13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk Toparynyň Duşuşygy Geçirildi

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň wekilleri, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Maslahatda ýapon wekiliýetine Türkmen-Ýapon Parlamentara Dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy, Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň Maliýe meseleleri boýunça müdirliginiň direktory Matsuşita Şinpeý ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklarda ýetilen sepgitler barada pikir alşyp, taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine we strategiki häsiýetine seretdiler. Şeýle-de iki ýurduň arasyndaky ýola goýlan parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýeti hem-de kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky gepleşikleriň wajyplygy nygtalyp geçildi.

Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin köptaraply potensialyň bardygy nygtaldy. Şeýle hem ynsanperwer ulgamyndaky – ylym, bilim we medeni ugurlardaky hyzmatdaşlygyň täze ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.

Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň abraýly halkara guramalaryň, şol sanda, BMG-niň çäklerinde köptaraply düzümde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýandyklary barada bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini kanagatlanma bilen belläp, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygy hakynda nygtadylar.

Sanly Wideo Aragatnaşyk Arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Mejlisi Geçirildi

2020-nji ýylyň 29-njy maýynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Asadow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri E.Asrandiýew, Moldowa Respublikasynyň Premýer-ministri I.Kiku, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedew dagylar gatnaşdy.

Duşuşyk dar hem-de giňişleýin düzümlerde geçirildi. Mejlisiň dowamynda Hökümet baştutanlary Arkalaşygyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag, senagat ulgamlarynda özarahereket etmegiň hem-de koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasyna garşy göreşmek derwaýys meseleleri boýunça pikirleri alyşdylar. Bu ugurda taraplar COVID-19 wehiminiň ýaýramagynyň ýeňip geçilmeginde tagallary utgaşdyrmagyň we umumy çemeleşmeleri işläp düzmegiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda emele gelen häzirki ýagdaýlarda biziň däp bolan gün tertiplerimiz üýtgeýär we biz koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe örän aýratyn üns bermelidiris diýip belläp geçdi. GDA-nyň ýurtlarynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli gurallaryny ýola goýmalydyklary görnetindir. Hususan-da, GDA ýurtlarynyň arasynda serhetlerde sanitar-karantin çäreleriniň üpjün edilmegi boýunça utgaşykly hereketleri durmuşa geçirmekleri barada gürrüň edilýär. Şonuň bilen bir wagtda hem ylmy diplomatiýanyň gurallary doly göwrümde ulanylmalydyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ugurdaky başlangyjy täze görnüşdäki ýokançlaryň gelip çykyşynyň tebigatynyň, koronawirus tarapyndan döredilýän keselleriň görnüşleriniň ýüze çykyşynyň aýratynlyklarynyň jikme-jik öwrenilmeginiň meseleleri boýunça tejribeleriň we maglumatlaryň yzygiderli alyşylmagyny göz öňünde tutýandyr.

Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň barşynda garalan düýpli resminamalaryň biri hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasy bolup durýandyr. Strategiýanyň mazmuny Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçen ýyl işlenilip düzülen we kabul edilen GHDA gatnaşyjy-döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Aşgabat Jarnamasynyň mazmunyna we meýillerine doly gabat gelýändir we ýokarda agzalan Jarnamanyň logiki dowamy bolup durýandyr.

Mejlisiň dowamynda şonuň ýaly-da Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutýan Ugurlary hakyndaky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2021-nji ýylda Binagärlik we şäher gurluşygy ýylyna bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasy hakyndaky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2021-2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlygynyň ösüş Strategiýasy hakyndaky we COVID-19 koronawirus ýokanç kesleiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilelikdäki tagallalary hakyndaky resminamalaryň çözgütlerine seredildi hem-de kabul edildi. TDH

Degişli makalalar

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Hyzmatdaşlygy, Senagaty Ösdürmek Hem-de Aziada-2017-ä Taýýarlyk Meselelerine Garaldy