Paýtagtymyza ulag we üstaşyr hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda, “Lazurit” (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ugry boýunça ilkinji synag gatnawyny amala aşyrýan ýük ulaglar kerweni geldi.
Mälim bolşy ýaly, 13-nji dekabrda ýükli ulag kerweni Owganystanyň Hyrat şäherinden öz ýoluny başlady. 10-njy dekabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň wekiliýetiniň bu ugur boýunça ilkinji ýükleri ugratmak mynasybetli guraljak dabara gatnaşmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi we şu maksat bilen ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministrini Owganystan Yslam Respublikasyna iş saparyna ibermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, energetika, ulag, ynsanperwer ulgamda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, şol bir wagtyň özünde dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin zerur şertleriň bardygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz sebitde durnukly ösüşiň, halklaryň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň söwda dolanyşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyny üpjün edýändigini belledi we bu ulgamda alnyp barylýan işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
“Lazurit” ugry boýunça ilkinji ýük kerwenini ugratmak mynasybetli Hyrat şäherinde halkara maslahat geçirildi. Oňa Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Aşraf Gani gatnaşdy. Owgan Lideri öz çykyşynda türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň hemmetaraplaýyn ösüşine ägirt uly goldaw berýändigini nygtady. Munuň özi asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýan iki ýurduň arasynda işjeň gatnaşyklaryň giňden ösdürilmeginiň özenidir.
Owgan harytlarynyň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki döwletlere ugradylmagy OYR üçin sebitiň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ösdürmek arkaly amatly ýagdaýy döredýär we durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.
Islendik gyzyklanma bildirýän ýurt bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmek, iň derwaýysy bolsa özara peýdaly esasda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Owganystan Yslam Respublikasynyň harytlarynyň Türkmenistanyň çägi bilen üstaşyr ugradylmagy munuň nobatdaky subutnamasy bolup hyzmat edýär.
Ýakynda ulag kerwenleri türkmen-owgan serhedinden geçip, şu gün Aşgabada geldi. Ýük kerweni Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portuna tarap ugur aldy. Soňra şol ýerden gämi arkaly Azerbaýjan Respublikasyna geçiriler, soňra Gruziýanyň çägi bilen Türkiýä baryp ýeter.
Ulag kerwenlerinde owgan topragynda ýerli daýhanlaryň ösdürip ýetişdiren oba hojalyk önümleri, şol sanda pagta, künji, kişmiş, garpyz çigitleri we beýlekiler bar. Bu önümler barmaly ýerine barandan soň, diňe bir Türkiýäniň däl, eýsem, Ýewropanyň beýleki ýurtlarynyň ilatyna ýetiriler. Bu bolsa owgan halkynyň ýetişdiren harytlaryny halkara bazarlara çykarmaga mümkinçiligi kepillendirer.
Goňşy ýurtdan gelen ýük kerwenini paýtagtymyzda Owganystan Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň söwda boýunça geňeşçisi Radai Hotak garşylady. Ol TDH-niň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde “Lazurit” geçelgesi boýunça ugradylýan synag ýüküniň haryt dolanyşygyny artdyrmak, owgan önümlerini daşarky bazarlara çykarmak üçin zerur şertleri döretmek hem-de Owganystanyň harytlarynyň daşarky bazara ugradylyşyny çaltlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň möhüm tapgyry bolup durýandygyny nygtady.
Dostlukly ýurduň ilçihanasynyň wekili Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Ol milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna, sebitiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna goşulyşmagyna gönükdirilen giň möçberli düzümleýin taslamalarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi ugurdaş bilermenleriň pikirine görä, Aziýa yklymy üçin has wajyp birnäçe ykdysady meseleleri çözmek üçin ähmiýetli bolup durýar. Häzirki döwürde uly bölegi hereket edýän täze ugruň has-da döwrebaplaşdyrylmagy, onda goşmaça hukuk ylalaşyklarynyň gazanylmagy zerurdyr. Munuň özi sebitde önümçiligiň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Bu, aýratyn-da, Owganystanyň ykdysady taýdan galkynmagyna oňyn täsirini ýetirer. Biziň ýurdumyz dostlukly döwlete hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň çäklerinde iri taslamalaryň, maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda gurulýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary bar. Şunuň bilen baglylykda, bilermenler hut ulag taslamalarynyň Owganystanyň we tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösüşine ýakyn wagtda kuwwatly itergi berjekdigini belleýärler.
Häzirki zaman ulag düzüminiň gurluşygy we “Lazurit” geçelgesiniň doly güýjünde hereket etmegi haryt öndürijileriň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. Bu gün olaryň önümleri hereket edýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň çäkliligi zerarly, halkara bazarlara gowşup bilmeýär diýip, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň söwda geňeşçisi Radai Hotak belleýär.
“Lapis Lazuli” taslamasy ýük gatnawlaryny düýpli işjeňleşdirer we haryt öndürijilerden sarp ediş bazarlaryna çenli bolan aralygy gysgaldar. Bu bolsa daşary ýurt sarp edijileri üçin önümiň elýeterliligini üpjün eder hem-de iri söwda kärhanalarynyň sebitiň önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny artdyrar.
Şunuň bilen baglylykda, “Lazurit” ugry boýunça ilkinji ýük kerweniniň üstünlikli geçmegi aýratyn şanly wakadyr hem-de bu gün Türkmenistanyň yklymda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň merkezi bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň ulag-üstaşyr ulgamynda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, Owganystanyň dostlukly halkyna goldaw bermek üçin 2018-nji ýylyň fewral aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna “Lapis Lazuli” taslamasyna girýän Serhetabat — Turgundy demir ýoly gurlup, ulanylmaga berildi.
Döwletimizde hereket edýän demir we gara ýollary “Lazurit” geçelgesiniň düýpli bölegini düzýär, oňa Turgundynyň birikdirilmegi bolsa, ozaly bilen, üstaşyr logistikanyň ýeňilleşdirilmegine, dostlukly ýurduň ykdysady taýdan goşulyşmagynyň ýokarlandyrylmagyna we sebitde söwdanyň möçberiniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Şeýlelikde, Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasy Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmekde goşmaça şertleri döretmäge mümkinçilik berdi, bu ýurtda kiçi we orta işewürligiň işjeňleşdirilmegine, owgan harytlarynyň goňşy döwletleriň bazarlaryna çykarylmagyna ýol açdy.
Türkmenistan günorta goňşusy bolan Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine ählitaraplaýyn ýardam berýär. Milli Liderimiziň ynamyna görä, diňe syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer usullaryň herekete girizilmegi zerurdyr.
Ýurdumyz Owganystan Yslam Respublikasynyň gaýtadan dikeldilmegi meselesinde işjeň orun eýelemek bilen, bu ugurda birnäçe teklipler bilen çykyş etdi. Şolaryň hemmesi owgan meselesini, şol sanda gepleşikler üçin öz syýasy giňişligini bermek arkaly çözmäge özara ylalaşykly çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilendir.
Häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini çalt kemala getirmek bilen baglylykda, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda döwletimiziň öňe sürýän anyk we netijeli teklipleri diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, tutuş sebitiň ösüşine kuwwatly depgin berdi. Türkmenistan sebit we yklym derejesinde möhüm üstaşyr-ulag merkezi hökmündäki ornuny ynamly pugtalandyrmak bilen, ählumumy derejede, aýry-aýry ýurtlaryň, şol sanda Owganystanyň derejesinde bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirýär.