlygy Jemil Çiçek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen salamlaşyp, türkmen Lideri bilen duşuşmaga tüýs ýürekden şatdygyny nygtady, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistan ýokary halkara abraýyndan peýdalanýan, depginli ösýän güýçli döwlete öwrüldi. Türkiýäniň milli parlamentiniň başlygy Türkiýäniň dostlukly Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna häzirki saparynyň dostlugyň iň oňat däplerinde, deňlik we özara peýdalylyk ýörelgelerinde guralýan döwletara türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň Baştutanyny türk Parlamentiniň düzümi, onuň esasy maksatlary hem-de wezipeleri bilen tanyşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Türkiýe Respublikasynyň bir palataly ýokary kanunçylyk edarasy bolup durýar. Onuň düzümine 550 deputat saýlanýar, olaryň ygtyýarlylyk möhleti 4 ýyldyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip we mähirli kabul edendikleri üçin ony guraýjylara minnetdarlyk bildirip, şu gün bolup geçen, ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik beren hem-de Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky öňden bar bolan doganlyk we dostluk gatnaşyklaryny has ýokary derejä çykarmaga iki ýurduň çalyşýandygyny tassyklan ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ýokary netijeliligini nygtady. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara –hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge uly orun berilýär. Şu nukdaý nazardan iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek hem-de jemgyýetiň kanunçylyk esaslaryny kämilleşdirmek işinde tejribe alyşmak möhüm bolup durýar.

Türkmenistanyň Prezidenti “Biz Türkmenistanda bu ugurda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň işine we tejribesine uly gyzyklanma bilen garaýarys” diýip bellemek bilen, iki ýurduň Parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk däbe öwrülen ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly itergi berer we bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösmegi üçin zerur şertleri döreder diýip, ynam bildirdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen we yzygiderli kämilleşdirilýän milli kanun çykaryjylyk ulgamy türkmen halkynyň paýhasyna, onuň ynsanperwer ýörelgelerine hem-de ylalaşykda ýaşamaga çalyşmagyna, şeýle hem ýokary ynsansöýüjilik we oňyn hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. Şunuň bilen birlikde milli kanunçylyk häzirki günüň umumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen Türkmenistany häzirki zaman ýokary ösen döwletleriň hataryna çykarmaga, halkara derejesinde onuň abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Baştutany sözüni dowam etdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegi türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, onuň jemgyýetçilik-syýasy hem-de durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda Türkmenistanda kanunçylygy giň möçberde özgertmek geçirilýär, şonuň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda konstitusion özgertmeler durmuşa geçirildi we täze kanunlar kabul edildi diýip belledi. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda ählihalk tarapyndan makullanylan täze redaksiýasy täze taryhy eýýamyň hakyky ýagdaýlaryny, şeýle hem biziň öňümizde duran uzak möhletli wezipeleri beýan edýär diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylary türkmen parlamentiniň düzümi we ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn reformalary we uly möçberli özgertmeler maksatnamalaryny kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen işi bilen jikme-jik tanyşdyrdy, şol reformalaryň we özgertmeleriň esasy maksady milli ykdysadyýetimizi ösdürmekden, türkmen halkynyň maddy hal -ýagdaýyny hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmen döwletiniň Baştutany hökmünde deputatlar we Mejlisiň başlygy bilen yzygiderli duşuşýaryn, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň öňünde duran möhüm meseleler boýunça aç-açan ýagdaýda pikir alyşýaryn, bu meseleleri çözmegiň kanunçylyk esaslary hakynda söz açýaryn. Şeýle hem deputatlaryň ýerlerde alyp barýan işleri bilen gyzyklanýaryn diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçylyk we ýerine ýetiriji edaralaryň ylalaşylan işiniň uly ähmiýetini belläp, bu meseleler adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň hemişe üns merkezinde durýar diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň möhüm ugurlarynyň hatarynda döwlet we häkimiýet ulgamyna, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge, maşgala we zähmet, gatnaşyklaryny, bilim ulgamyny düzgünleşdirmäge, hukuk tertibini berkitmäge, jenaýatçylygyň öňüni almaga we oňa garşy göreşmäge, şeýle hem tebigaty goramaga we tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga degişli kanunçylygy kämilleşdirmek bolup durýar diýip belledi.

“Döwletimiziň kanunçylygynyň ösüşi bu gün halkara-hukuk talaplaryna laýyk gelmek bilen, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýar. Biziň döwletimiz bu gün 124 sany halkara konwensiýalaryna gatnaşýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyna daýanýar” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türkmen döwletiniň Baştutany öz çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge iki döwletiň halk tarapyndan saýlanan wekilleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen parlamentiniň türk kärdeşleri bilen parlamentara gatnaşyklary işjeň ösdürmäge taýýardygyny belläp, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň deputatlaryny Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy.

Iktaraplaýyn duşuşyk tamamlanandan soň, türk Parlamentiniň başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş geňeşiniň merkezi binasyna çagyrdy. Baş geňeşiň başlygynyň iş otagynda çaý başynda gysgaça söhbetdeşlik boldy, şonuň barşynda iki döwletiň parlamentleriniň netijeli gatnaşyklaryna ýardam etmegiň käbir ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş geňeşiniň mejlisler zalyna geçýär, şol ýerde onuň agzalarynyň öňünde söz sözleýär.

Türkmen döwletiniň Baştutany bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, Türkiýe Respublikasynyň halk häkimiýetiniň ýokary kanunçylyk edarasyna gelip görmäge we onuň agzalary bilen duşuşmaga berlen mümkinçilik üçin şatdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar biziň halklarymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan taryhy we ruhy kökleriniň, medeniýetleriniň, däp-dessurlarynyň, diliniň we aňyýetiniň umumylyklaryna esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklyga esaslanýan gatnaşyklarynyň strategik häsiýetini belläp, ýakyndaky taryhyň ýagdaýlaryny mysal hökmünde getirip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny dünýäde ilkinji bolup ykrar eden döwlet Türkiýedir diýip nygtady. “Doganlyk Türkiýe döwleti biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde hem ýakyndan goldaw berdi we ýardam etdi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alandan soň, ýeňil bolmadyk ilkinji ýyllarynda türk doganlarymyz hemişe biziň bilen egin-egne berip durdular, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň emele gelmegine we onuň dünýä bazaryna goşulmagyna uly kömek etdiler, biz muny hiç wagt unutmarys” diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň syýasy we ykdysady ösüşiniň esasy meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigine, käteler bolsa gabat gelýändigine ünsi jemläp, Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogar sebitinde parahaitçylygy we özara düşünişmegi saklamak işinde türkmen-türk gatnaşyklarynyň uly ähmiýetini, bu ugurda halkara bileleşigi tarapyndan amala aşyrylýan köptaraplaýyn tagallalara oňyn täsirini ýetirýändigini nygtady.

Türkmenistan we Türkiýe abraýly halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde arkalaşykly hereket edýärler diýip, türkmen Lideri aýtmak bilen, Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we energetika babatdaky halkara başlangyçlaryny Türkiýäniň hemişe goldaýandygyny uly minnetdarlyk bilen belledi.

Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň halkara we sebit derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek baradaky tagallalaryny Türkmenistanyň goldaýandygyny hem görkezip, iki ýurduň hem halkara terrorçylygyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde bilelikde ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany ykdysady ulgamda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň üstünde durup geçip, türkmen döwletiniň ykdysady strategiýasynyň «açyk gapylar» we diwersifikasiýa syýasatyna daýanýandygyny aýtdy, bu bolsa, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegini milli we halkara bähbitlerini göz öňünde tutup ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, ýurdumyzyň ägirt uly energiýa serişdelerini özleşdirmek we olary dünýä bazaryna çykarmak maksady bilen, bize maýa goýumlaryny çekmekde daşary ýurt işewürleri, şol sanda türk doganlarymyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek üçin esas bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkiýe Respublikasy biziň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Häzirki döwürde türkmen-türk ykdysady gatnaşyklary ýokary depginler bilen ösýär we anyk mazmuna eýe bolýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz daşary söwda haryt dolanyşygynyň depginli ösüşini mysal hökmünde getirdi, geçen 2011-nji ýylyň jemleri boýunça iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 3 milliard 650 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu bolsa 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,8 esse köpdür. Geljekde iki ýurduň arasyndaky söwdanyň has ýokary depginlerde ösjekdigine türkmen Lideri berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň strategik maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge türk kompaniýalarynyň gatnaşmagy barada söz açyp, häzirki wagtda biziň ýurdumyzda 600-den gowrak türk kompaniýasy iş alyp barýar. Bu kompaniýalar, esasan hem, senagat, gurluşyk pudagy, söwda we hyzmat ediş ulgamy, dokma we gaýtadan işleýän pudak ýaly ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynda netijeli işleýärler. Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 16 milliard 100 million amerikan dollaryna, 2 milliard 600 million ýewro, 19 milliard 152 million ýapon iýenine deň bolan, şeýle hem milli manadymyzda amala aşyrylýan uly möçberli 1 299 sany taslama hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Baştutany iki ýurduň doganlyk-dostluk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösmeginiň möhüm mysaly hökmünde

medeni-gumanitar ugurdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy atlandyrdy.

Türkiýe Respublikasyna häzirki resmi sapar munuň aýdyň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şol saparyň barşynda şu gün Ankaranyň iň gözel ýerleriniň birinde «Türkmenistan» seýilgähiniň we bu seýilgähde beýik akyldarymyz, dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýän şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly açylyşy boldy. Medeniýet we sungat, ylym we bilim babatdaky hyzmatdaşlyk biziň halklarymyzyň mundan beýläk-de özara ýakynlaşmagy we ruhy taýdan baýlaşmagy üçin oňat esas bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdirdi. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen talyplarynyň Türkiýede okamagyny guramak meselelerinde ýardam berendigi üçin türk tarapyna minnetdarlyk bildirip, türkmen talyplarynyň müňlerçesiniň Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okap, hünär öwrenendiklerini, olaryň türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli zähmet çekýändigini we häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň köpüsiniň doganlyk ýurtlarda okamagyny dowam etdirýändigini belledi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, hoşniýetli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmeginde iki ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygynyň hem uly ähmiýeti bardyr. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň netijeliligini görkezip, Türkiýäniň parlamentiniň Türkiýe döwletiniň kämil ösüş ýoluny üpjün etmekde, jemgyýetde kanunyň hökmürowanlygyny berkarar etmekde nusga alarlyk işleri amala aşyrýandygyny belledi. “Aýratyn hem, milli ýörelgeleriň bütin adamzat gymmatlyklary bilen utgaşdyrylmagy, döwletara gatnaşyklarynyň halkara-hukuk binýadynyň berkidilmegi ýaly möhüm meseleler boýunça siziň tejribäňize uly üns bermek zerur diýip hasap edýärin” diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow parlamentarilere ýüzlenip aýtdy.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň milli kanunçylyk ulgamyny häsiýetlendirip, onuň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine laýyk gelip, umumyadamzat gymmatlyklaryna hem esaslanýar diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygta&#

Degişli makalalar

Türkmenistan Dünýäniň Ulag Ulgamyna Işjeň Goşulyşýar

Ali Larijani Eýranyñ Mejlisiniñ başlygy hökmünde saýlandy.

syrach

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” Döwlet Täjirçilik Banky Erkin Pul Serişdeleriňizi Amatly Şertlerde Ýerleşdirmegi Hödürleýär

turkmenhabargullugy