Eger sebitiň ähli ýurtlary Türkmenistandan görelde alsalar, Aziýa dünýä sportunda öňdäki orunlara çykyp biler!.
Bu sözler daşary ýurtly myhmanlaryň aýdan sözlerinden we köpsanly žurnalistleriň öz teswirlemelerinde getiren mysallaryndan bolup, dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döreden 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Okeaniýa ýurtlarynyň Aziada-2017-ä gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekmek dabarasyny aýratyn özboluşly häsiýetli mana eýe etdi. Şol gün resminama gol çekilenden soň, ilkinji sagatlarda bu waka baradaky habarlary täzelikleri habar berýän we elektron sport neşirleriniň, dürli ýurtlaryň habar beriş agentlikleriniň, ilkinji nobatda bolsa, Aziýa sebitiniň habar beriş serişdeleriniň onlarçasy çap etdiler.
Esasan, bu baradaky habarlary Oguzkent myhmanhanasyna dabara çagyrylan daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylary ýazdylar. Neşirleriň köpüsi türkmen resmi saýtlaryna salgylanmak bilen bu täzeligi ýaýratdylar. Bu baradaky habar Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah we Okeaniýanyň milli Olimpiýa komitetleriniň prezidenti Robin Mitçell Ähtnama öz gollaryny goýanlaryndan soň peýda boldy.
Bu resminama laýyklykda, Aziýanyň olimpiýa geňeşiniň agzalary bolup durýan milli Olimpiýa komitetleriň 45-sinden başga-da, 2017-nji ýylda Aziýa oýunlaryna ilkinji gezek Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň 17-si gatnaşar.
Mundan başga-da, daşary ýurt saýtlary öz okyjylaryna Ähtnama gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşynda Aşgabatdaky Aziýada sportuň 19 görnüşiniň sanawyna şeýle hem atçylyk sportuny /konkur/ we milli türkmen göreşini goşmagy teklip edendigini habar berdiler.
Oýunlaryň geçirilmegi ýurdumyza dünýäniň sport ulgamynda iri halkara ýaryşlaryny guramaga ukyply ýurduň ornuny eýelemäge mümkinçilik berer diýip, TASS türkmen döwletiniň Baştutanynyň sözlerini getirýär.
Oýunlary geçirmek üçin Aşgabatda bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollary bolan Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Ol Merkezi Aziýada iri sport toplumlarynyň birine öwrüler. Türkmenistan sebitde Oýunlary geçirmäge hukuk alan ilkinji ýurt boldydiýip, Russiýanyň esasy habarlar agentligi öz sport sahypasynda habarlarynyň üstüni ýetirýär.
Çempionat diýen ýöriteleşdirilen rus neşiri şeýle habarlara salgylanylýan esasy çeşmä öwrüldi. Ol şeýle hem hormatly myhmanlarymyzyňtürkmen paýtagtynda şu gezekki geçirilen duşuşyga esasy gatnaşyjylaryň pikirlerini hem beýan etdi.
Ine, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah Aziýa ýurtlarynyň 45-sinden we Okeaniýa ýurtlarynyň 17-sinden türgenleriň 6 müňe çenlisiniň gelmegine garaşylýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge görülýän taýýarlyga ýokary baha berip: Garaşylýan oýunlar ýeterlik çykdajyly, şoňa görä-de, biz halkara derejesinde ýurduň mynasyp ýagdaýda bolmagy üçin uly tagallalary edýän ýurduň Prezidentine we Hökümetine, şeýle hem Türkmenistanyň halkyna hoşallyk bildirmelidiris diýip belledi.
Çempionat diýen rus neşiri: Men Aşgabadyň çalt özgerýändigine birwagtyň özünde hem haýran galýaryn, hem begenýärinbu özgerişlik meniň gözümiň alnynda bolup geçýär. Gurluşyk başlanmazynyň öň ýanynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň agzalaryna hödürlenen meýilnamanyň diňe bir berjaý edilmän, eýsem, kämilleşdirilýändigi aýdyňdyr. Munuň özi begendirmän bilmez. Jemi desgalaryň 40 töweregi gurulmaly. Ýeri gelende aýtsam, munuň özi Türkmenistana 2020-nji ýylda sportuň Olimpiýa görnüşleri boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmäge dalaş etmäge ýardam edip biler diýip, şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň aýdan sözlerini habar berýär.
Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň baştutanyi Okeaniýa ýurtlarynyň Oýunlara goşulmagy baradaky çözgüdiň näme sebäpli kabul edilendigini hem düşündirdi. Birinjiden, Günorta-Gündogar Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň medeniýetleri, däpleri we dessurlary meňzeşdir, diýmek, olaryň wekilleri biri-birleri bilen kynçylyksyz umumy dil taparlar. Ikinjiden, munuň özi aňsat bolmadyk döwrümizde adamlary birleşdirmäge ajaýyp mümkinçilikdir, şonuň bilen birlikde hem ýaşlara dogry görelde görkezildigidir. Üçünjiden bolsa, bu köpler üçin öz ýurtlarynda sportuň örän meşhur bolmadyk görnüşlerini ösdürmäge we olaryň meňzeşligini saklamaga itergi bolup durýar.
Neşirleriň köpüsi Robin Mitçelliň aýdan sözlerini hem getirdiler: Mundan beýläk uly bolmadyk Okeaniýa ýurtlarynyň wekilleriniň şunuň ýaly iri ýaryşlara gatnaşyp biljekdigi ýakymlydyr. Bu çözgüdiň käbir ýurtlarda sportuň ösmegi üçin itergi berjekdigine ynanýaryn. Gürrüňsiz suratda biz öz sebitimize mynasyp wekilçilik etmäge çalşarys. Men 2017-nji ýylda Türkmenstandan biziň näçe medal alyp gidip biljekdigimizi çaklamak islemeýärin. Bu barada aýtmak heniz ir. Häzirlikçe hemmeler diňe şu ýagdaýyň özüne şatdyr. Aşgabat barada aýdylanda bolsa, ol örän täsir galdyrýar. Men hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna kärdeşlerimiň aýdan sözlerine uly kanagatlanma bilen goşulýaryn. Ýurduň Prezidenti we Hökümeti tarapyndan maksada ýetmek üçin neneňsi güýjüň sarp edilendigi görnüp dur. Ýöne bu heniz diňe aralykdaky tapgyr bolup durýar. Iň gyzyklysy öňde diýip, Okeaniýanyň milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy sözüni jemledi.
1500 metr aralyga ylgamakda iki gezek Olimpiýa çempiony, häzirki wagtda syýasy we sport işgäri lord Sebastiýan Koe, Beýik Britaniýanyň milli Olimpiýa komitetiniň prezidenti, CSM Strategies kompaniýasynyň ýolbaşçysy hem V Aziýa oýunlaryny geçirmäge Türkmenistanyň taýýarlyk derejesi barada örän oňat seslendi.
Londondaky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk toparyna giren adam hökmünde aýdyň zady nygtap bilerin: ýurt örän uly işi alyp barypdyr we Aşgabat eýýäm häzirdek täsir galdyrýar. Özi-de men diňe bir şäher barada däl, eýsem, Olimpiýa şäherjigi we sport desgalary barada aýdýaryn. Olar bidirilýän iň soňky talaplara, şol sanda tehnologiki talaplara gabat gelýär. Eger sebitiň ähli ýurtlary Türkmenistandan görelde alsalar, ýakyn wagtda Aziýa dünýä sportunda ýokary derejeli yklyma öwrülip biler. Şunuň ýaly maýa goýumlaryň we çemeleşmeleriň netijesinde, sport örän uly gadamlar bilen öser, muňa şübhelenmese bolar diýip, Sebastiýan Koe aýtdy.
Aşgabatda halkara ýaryşlaryny guramagy we geçirmegi türkmen tarapy Londondaky Olimpiadany geçirmekde tejribesi bolan CSM britan kompaniýasyna ynandy diýip, Hytaýyň Sinhua agentligi anyklaýar. Şeýle hem bu agentlik häzirki wagtda bu oýunlar üçin Olimpiýa şäherjigi bina edilýän Aşgabatda 2017-nji ýylyň Aziadasyna Okeaniýa ýurtlarynyň gatnaşjakdygy barada habarlaryny ýerleşdirdi.
Aziada bagyşlanan sport mediýa-forumyna gatnaşmak üçin Türkmenistanda bolan daşary ýurtly žurnalistleriň köpüsi öz makalalarynda olaryň Aşgabat barada hem-de Olimpiýa toplumyndan görmäge garaşan umytlaryndan özlerinde galan aşa uly täsirlerini paýlaşýarlar. Özi-de, olar onuň diňe bir düzüminiň täsir galdyryjy tehnologik derejesini bellemeýärler. Biziň myhmanlarymyzy ilkinji nobatda ähli zatlaryň neneňsi çalt gurulýandygy haýran galdyrýar! Häzirki wagtda eýýäm hemme zat taýýar diýen ýaly, ýa-da ýakyn wagtda taýýar ediler! Ýogsa, Aziýa oýunlary 2017-nji ýylda geçiriler…
Şeýle hem taýýar edilen desgalaryň peýdalanylman goýulmajakdygy, ýakyn wagtda bu ýerde ilkinji synag ýaryşlarynyň geçiriljekdigi bellenildi.
Ozal daşary ýurt žurnalsitleri şeýle sorag berýärdiler: 2017-nji ýylyň Aziýa oýunlarynyň nyşanynda näme üçin atyň şekili bar? Çünki, at sporty ýapyk binalarda ýaryşlaryň maksatnamasyna girmeýär. Sowallaryna jogap aldylar: ahalteke bedewi milli nyşandyr, türkmen halkynyň aýratyn buýsanjynyň, ýurduň okgunly hereketiniň alamatydyr.
Indi bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziadanyň maksatnamasyna konkur boýunça ýaryşlaryň girizilmegi baradaky teklibi bilen onuň nyşanynda diňe bir çuňňrur özboluşly many däl, eýsem, anyk sport düşündirişi peýda bolýar.
Hakykatda bolsa, bedewe milli aňda hemişe ýeňşe bolan erk diýlip düşünilýär.