Häzirki wagtda diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem Orta Aziýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Demirgazyk Afrikanyň çäklerine we Ýewropanyň aglaba bölegine älem retranslýatory arkaly tele we radiogepleşikleriň 35 kanaly berilýär.
“Türkmen hemarasy” ÝGPJ-niň hemradan netijeli peýdalanmak bilen meşgullanýan hünärmenleri transponderleriň 26-syndan 10-syny işledýärler, olaryň üsti bilen, esasan, daşary ýurt kompaniýalarynyň kärendesine alan kanallary, şeýle hem milli telewideniýäniň we radionyň gepleşikleri berilýär. Sloweniýanyň STN, BAE-niň WNS telegepleşikler kompaniýalry indi bir ýyldan gowrak wagt bäri milli hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. VSAT-hyzmatlaryny edýän CETeL nemes kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy. Türkmen aragatnaşyk hemrasynyň transponderleriniň kärendesi barada arap we belorus gepleşikler berýän kompaniýalary bilen gepleşikler geçirilýär.
Geçen ýyl aragatnaşykçylar kommunikasiýa ulgamlarynyň toplumyny işe girizdiler, onuň kömegi bilen hemra kanallary arkaly hyzmatlaryň ençeme görnüşi geçirilýär we retranslirlenilýär. Munuň özi hemranyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň netijeliligini üç essä golaý artdyrdy. Häzirki wagtda teleport arkaly esasan ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynda işleýän – RWE Dea AG, CNPC, BKE Shelf, PETRONAS Carigali we beýleki kompaniýalar älem hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Seýsmologiýa instituty ýokary tizlikli kanallary seýsmiki stansiýalar bilen dessin aragatnaşygy ýola goýmakda ulanmagy göz öňünde tutýar. Beýleki guramalar we edaralar hem oňa gyzyklanýandygyny tassykladylar.
2015-nji ýylda uçurlan «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk hemrasy birbada giň çäklerde hyzmatyndan peýdalanyjlaryň köpüsine maglumat geçirip bilýär. Hususan-da, Garagum çölündäki alys obalary durnukly aragatnaşyk we internet hyzmatlary bilen üpjün edýär. Türkmen hünärmenleriniň öňünde taslamadan mümkingadar has netijeli peýdalanmak üçin milli älem aragatnaşyk ulgamynyň ilkinji hemrasynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak wezipesi durýar.
turkmenistan.gov.tm