“Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawody koagulýantyň- tehniki arassalanan sulfat ammonisiniň birinji tapgyryny çykardy. Hojalykda ulanylýan-agyz suwuny we senagata niýetlenen suwy howply garyndylardan hem-de zyýanly mikroorganizmlerden arassalamak üçin reagentiň önümçiligi “Ussat ýardamçy” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda ýola goýuldy. Bilelikdäki önümçilik köne sehiň binýadynda döredildi. Telekeçileriň gatnaşmagynda üznüksiz işleýän liniýalaryň dördüsinden biri dikeldildi we işe girizildi, enjamlar hem-de binalar abatlanylýar.
Ýylyň başyndan bäri “Ussat ýardamçy” HJ-nyň maýa goýumlarynyň hasabyna Russiýadan, Hytaýdan, Italiýadan we Türkiýeden 100 tonna golaý ammoniý gidroksidi satyn alnyp, oňa kükürt kislotasy bilen garylyp, 350 tonna ýokary hilli koagulýant alyndy. Suw arassalaýjynyň ilkinji tapgyry “Türkmengazüpüjnçilik” Birleşiginiň kärhanalarynda, Mary DES-nde we ýurdumyzyň sebitlerindäki suw arassalaýjy kärhanalarda synagdan geçirildi. Türkmenabatly himiýaçylaryň önümi döwlet ölçeglerine laýyk diýlip ykrar edildi we laýyklyk sertifikatyny aldy.
Täze önümçiligiň direktory Röwşen Abaýewiň aýtmagyna görä, tehniki taýdan arassalanan sulfat ammonisine isleg ýylda 15 müň tonna golaýdyr. Şu wagta çenli ol daşary ýurtlardan getirilýärdi. Häzirki wagtda telekeçiler koagulýant çykarmak boýunça önümçilik enjamlaryny dikeldýärler, olaryň işe girizilmegi diňe bir ýurduň içindäki sarp edijileri üpjün etmäge we köp möçberde walýuta serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik bermän, eýsem suw arassalaýjy serişdeleriň eksportyny-da ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Kärhanany esaslandyran Serdar Abdyýewiň pkirine görä, durky täzelenden soň sehde ýylda 120 müň tonna reagent öndüriler. Bu bolsa goşmaça iş orunlarynyň 200-sini döretmäge, koagulýantyň düzümine girýän kükürt kislotasynyň öndürilişinmi artdyrmaga, şeýle hem ony eksporta ibermäge mümkinçilik berer. Telekeçiler geljekde ýerli çig maldan peýdalanmagy göz öňünde tutýarlar, bu bolsa reagentiň özüne düşýän gymmatyny ep-esli derejede azaldar.