8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistan ÝeHHG giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ÝeHHG agza bolup durýan ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparyna bardy hem-de bu ýerde Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň /EHHG/ döwlet we hökümet baştutanlarynyň Astanada geçirilýän ýedinji duşuşygyna gatnaşdy. Sapar häzirki wagtda ÝeEHG-de başlyklyk ediji ýurt bolan Gazagystanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça amala aşyryldy.

Aşgabadyň Halkara aeroportunda döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, ýurduň hökümetiniň agzalary ugratdylar. Iki ýarym sagatdan soňra Prezidentiň uçary Astananyň Halkara aeroportunda gondy, bu ýerde belent mertebeli myhmany kabul edýän tarapyň adyndan Gazagystan Respublikasynyň resmi adamlary garşyladylar. Türkmen döwletiniň Baştutanyna gül desseleri gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow aeroportdan kaşaň «Rihos Presitent Hotel Astana» myhmanhanasyna tarap ugrady, bu ýerde hormatly Prezidentimiziň kabulhanasy ýerleşýär.

Garaşsyz, bitarap Türkmenistan parahatçylygy söýüjilige, açyklyga giň özara peýdaly hyzmatdaşlyga esaslanýan syýasaty yzygiderli ýagdaýda ýöretmek arkaly iki taraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn formatda, şol sanda abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly sosial-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegi, häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýe bolan meseleler boýunça özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemekde tagallalaryň birikdirilmegi ugrunda çykyş edip, şu ugurda anyk ädimleri ädýär.

Türkmen Lideriniň ÝeHHG-niň şu duşuşygyna gatnaşmagy Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen hem-de ýurdumyzyň at-abaýyny ýokarlandyran we halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegine getiren progressiw daşary syýasy ugra ygrarlydygyny tassyklaýar. Astanadaky ýokary derejeli bu duşuşyk HHI asyrdaky şular ýaly ilkinji wakadyr, bu duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna ÝeHHG-a gatnaşýan ýurtlaryň we hyzmatdaşlaryň resmi delegasiýalarynyň 73-si, şeýle hem BMG, ÝeB, GDA, Ýewraziýa ykdysady geňeşi, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Toplumlaýyn Howpsuzlyk şertnamasy baradaky gurama ýaly esasy halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary ýygnandy.

Foruma döwletleriň we hökümetleriň baştutanlarynyň 38-si geldi. Şeýle hem sammite BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun, Ýewropa Geňeşiniň Hemişelik Başlygy Helman Wan Rompýoý we beýleki halkara guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Mälim bolşy ýaly, ÝeHHG dünýäde howpsuzlyga degişli meseleler bilen meşgullanýan iri sebit guramasydyr. Ol Demirgazyk Amerikada, Ýewropada we Merkezi Aziýada ýerleşýän 56 sany ýurdy, şeýle hem 12 sany hyzmatdaş döwletleri birleşdirýär. Onuň ozalky ady Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça geňeşdir, ol 1973-nji ýylda Ýewropada harby gapma-garşylyklary gowşatmak we howpsuzlygy pugtalandyrmak bilen bagly çäreleri işläp düzmek üçin, Ýewropadaky 33 sany döwletiň, şeýle hem ABŞ-nyň we Kanadanyň wekilleriniň hemişelik hereket edýän halkara forumy hökmünde çagyryldy. 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap bu gurama häzirki ady ÝeHHG dakyldy. Helsinki Jemleýji Resminama /Helsinki, Finlýandiýa, 1975-nji ýyl/ bu guramanyň esasy resminamasy hasaplanýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda ÝeHHG goşuldy.

Ýokary derejedäki duşuşygy—EHHG goşulýan ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň döwürleýin geçirilýän duşuşygy bu guramanyň gurluşynda ilkinji pozisiýany eýeleýär. Şunuň ýaly duşuşyk soňky gezek 11 ýyl mundan ozal Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirildi. Şoňa görä-de sebit we global derejedäki gün tertibe degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça özara arkalaşykly hereket etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny keçgitlemek we hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglylykda, Astanada geçirilýän duşuşyga möhüm ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti «Rihos President Hotel Astana» myhmanhanasyndan Astananyň binagärlik toplumynyň täze we özboluşly gözel binalarynyň biri hasaplanýan «Garaşsyzlyk köşgüniň» mejlisler merkeziniň jaýyna tarap ugrady. Bu ýere ýokary derejeli foruma gatnaşyjylar yzly-yzyna gelip ugradylar.

Mejlisler merkeziniň esasy foýesinde türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew mähirli we göwnaçyk ýagdaýda garşylaýar. Goňşy iki döwletiň Baştutanlary gadyrly görşüp, ÝeHHG-niň banneriniň ýanynda surata düşýärler. Gazagystanyň Prezidenti belent mertebeli myhmany VIP—zala çagyrýar. Forumyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar—EHHG-a agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, hyzmatdaş ýurtlaryň, halkara guramalarynyň delegasiýalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlik üçin bilelikde surata düşýärler.

Soňra Mejlisler zalynda sammitiň dabaraly açylyşy we birinji sessiýasy bolup geçdi.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew duşuşygy açyp, oňa gatnaşyjylara bu möhüm foruma gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi we ählumumy howpsuz geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy dowam etdirmek işinde forumyň ähmiýetini belledi. Gazagystanyň Lideri bu ýol otuz bäş ýyl mundan ozal başlandy diýip belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak, ählumumy parahatçylyga howp salýan ýagdaýlara garşy durmak ýaly sebit we global derejedäki möhüm meseleleri çözmekde BMG-niň we ÝeHHG-niň arasynda has ysnyşykly we giň hyzmatdaşlyk edilmeginiň zerurdygyny belläp, netijeli çäreleri kabul etmek maksady bilen, gapma-garşylyklaryň we krizisleriň gijikdirilmän ýüze çykarylmagyna aýratyn üns berilmegini nygtady. Şeýle hem BMG-niň Baş sekretary dünýäniň ýurtlaryny ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ýaly möhüm ekologiýa meseleleriniň çözgüdini tapmakda tagallary pugtalandyrmaga çagyrdy.

Öz gezeginde ÝeHHG-niň Parlament assambleýasynyň Başlygy Petros Eftimiu Guramanyň ileri tutulýan wezipelerini kesgitlemek we halkara howpsuzlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, onuň işiniň netijeliligini artdyrmak, konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglylykda Astanadaky duşuşygyň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ÝeHHG-niň möhümligi barada aýdyp, bu Guramanyň işiniň netijeli bolmagynda Parlament assambleýasynyň wajyp ähmiýetlidigini nygtady.

ÝeHHG-niň Baş Sekretary Mark Perren de Brişambo forumda çykyş edip, duşuşyga gatnaşyjylary ýaraglara gözegçilik etmek, birek-birege ynamy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça çäreleri kämilleşdirmek, uzaga çeken gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak ugrundaky tagallalary güýçlendirmek, transmilli howplara garşy göreşde özara arkalaşykly hereket etmek, ykdysady we ekologiki meseleleri çözmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly möhüm ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna täzeden güýçli itergi bermek üçin şu forumyň döredýän mümkinçiliginden peýdalanmaga çagyrdy.

Soňra ýola goýlan tertip boýunça çykyş etmek üçin ÝeHHG-niň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlaryna söz berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow forumda çykyş etmek bilen, türkmen wekiliýetiniň adyndan bu ýere ýygnananlary ÝeHHG-niň ýedinji mejlisiniň açylmagy bilen gutlady we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine hem-de hökümetine myhmansöerlik we duşuşygyň göwnejaý guralandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen Lideri şu duşuşyk dünýä ösüşiniň täze şertlerini hem-de maksatlaryny nazara almak bilen, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň syýasy, ykdysady, intellektual mümkinçiliklerini, bu Guramanyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynda we onuň öňünde durýan wezipeleri anyklaşdyrmakda jemlemegi talap edýän ýagdaýda geçýär diýip belledi hem-de halkara gapma-garşylyklarynyň öňüni almagyň hem-de olary gowşatmagyň, syýasy we dini ekstremizme, terrorçylyk howplaryna, neşeleriň ýaýradylmagyna we serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmegiň, energiýa serişdelerini ibermekde halkara hyzmatdaşlygyň häzirki zaman nusgasyny işläp taýýarlamagyň netijeli usullaryny döretmegi şeýle wezipelere degişli diýip nygtady.

Döwlet Baştutany: «Mälim bolşy ýaly, bu wezipeleri çözmek Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň düýpli maksatlaryna we gymmatlyklaryna laýyk gelýär hem-de bu Guramanyň öz içinde arkalaşykly hereketiniň, dünýäniň ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynyň ösüşiniň mazmunyndan gelip çykýar» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýewropada we Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy döwlet bolmak bilen, bu Guramanyň çäklerinde dünýäniň umumy ösüşine düýpli täsir edýän köp taraply hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.

Türkmen Lideri sözüni dowam edip: «Men bu hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin häzirki döwürde zerur şetleriň bardygyna ynanýaryn. Biz häzirki döwürde Merkezi Aziýanyň bu halkara guramasynyň işiniň strategiki taýdan ileri tutulýan ugry bolmak bilen birlikde, arkalaşykly hereket etmegiň giň toplumy boýunça gyzyklanma bildirilýän köp taraply gatnaşyklary amala aşyrýan ýerine öwrülýändigine ýokary baha berýäris. Türkmenistan Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy boýunça biziň hyzmatdaşlarymyzyň hem-de işdeşlerimiziň sebitleýin işlere şeýle derejede gatnaşýandygyny oňlaýar we hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny hem-de mümkinçiliklerini işjeň we açyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr» diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe süren Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde Howpsuzlyk hem-de hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki forumy döretmek baradaky başlangyjyna Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň hem goşulyp biljekdigini aýtdy.

Türkmen Lideri energiýa serişdeleriniň halkara bazarlaryna iberilmeginiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini ÝeHHG-niň öz tagallalaryny gönükdirip biljek möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezdi. Döwlet Baştutany bu meseläniň möhümliginiň hemmelere mälimdigini aýdyp, onuň Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalarynyň köpüsiniň düýpli bähbitlerine, kontinentde gönüden-göni geostrategiki ýagdaýyň durnuklylygyna täsir edýändigini belledi hem-de ÝeHHG-niň çäklerinde energiýa ulgamy boýunça gepleşigi işjeňleşdirmegiň maksada laýyk gelýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti: «Bu ugurda häzirki döwürdäki hakyky ýagdaýy bilmek, energiýa serişdelerini ibermek meselesini syýasylaşdyrmakdan ýüz döndermek, adalatly, deňhukukly we açyk hyzmatdaşlygy ýola goýmk zerurdyr. Şu meselede Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň has täsirli işlerine bil baglaýarys» diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu Gurama agza ýurtlaryň energetiki edaralarynyň baştutanlarynyň energetika howpsuzlygynyň meselelerine bagyşlanan ýörite duşuşygyny çagyrmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi we biziň ýurdumyzyň şeýle duşuşygy Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkara bileleşiginiň terrrorçylyk howplary, neşeleri ýaýratmak, ýaraglaryň kontrabandasy, adam söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçylykly toparlaryň işi bilen bagly ynjalyksyzlanmasyna doly goşulýandygyny hem-de ýurdumyzyň ÝeHHG-niň bu howplara garşy göreşde alyp barýan işleriniň has ysnyşykly we özara arkalaşykly hereket etmäge taýýardygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, adatça bolşy ýaly, sebitleýin meseleleriň, aýratyn-da, Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek meseleleriniň ÝeHHG bilen alnyp barylýan işiň çäklerinde möhüm orny eýeleýändigini belledi. Türkmen Lideri: «Owgan meselesinde bizi bu ýurtda pugta we uzak möhletli parahatçylygy hem-de durnuklylygy gazanmak wezipesiniň bütin halkara syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýandygyna we onuň üstünlikli çözülmeginiň tutuş dünýä bileleşiginiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýandygymyz birleşdirýär» diýip aýtdy. Türkmenistan ÝeHHG-niň owgan meselesini düzgünleşdirmäge çemeleşmesine, bu ugurda edilýän tagallalara düşünmek bilen garaýar hem-de öz gezeginde, hyzmatdaşlarymyza zerur bolan derejede ýardam bermäge, bilelikde edilýän tagallalary utgaşdyrmak boýunça berilýän tekliplere netijeli garamaga taýýardyr.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşi barada aýdyp, bu ösüşiň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli, mazmun taýdan täzelemäge, demokratik edaralaryň işine häzirki zaman ölçeglerini we kadalaryny ornaşdyrmaga, döwletiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, adamyň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek we goramak üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler bilen häsiýetlendirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri ÝeHHG-niň çäklerinde alnyp barylýan özara arkalaşykly işiň ýeterlik derejede depginli ösýändigini aýdyp, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmek, bu Guramanyň tejribesini döredijilikli özleşdirmek üçin açyk bolmak bilen, bu ugurda onuň biziň ýurdumyza ýardam bermäge çalyşýandygyna ýokary baha berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Bu ýerde esasy zat özgertmeleriň barşyna we depginine, Türkmenistanyň milli hem-de taryhy ýolunyň aýratynlyklaryna we özboluşlylygyna, halkyň däp-dessurlaryna we mentalitetine biziň hyzmatdaşlarymyzyň dogry hem-de birmeňzeş düşünmegidir. Şeýle çemeleşme bilelikde işlemek, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini gözlemek, bar bolan şertleri has netijeli peýdalanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar» diýip belledi.

Bu mesele ÝeHHG-niň çäklerinde beýleki ugurlarda alnyp barylýan arkalaşykly işe-de doly derejede degişlidir. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideri ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, innowasiýalaryň we ylmy-tehniki ösüşiň beýleki gazananlarynyň ornaşdyrylmagynyň bu Guramanyň çäklerindäki gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, uzak möhletli milli taslamalarymyzy hem-de maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde tehniki taýdan ýardam bermegiň usullaryny utgaşdyrmak bilen bilelikde alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylda Helsinkiniň Jemleýji Resminamasynyň kabul edilmeginiň 35 ýyllygynyň bellenilýändigine ünsi çekip, bu döwürde ÝeHHG-niň uly ýoly geçendigini, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine örän möhüm goşant goşandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde bu Guramanyň öňünde durýan wezipeleriň onuň işini dünýäde bolup geçýän özgerişlere laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmekden, bu guramanyň bölümlerini hem-de edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda oýlanyşykly özgertmekden ybaratdygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda alnyp barylýan işlere ýakyndan gatnaşmaga taýýardygyny belledi. Döwlet Baştutany ÝeHHG-ni özgertmek boýunça geçirilýän işleriň manysynyň bu Guramanyň dünýädäki ornunyň ýokarlandyrylmagyndan, onuň ägirt uly mümkinçilikleriniň ileri tutulýan ugurlary we häzirki döwrüň ählumumy ösüşiniň anyk wezipeleriniň çözülmegine gönükdirmekden ybaratdygyny aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda agza bolmagyň, onuň işine ýakyndan gatnaşmagyň biziň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Türkmen Lideri: «Biz bu Guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini aýdyň görýäris, aýratyn-da soňky ýyllarda bu ugurda duýulýan ilerlemelere ýokary baha berýäris, hyzmatdaşlarymyz bilen yzygiderli ösýän, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan gatnaşyklaryň möhümdigine doly düşünýäris. Biz ýokary derejede geçirilýän şu mejlisiň biziň üçin döredýän mümkinçiliklerine hem şu nukdaý nazardan garaýarys» diýip belledi. (Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynyň teksti dolulygyna gazetiň şu sanynda çap edilýär).

Türkmen döwletiniň Baştutany «Garaşsyzlyk Köşgüniň» Mejlisler merkeziniň jaýyndan çykyp, «Rihos President Hotel Astana» myhmanhanasyndaky kabulhanasyna tarap ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda türkmen Lideri ýene-de «Garaşsyzlyk Köşgüniň» Mejlisler merkezine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýewropa Geňeşiniň Hemişelik Başlygy Wan Rompýoý, Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer, BMG-niň Ýewropa ykdysady toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Ýan Kubiş, Wengriýa Respublikasynyň Prezidenti Pal Şmit we ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşyklary geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Astananyň Halkara aeroportuna bardy we şol ýerden ata Watanymyza tarap ugrady. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkiýede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynsybetli we Daşary Ykdysady Işini Ösdürmek we Işjeňleşdirmek Bilen Bagly Wideo Duşuşyk Geçirildi

TÜRKIÝÄNIŇ SAMSUN ŞÄHERINIŇ “ONDOKUZ MAÝ” UNIWERSITETINDE TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI MEDENI ÇÄRE GEÇIRILDI

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

syrach