Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalary bilen ýakynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri kesgitledi.
Bazar gatnaşyklaryny kemala getirmek — käbir döwlet düzümlerini özgertmek, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklaryna degişli kärhanalaryň eýeçiligini üýtgetmek boýunça işleri çaltlandyrmaga gönükdirilen möhüm çözgütler kabul edildi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrligi döredilip, Senagat, Aragatnaşyk, Demir ýol we Awtomobil ulaglary ministrlikleri, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy, şeýle hem «Türkmenhowaýollary» gullugy onuň garamagyna berildi. Olaryň hemmesi agentlik derejesine eýe boldy.
30-njy ýanwarda geçirilen paýdarlaryň ýygnaklarynda «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy wezipesine R.Öwezow, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine bolsa A.Haýytmuradow saýlanyldy. Kabul edilen çözgütler döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Kararlary bilen tassyklanyldy.
Şu gün bu agentlikleriň işgärleri olaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyryldy, wezipelere täze bellenilen ýolbaşçylar ýygnananlaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler hem-de düzümleri özgertmek bilen bagly geljekki iş meýilnamalary barada gürrüň berdiler.
Hususan-da, Türkmenistany ykdysady we durmuş taýdan ösdürmegiň esasy şerti hökmünde ulag düzüminiň köpugurly ýollaryny döretmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli taslamalary, şol sanda deňiz flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.
Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlary geçen ýurdumyzyň amatly geografik ýagdaýyny nazara alanyňda, Türkmenistan dünýä kommunikasiýalar giňişliginiň möhüm halkasy bolup durýar. Täze taryhy döwürde yklymüsti ýollaryň merkezi hökmünde onuň ähmiýeti has-da artdy.
Türkmenbaşy şäherinde parom, ýolagçy, konteýner we beýleki terminallary bolan Halkara deňiz portunyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag toplumyny ösdürmäge kuwwatly itergi berdi. Hazaryň kenarynda gurlan döwrebap port toplumy ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulmagy, şeýle hem awiasiýa, demir ýol, deňiz, awtomobil we multimodal üstaşyr ýük daşamalary babatda halkara hyzmatdaşlygy, täze gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleri açdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynyň esasy wezipelerini kesgitlemek bilen, ony has-da kämilleşdirmegiň, halkara ölçeglere laýyk gelmeli hyzmatlaryň görnüşini artdyrmagyň möhümdigini belleýär. Ösüşiň häzirki tapgyrynda ulag toplumynyň pudaklarynda binýatlyk, düzüm we institusional özgertmeler geçirilýär. Täze durmuş-ykdysady şertlerine kybap gelýän ulag pudagynyň binýady döredilýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy öňdebaryjy tehnologiýalary, döwrebap inženerçilik-tehniki pikirini hem-de iň gowy dünýä tejribesini peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamada milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak, sebitlerde import ugurly önümleri öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary işe girizmek babatda anyk çäreler toplumy göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, senagat pudagy halk hojalyk pudagynyň beýleki pudaklary üçin kerwenbaşy bolmalydyr, çünki ol pudaklaryň geljekki ösüşi üçin esas bolup durýar. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipeleriniň hatarynda ýurdumyzyň baý tebigy çig mal serişdelerini gaýtadan işlemäge, şol sanda ýerli çig maldan taýýarlanylýan, daşary ýurt görnüşlerinden birlikde kem bolmadyk gurluşyk serişdelerini artdyrmaga ýöriteleşdirilen döwrebap kärhanalaryny döretmek işi bar. Gün tertibinde innowasion we sanly tehnologiýalary, ylmy-tehniki ösüşiň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak wezipeleri durýar.
Maslahatlara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin zerur bolan ähli çäreleri görüp, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar. Munuň özi ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ägirt uly özgertmelerini üstünlikli amala aşyrmagyň ýolunda ähmiýetli ädim bolar.
tdh