6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen Ylmynyň Ýaş Zehinleriniň Sylaglanyş Dabarasy

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara, däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň ylmynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan zehinli türkmen alymlarynyň ençemesini kemala getiren Türkmenistandaky iň meşhur okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ylymlar güni — bu örän aýratyn baýramçylyk. Geçmişdäki beýik akyldarlaryň bize goýan ägirt uly mirasyny dikeltmegiň nyşany bolan bu baýram ýurdumyzyň ylmynyň, intellektual ösüşiniň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine iň öňdebaryjy we batyrgaý başlangyçlary, täzeçil tehnologiýalary işjeňleşdirmegiň hil taýdan täze sepgitlerini şöhlelendirýär. Bu gün hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alymlarymyzyň ylmy-barlag işleri, açyşlary we işläp düzmeleri döwletimiziň we halkymyzyň bähbidine hyzmat edýär.

Ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmekde alnyp barylýan ägirt uly maksatlaýyn işleriň aýdyň güwänamalarynyň biri hem milli Liderimiz tarapyndan yglan edilen hem-de bu şanly senä gabatlanyp geçirilýän ylmy işleriň döwlet gözden geçirilişi, jemgyýetimiziň intellektual kuwwatyny ösdürmek we bu ulgama täze güýçleri we zehinleri çekmek bolup durýar. Bu bäsleşik zehinli ýaşlary—alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. 

Bäsleşige ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň okuwçylary, işjeň ylmy işler bilen içgin gyzyklanýan islendik kärdäki ýaş türkmenistanlylar gatnaşýarlar. 


Bu abraýly bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýylsaýyn artýar. 
Eger geçen ýyl olar 897 bolan bolsa, şu ýyl bäsleşýänleriň sany 955-e ýetdi. Olaryň 272-si alymlardyr we 683-si talyplardyr we okuwçylardyr. Bilermenler toparynyň garamagyna häzirki döwrüň ylmynyň möhüm ugurlarynyň altysy boýunça işläp taýýarlamalar we barlag işleri hödürlendi. Olar nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýasy, täze serişdeleri öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; habar beriş – aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýasy; lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýalary; innowasiýa ykdysadyýeti; ynsanperwer ýaly ugurlardyr. 

Işleriň aglaba böleginiň türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyny, milli döwletliligiň taryhyny, taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň meselelerine bagyşlanandygy bellärliklidir. Ýaş alymlaryň şeýle gözlegleriniň ugurlary ýurdumyzda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen şu ýylyň maksatlary we wezipeleri bilen baglylykda, has hem uly ähmiýete eýedir. Hödürlenen işleriň möhümdigine, netijeleriň iş ýüzünde ähmiýetine we ony önümçilige ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerine, ylmy täzeçilligiň derejesine baha bermek bilen, bilermenler topary tarapyndan ýeňijiler kesgitlendi. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde baýramçylyk hem-de ýokary ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, görnükli ylmy işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň,  ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň hem-de talyplaryň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň doktorantlary we aspirantlary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň arasynda şu gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde açylan “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasiýa tehnologiýalary” atly halkara  ylmy maslahatyna gatnaşyjylar hem bar. 

Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaşlaryň arasyndaky ylmy gözden geçirilişiň ýeňijilerine Gutlagyny ýokary ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini gazanan üstünlikleri bilen gutlap, dünýädäki beýik işleriň, adamzat jemgyýetiniň ösüşiniň ylym-bilim bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Ylym-bilim biziň ähli ösüşlerimiziň binýady bolup durýar. Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirenimizde öňdebaryjy innowasion-tehnologiki  tejribelere, düýpli ylmy esaslara daýanýarys. 

Soňra bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýaşlaryň ylmy bäsleşiginiň köpsanly ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat diplomlary we gymmatly sowgatlar gowşuryldy. Aň-bilim bäsleşiginiň ýeňijileri ýurdumyzyň ýaş nesli hakynda hemmetaraplaýyn edýän aladasy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Waranymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ähli 
gujur-gaýratlaryny, zehinlerini hem-de bilimlerini sarp etjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar. 

Ýygnananlar öz çykyşlarynda döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigini, dünýäniň ylmy giňişligine üstünlikli goşulyşmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň möhümdigini nygtadylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde döwletimiziň hem-de Diýarymyzyň alymlarynyň öňünde duran esasy wezipeleri kesgitlemek bilen, milli ylmyň ösüşine innowasion häsiýet bermäge, ýurdumyzyň we dünýä ylmynyň gazananlaryny iş ýüzünde giňden peýdalanmaga, önümçilige we bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, täzeçil teklipleriň toplumyny döretmäge uly ähmiýet berýär.    

Ýurdumyzda ýokary okuw mekdepleriniň 20-den gowragy hereket edýär. Olarda ýokary hilli we hemmetaraplaýyn bilim almak hem-de ylym bilen meşgullanmak üçin ähli şertler bar. Ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ylmy hereketlerini höweslendirmek, türkmen ykdysadyýetine ýaş alymlaryň goşandyny ýokarlandyrmak, iň gowy ylmy başlangyçlaryň işe girizilmegine we peýdalanylmagyna goldaw bermek maksady bilen, ýaş alymlaryň Geňeşleri işleýär. 

Ylmy döredijilik üçin mümkinçilikleriň, maglumatlary alyşmagyň  giňelýän, dünýäniň esasy ylmy-barlag hem-de bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulýan täze eýýamda ýurdumyz halkara ylmy maslahatlarynyň we sergileriň geçirilýän iri merkezine öwrülýär, türkmenistanlylaryň zehinli ýaş nesli bolsa ylmy-barlag işlerine işjeň gatnaşyp, abraýly halkara ylmy maslahatlarynda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýärler. 

Muňa ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň halkara ders we taslama bäsleşiklerinde medallaryň 51-sine, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň bolsa halkara bäsleşiklerde medallaryň 8-sine mynasyp bolmagy hem şaýatlyk edýär. 

Uniwersitetiň eýwanynda ylym pudagynda we täze tehnologiýalar ulgamynda ýaş alymlaryň oňyn döredijilik gözleglerini äşgär edýän sergi guraldy. Onda kitaplar hem-de ylmy işleriň ýygyndylary, dürli gurnamalaryň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulgamyndaky açyşlaryň, himiýa önümlerini öndürmegiň innowasion tehnolgiýalary, Garagumuň çägesinden  gurluşyk serişdelerini hem-de kremniý almagyň aýratynlyklary, Türkmenistanyň dürli künjeklerinde ösýän ösümlikleriň esasynda dermanlyk serişdeleriň täze işläp taýýarlamalary görkezildi. 

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan taýýarlanan “Bagtyýarlyk döwrüniň ýaş alymlarynyň ylmy gadamlary” atly işleriň ýygyndysy bu milli aň-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileriniň döredijilikli gözlegleriniň gerimini görkezdi. Neşir Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine goşant goşjak ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň ylmy barlaglarynyň we amaly işläp düzmeleriniň netijeleri bilen tanyşdyrýar. 

Ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzyň ylmyny we bilimini innowasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatynyň  üstünlikli amala aşyrylýandygy, milletimiziň örän baý aň-paýhas kuwwatynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýändigi üçin  döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler we öz nobatynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin ähli tagallalaryny  gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

Dabaranyň ahyrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Aziada 2017-ä Bagyşlanan Halkara Maslahat

syrach

В Туркменистане открылся новый международный аэропорт – в городе Керки

turkmenhabargullugy