6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenabat Halkara Howa Menzili

Türkmenabat -Türkmenistanyň iri senagat, söwdä we medeni merkezi. Bu şäher gadymy döwürlerden bäri ykdysady gatnaşyklar üçin amatlylygy bilen özüne çekýär: bir döwürlerde bu künjeklerden Beýik Ýüpek ýoly geçipdir, gyzgalaňly baý bazarlar, kerwensaraýlar kaşanlygy bilen jahankeşdeleri hem-de täjirleri haýran galdyrypdyr… Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň taryhy öz gözbaşyny 1927-nji ýyldan alyp gaýdýar, şol wagt Çärjewi Dörtgüliň we Täze Ürgenjiň üsti bilen Daşhowuza birleşdirilen ilkinji howa gatnawy açyldy. Bu howa ýolunda Çärjew awiakärhanasy “Ýunkers” ÝU-13, K-4 uçarlaryny ulanypdyr. Jemi 8 uçar hereket edipdir. 1932-nji ýylda Türkmenistanyň raýat howa flotunyň üsti täze sowet ýolagçy uçarlary bilen ýetirilýär. Olar K-5 we ANT9 uçarlardy. Olaryň binýadynda 1932-nji ýylda Çärjew howa menziliniň awiabölümçesi döredilýär, ol aralyk aerodromsyz, gönüden-göni Çärjew – Daşhowuz awiaýoluna hyzmat edip başlaýar. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 2018 ýylda täzeden dikeldilen halkra howa menzili üstünlikli işläp başlady. Türkmenabat halkara howa menziliniň täze toplumynyň raýat awiasiyýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklygyny Germaniýa federatiw respublikasynyň Mýunhen howa menziliniň beren sertifikaty tassyklaýar. Türkmenabat halkara howa menzilinde ep-esli geografiki mümkinçiligi bar, ýagny GDA ýutlardan günorta-gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika gidýän howa ýollarynyň kesişmesinde ýerleşmek bilen amatly geografiki ýagdaýy eýeleýär.

Welaýatyň senagat düzüminiň okgunly ösdürilmegi bilen onuň örän baý gazylyp alynýan baýlyklarynyň özleşdirilmegi ilatyň durmuş-ykdysady derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär, işewürlik we maya goyum işleri rowaçlanýar. Bularyň ählisi, şeýle hem ýurt möçberinde ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy Türkmenabat şäherindäki howa menziliniň goýberiş mümkinçiliklerini sagatda 500 ýolagça çenli artdyrmak bilen, häzirki zaman täze halkara howa menziliniň gurulmagynyň zerurlygyny şertlendirdi.

Terminalyň daşky keşbi häzirki zaman türkmen şäher gurluşygynyň esasy binägärlik meýillerini açyp görkezýär. Binanyň umumy görnüşiniň aýratynlygy, onuň Oguz hanyň sekizburçluk ýyldyzy şekilinde ýerine ýetirilenligindedir. Ýolagçy terminalynyň binasy özüniň ütgeşik şekili üçin, iň uly ýyldyz şekilli ýolgçy terminaly ýaly Ginesyň rekordlar kitabyna girdi. Garaşylýan otaglar we bellige alynýan nokatlar, enäniň we çaganyň otaglary, şeýle hem maglumat tablosy, sorag-jogap nokady, petek satylýan kassalar, goş saklanylýan otaglar, bankomatlar, naharhanalar we beýlekiler täze howa menziliniň ýolagçylarynyň hyzmatynda bolar. Terminal içerki gatnawlaryň hem-de halkara gatnawlarynyň ýolagçylaryna hyzmat etmek boýunça iki zolaga bölünýär, munuň özi ýolagçylara hyzmat etmegiň aňrybaş oňaýly şertlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Topluma, beyikligi 55 metr bolan 11 gatly dispetçer diňi girýär. Awiaparkyň tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen täzelenmegi, ýolagçy we ýük gatnawlarynyň çalt depginler bilen ösmegi, halkara howa gatnawlarynyň ugurlarynyň giňeldilmegi howa hereketini dolandyrmagyň ulgamyna iň täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň zerurlygyny şertlendirdi.

Türkmenabat howa menziliniň howa hereketini dolandyrmak merkezini tehniki taýdan enjamlaşdyrmak işleri – maglumat, nawigasiýa ulgamlary, radioelektronika enjamlary we beylekiler bilen abzallaşdyrmak işleri «Thales» fransuz kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Häzirki zaman ulgamlar islendik wagt aralygynda howanyň ýagdaýyny ýokary takyklykda modilirlemek we çaklamak bilen iş orunlarynyň doly awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edip, howa hereketini dolandyrmak işinde adamyň ýetirýän täsirini azaltmaga mümkinçilik berýär. Aýratyn desgada zerur bolan meteorologiýa enjamlary ýerleşdirilendir. Merkezleşdirilen ýangyç guyujy beket, ýangyna garşy we halas ediş gulluklarynyň desgalary iň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilendir.

Aerodrom düzümini gurnamak boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi. Emeli örtükli uçuş-gonuş zolagynyn uzynlygy 3800 metre we giňligi 60 metre, beton örtüginiň umumy meýdany bolsa 768,4 müň inedördül metre deňdir. Howa gämileriniň öwrülmegi üçin rulez ýodajyklarynyň 7-si gurnaldy. Yşyk bilen duýduryş enjamy, nawigasiýa gurallary oturdyldy. Türkmenabat howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy hatda çylşyrymly howa şertlerinde hem ugarlaryň islendik görnüşlerini kabul etmäge niyetlenendir. Aerodromyň meydany 215 müň 743 inedördül metre deňdir. Howa gämileriniň duralgasy 8 uçara niyetlenendir. Şeyle hem perronda 4 dikuçar üçin meydança göz öňünde tutuldy. 2 müň 986 inedördül metr meýdany eýeleýän aerodromyň awiasiýa tehniki binýady howa gämilerini, şol sanda daşary ýurtlaryň uçarlaryny abatlamak boýunça us- sahanalaryň önümçilik ulgamyndan ybarat bolup, howa tehnikasyna ýokary hilli hyzmat etmek hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýurdumyzyň howa menzilleriniň işinde möhüm meýilleri alamatlandyrýar. Raýat howa gämilerini uçuşa taýýarlaýyş ulgamy örän çylşyrymly ýörite enjamlardan hem-de zerur bolan gurallardan ybarat bolup, olarda işlemek üçin kämil hünärmenler taýýarlanyldy.

Toplumyň düzümine, şeyle hem howa menziliň edara binasy, myhmanhana, lukmançylyk merkezi, umumy meydany 4 müň 109 inedördül metre deň bolan ýük terminaly girip, ol häzirki zaman ammar, terezi, elektrik göteriji enjamlar we rentgen-telewizion ulgamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýük terminaly diňe bir dürli ýükleri kabul etmek, saklamak, olary işlemek hem-de ýükleri alyanlary we olary daşaýanlary täjirçilik maglumatlary bilen üpjün etmek bilen baglanyşykly amallary ýerine yetirmek üçin niyetlenen bolman, eýsem, bu terminal ýük gatnawlary işlerine gatnaşýanlary bir bitewi logistika ulgamyna birleşdiryän işewürlik merkezini öz içine alýar, munuň özi her bir buýurmany ýerine ýetirmegiň wagtyny tygşytlamaga, hyzmatyň ýokary hilini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýük gatnawlary türkmen howa kärhanalarynyň üstaşyr we ýörite ýükleri gatnatmagyň dünyä bazaryna goşulyşmagyny mundan beýläk-de giňeltmegiň hasabyna uly mümkinçiliklere eýedir.

Türkmenabat howa menziliniň taslamasy düzülende, şeyle-de onuň gurluşygynda şeyle desgalara mahsus bolan işleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edyän ähli aýratynlyklar göz öňünde tutulandyr, öňdebaryjy inžener-tehniki işläp taýýarlamalar, innowasiýa tehnologiýalary we iň kämil dünyä tejribeleri ornaşdyrylandyr. Toplumyň binägärlik keşbinde milli binägärlik sungatynyň ýörelgeleri hem-de bu ulgamda häzirki döwrüň gazananlary sazlaşykly utgaşýar. Türkmenabadyň täze howa menziliniň toplumy şäher eteginden birnäçe kilometr aralykda – Aşgabat -Türkmenabat awtomobil ýolunyň we Aşgabat—Kerki demir ýolunyň golaýynda ýerleşýär. Şeylelikde, bu howa menziliniň welaýatyn dolandyryş merkeziniň golaýynda gurulmagy bilen, ýurdumyzyň barha ösýän iri senagat we oba hojalyk sebitinde multimodal ulag logistika merkezi emele geldi.

Çeşme: Türkmenabat Halkara Howa Menzili

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa—Türkmen Jemgyýetiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

syrach

Döwlete Degişli Däl Ulgamda Senagat Önümçiligi 40 Göterim Ýokarlandy

turkmenhabargullugy

Mary Halkara Howa Menziliň Taryhy

turkmenhabargullugy