14.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenbaşy-Atamyrat-Amyderýa-Kelif demir ýoly.

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenbaşy-Atamyrat-Amyderýa-Kelif demir ýoly boýunça 10 aýda 2,5 million tonna töweregi ýük daşaldy. Bu 2009-njy ýylyň bütin dowamynda (hut şol wagt sentýabr aýynda Amyderýanyň üstünden geçýän köpri guruldy) daşalan ýükden 5 essä golaý köpdür. Ýolagçylaryň daşalşy hem ep-esli artdy. Bir söz bilen aýdanyňda, olar üçin Amyderýanyň kenaryna, özi hem olaryň ýoly paýtagtdan başlaýar, başga ulaga münmesizden baryp bolýar. 

Derýanyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň ähmiýeti barha artýar. Sebäbi ol Amyderýanyň sag kenaryndaky tebigy baýlykly ýataklardan gazylyp alynýan peýdaly zatlaryň onlarçasyny özleşdirmäge niýetlenendir. Köýtendag etrabynda Keli fdemir ýol bekedinden onlarça kilometr demirgazykda kuwwatlylygy ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürýän dag-baýlaşdyryş toplumynyň gurluşygy dowam edýär. Ondan öň Köýtendag etrabynda Merkezi Aziýada iň iri desgalaryň biri bolan kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement zawody ulanmaga berildi. Garlykdan ýurda gerek bolan önümleri, şeýle hem iri känden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän gazylyp alynýan inert gurluşyk önümlerini ýük daşaýan otlular bu köpri arkaly yzygiderli daşaýarlar. 



Türkmenabat-Atamyrat demir ýoly mundan 15 ýyl ozal ulanmaga berildi. Onuň gurluşygy Lebabyň geografiki taýdan ýerleşişi we onuň günorta böleginde ýerleşýän peýdaly gazylyp alynýan baýlyklary giňden özleşdirmek bilen şertlendirilendir. 

On ýyldan soňra, ýagny 2009-njy ýylda we şeýle hem sentýabr aýynda bu polat ýol özüniň ýoluny Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýol köprüsi boýunça dowam etdirdi. Sebitde gurluşy boýunça deňi-taýy bolmadyk bu ýoluň uzynlygy 1414 metrdir. Köprä barýan ýeriňdäki gum üýşmegini toplamak üçin köprüniň iki tarapynda hem 400 müň kubmetr toprak we çagyl düşeldi. 

Atamyrat şäherindenTürkmenistan-Owganystan-Täjigistan halkara demir ýolunyň gurluşygyna başlandy. Ol strategiki häsiýete eýe bolan bu ýerdäki polat ýol bilen baglanyşdyrylar.

Degişli makalalar

Ýylyň Parlak Ýyldyzy 2016

turkmenhabargullugy

Palestinanyň ilçisi işläp başlady.

syrach

Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi

turkmenhabargullugy