15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

“Türkmeniň Beýik Akyldary Magtymguly Pyragy” atly konferensiýa geçirildi

 Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli 2011-nji ýylda geçirmegi meýilleşdirýän medeni-gumanitar çäreleriniň çäginde 2011-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Ýozgat welaýatynyň Bozok uniwersitetinde “Türkmeniň Beýik Akyldary Magtymguly Pyragy” atly konferensiýa geçirildi.

2011-nji ýylyň 11-nji maýynda geçirilen çäre Ýozgat şäheriniň merkezinde Çapanoglu seýilgähinde 2010-nji ýylyň oktýabr aýynda açylan Magtymguly Pragynyň heýkeline gül desseleriniň goýulmagy bilen başlandy. Dabara Ýozgat welaýat häkimi Necati Şentürk, Ýozgat şäher häkimiYusuf Başer, Bozok uniwersitetiniň rektory Professor Inji Warinli, ilçihananyň işgärleri, köp sanly alymlar, talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Soňra baýramçylyk çäresi Bozokuniwersitetiniň Takyk-Edebiýat fakultetiniň mejlisler zalynda “Türkmeniň Beýik Akyldary Magtymguly Pyragy” atly konferensiýabilen dowam etdi. Konferensiýa Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen açyldy.

Konferensiýada çykyş eden ýolbaşçylar Onuň Alyhezretleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdullah Güliň alyp barýan parahtçylygy söýüjilik syýasatlary, dostlukly gatnaşyklary netijesinde döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň hasda çuňlaşýandygyny belläp geçdiler.

Konferensiýada Türkmeniň Beýik Akyldary Magtymguly Pyragyny tanadýan filim görkezildi.

Soňra konferensiýada Türkiýe Respublikasynyň Ankara uniwersitetiniň Dil we taryh-geografiýa fakultetiniň mugallymy dosent Berdi Saryýewiň, Gazi uniwersitetiniň Edebiýat fakultetiniň mugallymy dosent Seýitnazar Ärnazarowyň Beýik Akyldarymyz Magtymguly Pragynyň ömri we döredijiligi barada çykyşlary bilen dowam etdi.

Konferensiýanyň soňunda ony geçirmeklige goşant goşan alymlara, Bozok uniwersitetiniň ýolbaşçylaryna Ilçihananyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Baýramçylyk çäreleri 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda Kaýseri şäherindäki Erjiýes uniwersitetinde geçiriljek “Türkmeniň Beýik Akyldary Magtymguly Pyragy”atly konferensiýa we baýramçylyk dabarasy bilen dowam eder.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Paýtagtymyzda Nobatdaky Binagärlik Desgalarynyň Açylyşy

Hala Ýazylan Ýagşy At

“Bosgunlar Hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Kabul Edilmegi-Türkmenistanyň Alyp Barýan Ynsanperwer Syýasatynyň Aýdyň Subutnamasydyr!