Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty Türkmenistanyň häzirki ulag düzüminde möhüm orun eýeleýär. Şu günler gämi, ýolagçy we konteýner terminallarynda ýolagçylar hem-de ýükler gije-gündiziň dowamynda ugradylýar.
Täze ýylyň öň ýanynda ýurdumyzyň deňiz derwezesinden Ro-Pax derejeli “Berkarar” we “Bagtyýar” gämileriniň hazarýaka portlaryna daşaýan ýolagçylary hem-de ulag serişdeleri barha artýar. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portundan üstaşyr geçýän ýükleriň möçberi-de köpelýär. Portuň gämi duralgalarynda Eýrandan ýük materiallaryny getiren gäminiň ýüki düşürilse, onuň gapdalynda Eýrandan gelen gury ýük daşaýan gämä gazagystan gallasy ýüklenilýär.
Port Owganystana niýetlenen we yzyna –Azerbaýjana hem-de Türkiýä iberilýän ýükleri düşürip-ýüklemegi hem amala aşyrýar. Golaý we alys daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi artýar, özbegistanly ýük alýanlar üçin Ispaniýadan gelen konteýnerler düşürilýär. Türkiýeden we Russiýa Federasiýasyndan getirilen gurluşyk materiallary, demir we agaç ýurdumyzyň hem-de goňşy ýurtlaryň möhüm binalaryna ugradylýar.
Deňiz portunyň üstünden TOPH magistral gaz geçirijisi üçin uly diametrli turbalaryň müňlerçe metri getirildi. Türkmen harytlarynyň eksportunyň möçberi-de artýar. Deňiz portundan Garabogazda öndürilen karbamid, Gyýanlydaky polimer zawodyndan polietilen we polipropilen, TNGIZT-den nebit koksy, kükürt ýataklaryndan tebigy çig mal we beýlekiler Türkiýä, Russiýa Federasiýasyna, Bolgariýa, Rumyniýa hem-de beýleki ýurtlara yzygiderli iberilýär.
Gämileriň gatnawynyň we ýük daşalşynyň howpsuzlygyny hem-de netijeliligini üpjün etmek üçin zerur iň döwrebap we programmalaýyn-enjamlar bilen enjamlaşdyrylan deňiz portunyň ýokary tehnologiýaly enjamlary ýükleri çalt işlemäge ýardam edýär. Türkmenbaşynyň täzelenen ulag-logistika merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze derejesini üpjün etmäge, sebitara gatnaşyklara kuwwatly itergi bermäge, Ýewraziýa giňişliginde ulag akymyny amatlaşdyrmaga niýetlenendir. Çeşme: turkmenistan.gov.tm