Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda bolan mejlisinde degişli Kararlara gol çekip, Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Bu maksatnamalaryň çäklerinde, hususan-da, himiýa senagatyny, maşyngurluşygy, oba hojalygyny, gurluşyk, ýeňil, azyk senagatyny we beýleki senagat pudaklarynyň, ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmäge gönükdirilen taslamalaryň 110-den gowragyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Ýerli çig maldan öndürilýän gurluşyk, himiýa, durmuş we beýleki önümleri çykaramag niýetlenen döwrebap kärhanalar gurlar.
Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalaryň, şol sanda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmek, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky taslamalaryň innowasiýalary, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, menejmentiň we marketingiň öňdebaryjy usullaryny işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendigini bellemelidiris. Bu babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda ýokary derejede ösen ykdysadyýeti we özboluşly medeniýeti bolan Ýaponiýa bilen syýasy, ykdysady hem-de medeni-gumanitar gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezýär. Biri-birinden alysda ýerleşýändigine garamazdan, häzirki wagtda ýurtlaryň ikisi hem däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny görkezip, hyzmatdaşlygyň ykdysady bähbitleriň hem-de döwlet ösüşiniň milli ileri tutulýan ugurlarynyň deňagramlylygyna esaslanýan düýbünden täze nusgasyny ýola goýýarlar.
Döwletara we hökümetara derejesinde geçirilýän yzygiderli duşuşyklar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek ugruna ygrarlydygyny tassyklaýar. Şeýle duşuşyklaryň her biri özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça işjeň pikir alşylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa bolan resmi sapary türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi. Bu saparyň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum we gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi.
Olaryň hatarynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda täze hyzmatdaşlyk hakyndaky Bilelikdäki beýannama, şeýle hem tehniki hyzmatdaşlyk ulgamyndaky, tebigy gazy gaýtadan işlemek, ykdysadyýet we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn resminamalar bar. Türkmengaz , Türkmenhimiýa we Türkmennebit döwlet konsernleri tarapyndan Ýaponiýanyň Sojitz, Chiyoda, Nippon, ITOCHU, JGC, Kawasaki, TOYO, Mitsui, Tsukishima, Mitsubishi, Sumitomo kompaniýalary bilen ylylaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň we Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda möhüm resminalara gol çekildi. Durmuşa geçirmegi göz öňünde tutulýan bilelikdäki taslamalaryň umumy bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan geçýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen şu ýylyň mart aýynda Sendaý şäherinde geçiren duşuşygynyň barşynda hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy. Şol ýerde tebigy betbagtçylyklaryň howpuny peseltmek boýunça III bütindünýä maslahaty geçirildi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde türkmen Lideri we ýapon hökümetiniň ýolbaşçysy ileri tutulýan ugurlarda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, maýa goýum işini höweslendirmek, işewürler düzümleriniň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin amatly şertleriň bardygyny bellediler.
Şu babatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine, şeýle hem hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny we ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikleri döredýän bilelikdäki işewürler forumlaryna möhüm ähmiýet berilýär. Tokio şäherine bolan şol saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýanyň iri işewürliginiň wekilleri bilen geçiren duşuşygy munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Duşuşygyň barşynda netijeli gatanşyklary çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, ýaponiýaly hyzmatdaşlar gatnaşyklary ösdürmek, onuň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tekliplerini beýan etdiler. Mundan başga-da, Türkmengaz döwlet konserniniň we Mitsubishi Corporation (Ýaponiýa) we Gap Inşaat, Ýatirim ve Diş Ticaret A.Ş. (Türkiýe) kompaniýalaryň konsorsiumynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi.
Häzirki wagtda Türkmenistanda Ýaponiýanyň bütin dünýäde meşhur kompaniýalarynyň birnäçesi üstünlikli işleýär. Olar ýurdumyz bilen köpden bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýaponiýanyň önüm öndürijileriniň ýokary hilli önümleri türkmen bazarynda möhüm orun eýeleýär. Komasu we Itoçu korporeýşn ýapon kompaniýalary bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, ýokary öndürijilikli awtoulaglary, ýol-gurluşyk we ýer gazýan tehnikalary getirmek ulgamyndaky hyzmatdaşlygy musal hökmünde görkezmek bolar. Bu tehnikalar ýurdumyzyň iri gurluşyklarynyň ählisinde, şeýle hem ýangyç-energetika, ulag ulgamlarynda, suw we oba hojalygynda işledilýär.
2014-nji ýylyň oktýabrynda ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumy ulanmaga berildi. Bahasy ABŞ-nyň 1 milliard dollaryndan gowrak bolan bu döwrebap kärhana Türkiýäniň Renaissance kompaniýasy tarapyndan guruldy. Taslamalary düzmek, enjamlary getirmek işlerini we tehniki maslahat bermegi Kawasaki Plant Systems Ltd we Sojitz Corporation ýapon kompaniýalary amala aşyrdylar. Toplumyň kuwwaty ýylda 400 müň tonna ammiaga we 640 müň tonna karbamide barabardyr.
Beýleki türkmen-ýapon ylalaşyklary hem yzygiderli durmuşa geçirilýär. Mysal üçin, geçen ýyl Hazaryň kenarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygy başlandy. Bahasy ABŞ-nyň 3 milliard 432 million dollaryndan gowrak bolan taslama TOYO Engineering kompaniýasy (Ýaponiýa) we LG International Corporation we Hyundai Engineering Corp. Ltd (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan bilelikde amala aşyrylýar. Toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 386 müň tonna polietilene we 81 müň tonna polipropilene barabardyr.
Granulirlenen polipropilen dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar. Ol polimer plýonkasy, emeli süýüm, berk termoplastlar we degişlilikde dürli polimer önümler turbalar, şpagat, berk tanaplar, awtoulaglar üçin filtrler, şeýle hem dürli lybaslar we mebeller, gaplaýjy materiallar hem-de azyk önümler üçin gaplar taýyarlananda ulanylýar. Toplumyň beýleki bir önümi bolan polietileniň hem eksport mümkinçiligi uludyr. Onuň esasynda dürli turbalaryň we halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini ýola goýmak mümkindir.
Ýurdumyzdaky ilkinji polipropilen toplumynyň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýaponiýaly hyzmatdaşlarymyzJeý Ji Si, Itoçu, Nişo Iwaý we Marubeni ýapon kompaniýalarynyň konsorsiumy bilen bilelikde Ýaponiýanyň Eksimbankynyň gatnaşmagynda gurlandygyny bellemelidiris.
Ýene-de iki möhüm taslama 2014-nji ýylyň awgust aýynda badalga berildi. Türkmenhimiýa döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Mitsubishi Corporation (Ýaponiýa) we Gap Inşaat (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna girişdi. Kärhananyň kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna önüme barabar bolar.
Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu iri maýa goýum taslamasy Kawasaki ýapon kompaniýasy we Rönesans Holding türk kompaniýasy tarapyndan bilelikde durmuşa geçirilýär. Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasynyň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana her ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işlär we Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasyny çykarar. Taslamanyň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 700 million dollaryna barabar bolar. Ol ýapon tarapynyň maýa goýumlarynyň we Türkmengaz döwlet konserniniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylar. Zawody 2018-nji ýylda işe girizmek göz öňünde tutulýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemäge, onuň önümleriniň eksportuň paýyndaky möçberini artdyrmaga aýratyn üns berip, energiýa serişdeleriniň bazarlarynda eýeleýän ornuny ep-esli giňelder we has girdejili nebithimiýa önümleriniň bazarynda mynasyp orun eýelär.
Umuman, bularyň ählisi Ýaponiýanyň iri işewürlik toparlarynyň Türkmenistan bilen maýa goýum we tehnologiki hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyňlyk bilen görkezýär. Munuň özi bolsa halkara abraýyna eýe we geljegi uly bolan ygtybarly, durnukly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde ýurdumyza uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan iri daşary ýurt işewürligi tarapyndan maýa goýumlaryny çekmegiň wajypdygyna düşünip, daşary ýurtly maýadarlaryň işiniň hukuk taýdan goraglylygy we ykdysadyýete maýa goýumlaryny goýmagyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak meselelerine uly ähmiýet berip, degişli düzümi ösdürýär we maýadarlaryň hukuklaryny goramak boýunça halkara talaplaryny nazara almak bilen, kanunçylyk biýnadyny yzygiderli kämilleşdirýär.
Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde elektroenergetika möhüm ähmiýet berilýändigini bellemelidiris. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde kuwwatly gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy netijesinde pudagyň ep-esli artan kuwwaty diňe bir ýurdumyzyň sarp edijilerini doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasyny goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda taslamalaryň ençemesi, şol sanda elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen, taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirilýär.
Şu babatda elektrik energetikasy pudagynda özleriniň ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan eden ýapon kompaniýalaryň teklipleri hem uly gyzyklanma döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda bolan mejlisinde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we geljegine ünsi çekip, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda üstünlikli işleýändigini belledi.
Türkmen Lideri özara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda, maýa goýumlar ulgamynda, dürli pudaklarda taslamalary amala aşyrmakda, bilelikdäki işiň täze geljegi uly ugurlaryny ösdürmekde Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ähli mümkinçiliklere eýedigini belledi. Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, ýapon işewürleriniň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şeýle bilelikdäki işi goldaýandygyny hem-de bu netijeli gatnaşyklary ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady.
Türkmenistan milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmek we degişlilikde, onuň esasy pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak ugruna eýerip, Ýaponýianyň ylym-bilim we ýokary tehnologiýalar ulgamynda toplan öňdebaryjy tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Ýurtlaryň ikisi hem bu möhüm ulgamdaky gatnaşyklary ösdürmäge üns berip, tagallalary birleşdirmegiň täze ileri tutulýan ugurlaryny bellediler. Täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary ornaşdyrmak boýunça bilelikdäki işler bu sanawda aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherinde döredilen döwrebap Tehnopark bu ugurda ajaýyp mümkinçilige eýedir. Tehnopark ylmy-barlag edaralarynyň birnäçesini özüne birleşdirýän uly toplumdyr.
Geçen ýylyň dekabrynda türkmen paýtagtynda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň maslahatlar zalynda Dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmakda innowasion tehnologiýalar atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň barşynda ýokary hil häsiýetlerine eýe bolan kremnini almagyň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarlamakda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly mesele uly gyzyklanma döretdi. Munuň özi ählumumy energetikanyň geljegi, dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy üçin uly ähmiýete eýedir. 2D we 3D san kartalaryny düzmek, tebigy baýlyklarynyň ýerleşýän ýerini anyklamak we oba hoajlygynda ulanmak üçin innowasion uçarmansyz uçýan enjamlary döretmekde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyň hem geljegi uludyr.
Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň iri ylmy-barlag merkezleriniň binýadynda ýurdumyzyň ýokary hünärli işgärlerini taýýarlamak, şeýle hem nanotehnologiýalar ulgamynda we ýokary girdejili önümçilikleri döretmekde tejribe alyşmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi hem-de ägirt uly intellektual kuwwatyň bolmagy iki ýurduň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar.
2013-nji ýylda Sukuba uniwersitetiniň we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri intsitutynyň arasynda ylmy alyşmalar we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm orun eýelemelidir, diňe bir gündogar filologiýasynda we edebiýatynda däl, eýsem, ekologiýa, ykdysadyýet we energetika ýaly ulgamlarda, şeýle hem lukmançylygyň köp ugurlarynda we beýlekilerde bilelikdäki barlaglary geçirmegiň girewine öwrülmelidir.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet we sungat ulgamynda hem gatnaşyklar ep-esli işjeňleşdirildi. Medeni çäreleriň sergileriň, Ýaponiýanyň günleriniň, kinofilmleriniň görkezilişiniň, döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi hem-de wekiliýetleriň alyşylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa döredijilik intelligensiýsasynyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär we iki dostlukly ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna we özara baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň hem geljegi uly hasaplanylýar. Bu ulgamy ösdürmäge köp şertler, şol sanda dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylaryň uly gyzyklanma bildirmegi, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde täsin tebigy we taryhy-medeni ýadygärlikleriň bolmagy amatly täsir edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýäniň syýahatçylyk ulgamynda uly gyzyklanma döredýändigini bellemelidiris. Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde iri syýahatçylyk ýarmarkasynda JATA Travel Showcase halkara sergisinde biziň ýurdumyzyň ekspozisiýasyna we uly gyzyklanma bildirilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Bu forum Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde 2013-nji ýylyň güýzünde geçirildi we türkmen döwletiniň Baştutanlarynyň Ýaponiýa resmi saparyna gabat geldi. Milli Liderimiz bu iri forumyň hormatly myhmany boldy.
Täze, ýöne çalt depgiler bilen ösýän halkara derejesindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy sergä gelenleriň, aýratyn hekm iň köp syýahat edýän halk hökmünde ykrar edilen ýaponiýalylaryň aýratyn gyzyklanmasyny döretdi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda Milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi möhüm ähmiýetli ykdysady we durmuş taslamalarynyň biri bolup durýar. Bu taslamanyň amala aşyrmaga daşary ýurtlaryň, şol sanda Ýaponiýanyň meşhur gurluşyk kompaniýlary we maýadarlary çagyrylýar.
Ozal geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň çäklerinde ýaponiýaly hyzmatdaşlar eýýäm ägirt uly taslamany Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portuny gurmak baradaky taslamany amala aşyrmaga maýa goýumlaryny goýmak teklibi bilen çykyş etdiler. Bu port diňe bir ýurdumyzyň deňiz derwezesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki wagtda döredilýän kuwwatly sebit ulag düzüminiň möhüm we aýrylmaz bölegine öwrülmelidir. Özüniň oňyn başlangyçlary bilen Türkmenistan bu sebit ulag düzümini ösdürmäge saldamly goşant goşdy.
Şeýlelikde, Ýaponiýanyň işewürler we syýasy toparlarynyň ýola goýlan netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek we çuňlaşdyrmak baradaky anyk teklipleri bilen berkidilen hoşmeýilli erk-isleg we özara gyzyklanma ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de has-da işjeňleşdirmek hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňat esas bolup hyzmat edýär. Bu hyzmatdaşlyk bolsa dostlukly türkmen we ýapon halklarynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýär.