Maslahata Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew bilen Azerbaýjanyň Wise-premýeri Ýakup Eýýubow tolbaşçylyk etdi.
Maslahatda iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk, bilim, söwda, nebit-gaz, medeniýet, ekologiýa, transport we tehnologiýa taýdan hyzmatdaşlyk edilmegi barasynda pikir alyşyldy.
Maslahatyň iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň hasam ösdürilmegi taýdan möhüm başlangyç bolup durýandygy nygtaldy.
İki ýurduň söwda gatnaşyklarynyň bar bolan şertlere seredilende islenen derejede bolmandygy, Azerbaýjan tarapynyň nebit-gaz senagaty üçin tehnologik üpjünçilik, ekerançylyk, gurluşyk, neşirýat we ýeňil senagat önümleriniň Türkmenistana eksport edilmegi barasynda teklip hödürländikleri habar berildi.