Türkmenistan “EKSPO-2017” halkara ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Sergi 10-njy iýundan 10-njy sentýabra çenli Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde “Geljegiň energiýasy” şygary astynda geçiriler.
Sergide Türkmenistanyň bölüminde Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň syýasatynyň esasy ugrunyň, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler, onuň tebigy baýlyklary, durmuş ulgamynda ýeten sepgitleri, halkymyzyň medeniýeti we däp-dessurlary, Diýarymyzyň syýahatçylyk kuwwaty, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işler öz beýanyny tapar.
Mundan başga-da, sergi halkara jemgyýetçiligini “Aşgabat-2017” taslamasy hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça geçirilýän işler bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.