6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
TEHNOLOGİÝA

Türkmenistan Gündogar-Günbatar Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyny Çaltlandyrýar

Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýelemek bilen, “mawy ýangyjyň” eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de bu ýangyjyň dünýäde energiýa serişdeleri babatda uly isleg bildirýän iri bazarlara ýetirilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen energetika strategiýasyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleri öz güýçleri arkaly ýurdumyzyň çäginde has uly aralykda Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygyna degişli taslamany amala aşyrýarlar. Ýangyç geçiriji gaz geçirijileriň ählisini bitewi düzüme baglanyşdyrmaga mümkinçilik berip, diňe bir ýurdumyzyň özünde bildirilýän islegi dolulygyna kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýýäm ulanylýan, şeýle hem täze ugurlar boýunça halkara ýangyç geçirijileriniň “mawy ýangyç” bilen bökdençsiz üpjün edilmegini goşmaça kepillendirer.

Häzirki wagtda ilkinji liniýalaýyn üç bölek berkligini we jebisligini barlamak boýunça  gidrawlik synaglardan geçirmek üçin dolulygyna taýýarlanyldy.   Şol böleklerde Serdar şäherinden Belege çenli 250 kilometrlik aralykda ýangyç geçiriji turbalar kebşirlendi we garymlarda ýerleşdirildi. Umuman alanyňda bolsa, diametri 1420 millimetrlik turbalaryň 600 kilometrden gowragy gurnaldy. 

Uzynlygy 773 kilometre ýetýän we geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metr gaza barabar bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçiriji ulgamyny döredýän gurluşykçylar beýleki 6 ýerde-de uly diametrli turbalary  çekip,  kebşirleýiş we gurnama işlerini tamamlap barýarlar.  

Bu gaz geçirijiniň liniýalaýyn böleginiň gurluşygyny bellenilen möhletlerde tiamamlamak üçin, “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň toparlary we “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümi ýene-de 172 kilometr aralyga turbalary çekmeli bolar. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleriniň depginleri barada aýdanyňda, potratçy edaralaryň her gije-gündiziň dowamynda ortaça 1 kilometr aralyga gaz geçiriji  turbalary çekip, garymlarda ýerleşdirýändigini bellemek gerek. Işleri amala aşyrmagyň tertibine laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli potratçy edaralar strategiki taýdan bu möhüm ähmiýetli gaz geçiriji ulgamyň liniýalaýyn böleginiň gurluşygyny tamamlar. 

— Şatlyklan Belege çenli çekilýän täze gaz geçiriji ýurdumyzyň gündogar Türkmenistandaky iri ýataklardan tebigy ýangyjy ýurdumyzyň beýleki gaz geçirijilerine ýetirmek hem-de gazyň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmak we ygtybarlylygy ýokarlandyrmak, şeýle hem döwletiň özünde gaz bilen üpjün etmek üçin niýetlenendir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gaz geçirijini ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň güýçleri bilen gurmak baradaky tabşyrygy nebitgaz toplumynyň işgärleriň hünär babatdaky ussatlygyna hem-de maddy-tehniki mümkinçilikleriniýň artmagyna, bu toplumyň giň gerimli taslamalary amala aşyrmaga ukyplydygyna uly ynam bildirmeginiň alamatyna öwrüldi – diýip, buýrujynyň wekili, “Türkmenakdyrym” birleşiginiň başlygynyň orunbasary B.Çaryýew gürrüň berýär. 

Häzirki wagta çenli pudagyň hünärmenleri Malaý-Bagtyýarlyk, Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijilerini, Döwletabat-Sarahs-Hangeran aralygynda Eýrana ikinji gaz geçirijini gurmakda eýýäm iş ýüzünde tejribe topladylar. Indi şol tejribe “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernleriniň hünärmenleriniň özlerine tabşyrylan gurluşyk boýunça gaz geçirijini çekmek, gazy akdyrmak üçin zerur düzümi döretmek we abadanlaşdyrmak  bilen bagly esasy işleri  bellenilen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirmeginiň ygtybarly kepiline öwrüldi. 

Bitewi gaz ulgamy ýangyç geçirijiniň çekilýän sebitlerinde hereket edýän senagat kärhanalarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin zerurdyr. Bu gaz geçiriji täze senagat desgalarynyň onlarçasynyň ulanmaga berilmegine, esasy pudaklaryň we ilkinji nobatda elektroenergetikanyň ösüşiniň üpjün edilmegine, welaýatlaryň “mawy ýangyç” babatdaky islegleriniň kanagatlandyrylmagyna we umuman welaýatlaryň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine täzeden badalga berilmegine mümkinçilik döreder.

Buýrujynyň wekili – “Türkmenakdyrym” birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy G.Eýeberdiýewiň bellemegine görä işleriň häzirki  tapgyrynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň müdirlikleriniň altysy işleýär. Gurluşygyň depginini çaltlandyrmak üçin, “Balkannebitgazgurluşyk”, “Marynebitgazgurluşyk”, “Daşoguznebitgazgurluşyk”, “Lebapnebitgazgurluşyk”, “Türkmen gündogarnebitgazgurluşyk” müdirlikleriniň gurluşyk-gurnama edaralarynyň, “Türkmennebitgazýöritegurnama” müdirliginiň ýöriteleşdirilen “Ruhabatgurluşyk” kompaniýasynyň keşirleýiş we gurnama işlerini  geçirýän toparlary ýangyç geçirijiniň birbada 9 böleginde– Balkan welaýatyndaky “Belek” gaz gysyjy desgasynyň we Gumdag şäheriniň ýerleşýän tarapyndan hem-de Maryda “Şatlyk” gaz gysyjäy desgasynyň tarapyndan we Ahalda Aşgabatdan Baharly şäherine çenli biri-birine tarap turbalary  çekdiler hem-de olary kebşirlediler.

Häzirki wagtda gazy geçirijiniň gurnalan böleklerinde gidrosynaglar geçirilýär, liniýalaýyn ýörite armatura oturdylýar, örtmek işleri geçirilýär. Elektrik-himiýa goragyny gurnamak boýunça işlere girişildi. Keseligine gönükdirip burawlamak usuly arkaly ýollaryň aşagyndan we suwly ýerlerden geçilmegini amala aşyrmak üçin meýdançalar we ýörite tehnika taýýarlanylýar, “Döwletabat—Derýalyk”, “Şatlyk-Abadan”, “Bamy-Serdar”, “Orta Aziýa-Merkez” ýaly ulanylýan gaz geçirijiler bilen birigýän ýerler gurnalýar, täze “Şatlyk” gaz gysyjy desganyň gurluşygy üçin meýdança taýýarlanýar. Ýangyç geçirijiniň çekilen ugrunda ýerleri berkitmek üçin gyrymsy ösümlikleri oturtmak göz öňünde tutulýar. 

Taslama institutlarynyň ikisiniň – “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň hem-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabatdaky “Nebitgazylymtaslama” institutynyň hünärmenleriniň gaz geçirijiniň liniýalaýyn bölegi boýunça taslama işlerini bellenilen möhletde tamamlamagy “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli alnyp barylmagyna degerli ýardam berdi. Taslamany işläp taýýarlaýjylar gaz geçirijiniň Mary we Ahal welaýatlarynyň çöllük böleginden hem-de suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanýan  gür ilatly zolaklardan çekiljek ugruny takyk kesgitlediler. Ugurlary görkezýän kartalarda geljekki gaz gysyjy stansiýalara, rewersli kada boýunça işlemäge ukyply arassalaýjy desgalara degişli ýerleri bellenildi. 

— Häzirki wagtda institutyň inženerçilik gulluklary ugurdaş desgalaryň binagärlik gurluşyk böleginiň, hususan-da, Şatlykda wahta şäherçesiniň, uzynlygy 430 kilometrlik aralykda gaz geçirijini, gatlalary we lagym ulgamlaryny, birigýän ýollary, dispetçerlik nokatlaryny hem-de telemehanika we aragatnaşyk ulgamlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň   taslamasyny düzmäge girişdiler. Ýüzugra dörediljek bitewi dispetçerlik merkezi gaz geçiriji ulgamy umumy toplum hökmünde dolandyrmaga: gazyň akymlaryny artdyrmaga we azaltmaga, içerki we eksport bilen bagly zerurlyklara laýyklykda şol akymlaryň ugruny üýtgetmäge mümkinçilik berer  –  diýip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynyň direktorynyň orunbasary H. Çaryýew gürrüň berdi. 

Ýeri gelende aýtsak, bu sebitleýin  gaz geçirijiniň taslamasyny düzüjiler relýefiň çylşyrymly bölekleri bilen bagly meseleleri çözüp, şorly we batgalyk ýerler boýunça melioratiw çäreleri, gazly turbalaryň ýerasty suwlardan goralmagyny göz öňünde tutmaly boldular. Inženerler täze gaz geçiriji ulgamyň demir ýollar, Garagum derýasy, Tejen derýasy, Hanhowuz zeý akabasy, suwaryş akabalary we birnäçe ýerlerde çylşyrymly geçelgeleri eňňit görnüşinde burawlamak arkaly Türkmen kölüne birigýän kanalyň birnäçe ýerleri bilen kesişýän ýerleri we gaz geçirijini çekmegiň usullaryny görkezdiler, ozal bar bolan gaz geçirijiler bilen birigýän ýerleri kesgitlediler. Potratçylar şol resminamalara laýyklykda gaz geçirijini abadanlaşdyrmak bilen meşgullanýarlar. 

— Häzirki wagtda biziň institutymyzyň hünärmenleri hem-de “WNIIPITRANSGAZ” institutynyň (Ukraina)   işläp taýýrlaýjylary tagallalary birikdirmek arkaly, gaz gysyjy stansiýalaryň 6-syndan  ikisiniň 
— “Şatlyk” we “Yzgant” gaz gysyjy desgalarynyň taslamalaryny düzýärler, şol desgalar gaz geçiriji ulgamda basyşyň zerur derejede saklanmagyny üpjün eder – diýip, hünärmen düşündirýär.

Ýurdumyz gazy dünýä bazarlaryna ýetirmegiň diwersifikasiýa edilen ulgamyny döretmek arkaly, gazy has köp möçberlerde iberijileriň birine öwrülýär. Munuň özi ilkinji nobatda batly depgin bilen özleşdirilýän “Galkynyş” ýatagynda tebigy gazyň örän uly gorlarynyň  jemlenmegi hem-de şol tebigy baýlyklardan  netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge ukyply boljak kuwwatly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi bilen esaslandyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň    energetika babatdaky kuwwatyndan  diňe bir milli bähbitler üçin peýdalanmak bilen çäklenmän, ony ýer ýüzündäki halklaryň ösüşiniň we abadançylygynyň, ählumumy energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň hatyrasyna peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini belleýär. Türkmen Lideriniň çuňňur oýlanyşykly hem-de energetika serişdeleriniň eksportunyň diwersifikasiýa edilmegine we şol serişdeleri dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ençeme ugurlaryna degişli taslamalaryň amala  aşyrylmagyny ugur edinýän ýangyç-energetika strategiýasy hut şol maksada ýetmäge gönükdirilendir. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň neşirleri halkara metbugat festiwalynda

syrach

Gün Tertibinde Döwrebap Tehnologiýalary Ösdürmegiň Meseleleri

syrach

BAE-den Marsa Ylmy Syýahat

turkmenhabargullugy