Türkmenabatda Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň ýadygärligi açyldy. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň köçeleriniň birine-de onuň ady dakyldy. Ýadygärligiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Dabara ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti hemişe halklaryň dost-doganlyk gatnaşyklaryna daýanan döwletara türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Yslam Abduganiýewiçiň uly ornuny nygtady.
Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine iň oňat ýadygärlik – bu onuň işiniň mynasyp dowam etdirilmegidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, umumy taryhy kökleriň netijeli döwletara gatnaşyklarynyň berk binýady bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Türkmen we özbek Liderleri Yslam Karimowyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.