Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly ykdysady özgertmeler barada çap edilýän köpsanly dürli makalalar ýurdumyzyň dünýä derejesinede artýan täsirine we abraýyna güwä geçýär.
Ine, Seulda /Koreýa Respublikasy/ neşir edilýän “Mirowyýe diplomatiçeskiýe nowosti” atly meşhur žurnalyň sahypalarynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan makalalar çap edildi. Şol hyzmatdaşlyga iki döwletiň Liderleriniň özara saparlary kuwatly itergi berýär. Ýokary derejedäki, hökümetara we pudaklaýyn derejelerindäki yzygiderli duşuşyklar taraplaryň hyzmatdaşlyga strategiki häsiýet berilýändiginden, onuň anyk netijelere gönükdirilendiginden habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Kyn He gysga döwrüň içinde ýokary derejedäki duşuşyklaryň eýýäm ikisinigeçen ýylyň tomsunda Aşgabatda we şu ýylyň 13-nji aprelinde Seulda duşuşyk geçirdiler.
Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň Liderleri ýakynda bolup geçen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli özara hereket etmegiň uzakmöhletleýin strategiýasyny işläp düzmäge çemeleşmeleri anyklaşdyrdylar. Ýokary tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada aýratyn gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şu ugurda Koreýa Respublikasy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň biridir. Iki döwletiň Baştutanlary medeni-gumanitar ulgamda, bilim we ylym, saglygy goraýyş hem-de sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek barada bir pikir aýtdylar.
Koreýada neşir edilýän žurnalyň sanlarynyň birinde “Türkmenistan: ulag–dünýä ykdysadyýetini ösdürmegiň wajyp ugry” atly makala çap edildi. Onda türkmen döwletiniň başlangyçlary, hususan-da, eýýäm ulanmaga berlen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara demir ýolundan başga, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman, şeýle hem Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa ulag geçelgelerini döretmek başlangyçlary hakynda gürrüň berilýär. Olaryň ählisi diňe bir Merkezi Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge ýardam etmäge gönükdirilmän, eýsem, sebit we halkara möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.
Sebitleri birleşdirýän täze köprüleri gurujy hökmünde Türkmenistanyň ornuna daşary ýurt metbugaty tarapyndan şeýle üns berilmegi ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara özara gatnaşyklary giňeltmäge bahasyna ýetip bolmajak goşant goşýandygy bilen şertlendirilendir. Bu ulgam häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölegi, onuň ösüşiniň hereketlendirijisi bolup çykyş edýär. Ýaýbaňlandyrylan, iň esasy hem howpsuz ulag düzümleriniň döredilmegi dünýä derejesinde durnukly ösüşiň aýrylmaz bölekleriniň biri bolup durýar. Munuň özi bu meseläniň BMG-niň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylmagynyň zerurdygyny talap edýär.
Bu ugurda uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan iri halkara we sebit taslamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş edýär. Olaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň binagärliginiň binýadyny goýmaga mümkinçilik berer.
Öňümizdäki geljek üçin dünýäniň ulag ulgamyna ýakynlaşylmagy hem-de Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarda uly baş ýollaryň ugry boýunça milli düzümleriň has-da giňeldilmegi esasy wezipeleriň hatarynda agzaldy. Bu bolsa Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek hem-de Ýewraziýanyň häzirki zaman ykdysady “guşaklygyny”döretmek babatda uly ähmiýete eýedir.
Gürrüň, ilkinji nobatda, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna çykmak bilen, yklymyň giňişligini öz içine alýan ulag-aragatnaşygyň we üstaşyr geçirmegiň utgaşdyrylan düzümini gurmak barada barýar. Bu taslama şeýle hem geljekde bu ulgama Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryny goşmagy göz öňünde tutýar. Özara hereketleriň täze, has uly möçberli görnüşini döretmek baradaky pikiriň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň geoykdysadyýetinde hakyky täzeçil pikirlenişiniň, onuň ösüşiniň strategik geljegini göz öňüne getirmegiň nusgasy bolup durýar.
Mysal hökmünde makalanyň awtorlary Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň açylmagyny agzaýarlar. Täze polat ýoly Merkezi Aziýa ýurtlary bilen goňşy sebitleriň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjek häzirki günüň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ulag düzüminiň möhüm bölegi bolmagyna gönükdirilendir.
Beýleki bir uly taslama Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan polat ýolunyň gurluşygydyr. Onuň durmuşa geçirilmegine deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryny iri halkara bazarlaryna çykarmak babatda garalýar.
Ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasynda Merkezi Aziýa we Hazar giňişligi sebitini Ýewraziýanyň günorta guşaklygyndaky strategik durnukly esasy halka, yklym ähmiýetli iri energetika we ulag-üstaşyr halkasy hökmünde göz öňüne getirmegiň durýandygyny nygtamak bolar. Netijeli daşary syýasat başlangyçlarynyň, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek boýunça başlangyçlaryň başyny başlaýjy bolup çykyş etmek bilen, Türkmenistan dünýä ösüşiniň häzirki ýagdaýlaryna gabat gelýän hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady giňişliginiň gurluşynyň kemala getirilmegine uly goşandyny goşýar.
Çap edilen makalalaryň ýany bilen köpsanly owadan bezelen suratlaryň ýerleşdirilmegi olara aýratyn öwüşgin berýändigini bellemek gerek. Şol fotosuratlar daşary ýurtly okyjylara häzirki Türkmenistan barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýär.