D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň (TMDDI) mejlisler zalynda bu ýokary okuw mekdebiniň gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň ýapon dili bölüminiň talyplary üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde guralan bäsleşik geçirildi.
Dostlukly ýurduň diplomatiki wekilhanasynyň wekilleri bäsleşige diňe bir hormatly myhmanlar hökmünde däl-de, eýsem, emin agzalary hökmünde hem gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Ýaponiýanyň “Komatsu”, “Itochu” we “Sojitz” kompaniýalary hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny, şol sanda gumanitar aragatnaşyklary ösdürmek babatda bu çäräni taýýarlamaga işjeň gatnaşdylar. Soňky ýyllarda däbe öwrülen bu her ýyllyk çäre Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlandy, şolaryň özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygy häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykdy.
Iki tapgyrda geçen şol bäsleşigiň guramaçylarynyň nygtaýşy ýaly, onuň esasy maksady ýapon dilini öwrenýän türkmen talyplaryna Ýaponiýada däp bolan pikir alyşmak usulyna çekmekden we diliň sözleýiş görnüşine erkin erk etmegiň durnukly endiklerini ösdürmekden ybaratdyr. Munuň üçin ähli gatnaşyjylara, ýagny institutyň dürli bölümlerinde okaýan iň ukyply talyplara ýörite mowzuk esasynda emin agzalarynyň öňünde çykyş etmek üçin degişli referaty taýýarlamaga mümkinçilik döredildi, institutyň ýapon dili mugallymlary we Ýaponiýadan gelen myhmanlar emin agzalarynyň düzümine girdi.
Bäsleşigiň ähli tapgyrlarynda D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary diňe bir ýapon diliniň stilistik aýratynlyklaryny we sözleýiş medeniýetini, şeýle hem pikir alyşmagyň barşynda öz pikirlerini erkin beýan etmek başarnygyny däl, eýsem, mugallymlaryň nygtaýşy ýaly, ýapon dilinde pikir öwürmek ukybyny hem görkezdiler. Bäsleşigiň jemi jemlenende bäsleşigiň ýeňijileri bolan iň oňat talyplaryň üçüsine ýörite güwänamalar, bäsleşige gatnaşyjylaryň hemmesine bolsa ýadygärlik sowgatlary hökmünde ýapon diliniň täze görnüşdäki elektron sözlükleri gowşuryldy.
referans: www.turkmenistan.gov.tm