6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan Gaz Geçirijisiniň Konsorsiumynyň Öňbaşçysy Kesgitlenildi

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler minstrliginde hakyky taryhy ähmiýetli waka boldy: Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan baş gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni biragyzdan “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde saýlanyldy.

 “Türkmengaz” döwlet konserni konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde saýlanandan soň, taraplar ýakyn wagtda  paýdarlar ylalaşygyny ylalaşarlar, onda Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň borçlary kesgitlenildi.

Gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ahyryna çenli başlamak göz öňünde tutulýar, başlangyç tapgyrda iri “Galkynyş” gaz käni serişdeler binýady bolmalydyr. Konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

 “Türkmengaz” döwlet konserni gazy işläp geçmekde, çykarmakda we ugratmakda, şeýle hem turbageçirijileri gurmakda 50 ýyldan gowrak tejribä eýedeir. Özi-de, soňky ýyllarda bu tejribe halkara derejesine eýe boldy. Göz öňünde tutulyşy ýaly, şu ugurda işleýän beýleki kompaniýalar taslamany durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyrlarynda konsorsiumyň öňbaşçysynyň toparyna goşular.

Ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän we häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalar, şol sanda häzirki wagtda gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basan “Gündogar – Günbatar” gaz geçirijisi, şeýle hem ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi hem ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam eder.

Taslamanyň tehniki-ykdysady  esaslandyrmasyna laýyklykda uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň iri gaz ýataklary ýerleşýän günorta-gündogar sebitinden badalga alar hem-de Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka diýen ilatly ýere (Hindistan) baryp ýeter. Gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda iberiler. 

TOPH taslamasy diňe bir özara bähbitli energetika we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ol syýasy ähmiýetli jebisleşdiriji ýagdaýdyr, energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygyny üpjün etmegiň aýdyň subutnamasydyr. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisini Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Ýörelgeler Dowamy: Ýaşajyk Nakgaşlar Ahal-Teke Bedewlerine Bagşlanan Işlerini Görkezdiler