BMG bilen köptaraply hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategik ugrudyr. Şol syýasatyň esasynda oňyn Bitaraplyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesi durýar. Özara gatnaşyklaryň baý tejribesine daýanyp, häzirki zaman tapgyrynda bu hyzmatdaşlyk täze anyk mazmuna eýe boldy.
Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklara mahsus bolan ösüş depginleri, ilkinji nobatda, dünýä jemgyýetçiliginiň işlerine Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagy, tutuş adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözülmegine anyk ýardam bermäge ýurdumyzyň gyzyklanmasy bilen şertlenendir. Bu ýörelgeler döwlet Baştutanymyzyň, umuman, daşary syýasat ýörelgesi babatda hem bolşy ýaly, BMG tarapyndan giň goldawa we ykrarnama eýe boldy.
Munuň şeýledigine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň, şol sanda 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Mundan başga-da ýurdumyz bu guramanyň abraýly düzümlerine — BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň, BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika boýunça Komitetiniň Býurosynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň, BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça (UN-WOMEN) Ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine we beýlekilere ençeme gezek saýlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu merkez Milletler Bileleşiginiň sebitde ygtybarly öňüni alyş guraly hökmünde özüni görkezdi.
2017-nji ýylyň fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu şanly waka netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hakyky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde özüni görkezen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň umumadamzat ähmiýetini nobatdaky gezek tassyklady.
Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine yzygiderli eýerýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sebitde we dünýä möçberinde parahatçylygy pugtalandyrmak, energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmek, Aral meselesiniň täsirlerini ýeňip geçmek ýaly ugurlarda umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam bermäge gönükdirilip, öňe sürlen anyk teklipler halkara jemgyýetçiligiň doly düşünmegine eýe boldy. Bu bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.
Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň biri bolup, Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejä laýyklaşdyrdy hem-de häzir BMG tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.
Bu ulgamda ýurdumyzyň gazananlary hem-de onuň geljegine bolan garaýyş TYA-nyň akademigi, ykdysady ylymlaryň doktory, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda giňişleýin beýan edildi.
Şu ýyl Türkmenistan Meýletin milli syna gatnaşyp, Gün tertibi — 2030-y amala aşyrmakda öz tejribesini tutuş dünýä görkezer.
Ekologiýa abadançylygyny saklamak Türkmenistanda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugrudyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, biologik köpdürlüligi we tebigy ýerleri gorap saklamak, çölleşmä hem-de topragyň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmek ulgamynda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. «Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa», «Ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama», her ýylda üç million agaç ekilmegini meýilleşdiren «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» durmuşa geçirilýär.
Soňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde barha köp orun eýeläp başlady. Tutuş dünýäde suwuň gytçylygy artýar, bu bolsa howanyň ählumumy ýagdaýda üýtgemegi bilen güýçlenýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018 — 2028-nji ýyllary «Suw — Durnukly ösüş üçin» diýen şygar bilen hereket etmegiň halkara onýyllygy diýip yglan etmegi tötänden däldir. Suw şeýle hem «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» maksatlaryna ýetmekde esasy orun eýeleýär.
BMGÖM-niň Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň çäklerinde amala aşyrmagy meýilleşdirýän täze maksatnamasy hem şoňa gönükdirilendir. Bu maksatnama ýerleriň ýaramazlaşmagy, suwuň ýetmezçiligi, topragyň şorlaşmagy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Bu ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge ähli guramalar diýen ýaly çekildi. Soňky bäş ýylda BMG howanyň üýtgemegi, energetika we tebigy heläkçilikler bilen baglanyşyklylykda töwekgelçilikleri azaltmak boýunça taslamalara 20 million dollardan gowrak serişde maýa goýdy.
Özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda ekologiýa durnuklylygy bar. Şunda Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýanyň işlenilip taýýarlanmagy nusga bolup hyzmat edýär. Taslamalaryň birnäçesi suw, energetika we ýer serişdelerini netijeli ulanmak maksady bilen, innowasiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Gowaça hasylynyň birwagtyň özünde 50 göterim artmagynda suwuň hem 50 göterim tygşytlanmagynyň gazanylmagyny mysal getirip bolar.
Ýurdumyzyň halkara başlangyçlary döwrüň wajyp wezipelerine, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmegi AHHG-a gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda «suw diplomatiýasynyň» eýeleýän ornuny artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rio+20» Bütindünýä maslahatynda BMG-niň Aral deňzi üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapdy. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan şu ýylyň 28-nji maýynda kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz suw diplomatiýasyny we ekologiýany ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi. Halkara maslahatlarda, şol sanda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Hazarýaka döwletleriň we GDA-nyň Baştutanlarynyň sammitlerinde çykyş edip, hormatly Prezidentimiz birnäçe netijeli başlangyçlary öňe sürdi. Şol başlangyçlar döwrüň wajyp meselelerini çözmek ugrunda halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendir. Bu başlangyçlaryň hatarynda BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak barada teklip bar.
2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisinde Türkmenistanyň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen işjeň we döredijilikli başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik gatnaşyklary ösdürip, ýurdumyz bu ugurda sebitleýin we ählumumy derejedäki wajyp meseleleri çözmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. BMG-niň Türkmenistanda işleýän ýöriteleşdirilen agentlikleriniň wekilhanalarynyň 7-si däp bolan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork, Wena we Ženewa şäherlerinde ýerleşýän ştab-kwartiralarynda Türkmenistanyň wekilhanasy hemişelik esasda işleýär.
Soňky 12 ýylyň dowamynda ýurdumyzyň hökümeti BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleriniň 10-synyň, şol sanda Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzasy bolup durýar we olaryň çäklerinde degişli halkara işleri amala aşyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygynyň täze ählumumy gurluşynyň kemala getirilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýetini aýratyn nygtamak gerek, häzirki wagtda energetika howpsuzlygy döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi bu başlangyçlaryň häzirki zaman şertlerinde uly gyzyklanma eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmenistanda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek hem-de halkara ulag düzümine üstünlikli goşulyşmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, bu çäreler dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna we goldawyna eýe bolýar. Muňa mysal hökmünde Ýokary derejeli halkara maslahat hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralan hem-de 2014-nji ýylyň sentýabrynda we 2016-njy ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahaty getirmek bolar. Şol maslahatlaryň jemleri boýunça kabul edilen möhüm resminamalar — Aşgabat jarnamasy we Aşgabat beýannamasy strategik häsiýete eýe bolan ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça umumy tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşant boldy.
Türkmenistan 2019 — 2021-nji ýyllar üçin Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň içeri ulag boýunça Komitetiniň edarasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Owganystanda halkara tagallalary goldamak boýunça Kararnama kabul etdi. Her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.
Halkara gatnaşyklarda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydyr. Berkarar Watanymyzyň bu hukuk derejesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edildi. Türkmenistan BMG-niň hemişelik Bitaraplyk derejesi hakyndaky Kararnamasyny öz Esasy Kanunyna girizen dünýäde ýeke-täk döwletdir.
Türkmenistanyň gazananlary häzirki wagtda köp ýurtlarda hem-de halkara bilermenlerde uly gyzyklanma döredýär. Şunda ähli syýasatçylar, jemgyýetçilik işgärleri, iri halkara guramalaryň bilermenleri ýurdumyzyň ýeten uly sepgitlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy taýdan esaslandyrylan, çuňňur oýlanyşykly we häzirki döwrüň şertlerine laýyk gelýän oňyn syýasaty bilen hemişe baglanyşdyrýarlar. Ýurdumyzyň toplan tejribesi diňe bir milli derejede däl-de, dünýä giňişliginde hem ägirt uly ähmiýete eýedir.
tdh.gov.tm