9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan Halkara Migrasiýa Meseleleriniň Çözülmegine Goşandyny Artdyrýar

Daşary işler ministrliginiň mejlisler zalynda “Migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatda halkara hyzmatdaşlyk” atly sebit maslahaty öz işine başlady. Ol Türkmenistanyň Hökümeti we Migrasiýa boýunça halkara gurama bilen bilelikde çagyryldy. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň wekiliýetleri, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda dünýäde bolup geçýän syýasy, ykdysady, durmuş wakalary dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly özara hereket etmegini talap edýär. 13-nji iýunda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň arasynda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde hem şeýle çemeleşmäniň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň degişli düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyna hem-de onuň döwrüň wajyp wezipelerini, şol sanda migrasiýa babatda wezipeleri çözmekdäki başlangyçly ornuna ýokary baha berdi.   

Şunuň bilen baglylykda, şu gün Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen 361 adama pasportlaryň gowşurylyş dabarasynyň bolandygyny belläp geçmek möhümdir. Türkmenistanyň raýatlarynyň pasportyny alan adamlaryň çykyşlarynda raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge berilýän uly üns, olaryň abadançylykly durmuşynyň üpjün edilmegine döredilýän hemme şertler üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy. Bu çäre türkmen döwletiniň ynsanperwer ugurlara hem-de ata-babalarymyzyň päk ahlak ýörelgelerine ygrarlylygynyň, ynsanperwer hukugy ulgamynda öz üstüne alan halkara borçnamalaryna eýerýändiginiň nobatdaky aýdyň mysalyna öwrüldi. 

Bu ýere ýygnananlar şu maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, migrasiýa babatda möhüm meseleleri çözmekde netijeli çemeleşmeleri kesgitlemegiň onuň esasy maksady bolup durýandygyny nygtadylar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň bilelikdäki hereketleri, ilkinji nobatda, dünýäniň käbir sebitlerindäki syýasy durnuksyzlyk, döwletleriň näsaz ösüşi, maliýe-ykdysady çökgünligiň netijeleri ýaly döwrüň kynçylyklaryna garşy durmakda tagallalary birleşdirmegi üpjün etmelidir. Şu alamatlaryň adamlaryň mejbury migrantlar bolmagynda esasy ýagdaýlar bolup çykyş edýändigini belläp, bu ýere ýygnananlar köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň  ýöriteleşdirilen bölümleriniň, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň ornunyň häzirki  wagtda möhüm ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Migrasiýa boýunça halkara guramanyň Wena şäherinde ýerleşýän sebit edarasynyň direktory hanym Renate Held, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili hanym Jasinta Barrins we beýlekiler öz çykyşlarynda maslahatyň guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ulgamda netijeli özara hereketleriň beýik maksatlaryň bähbidine ynsanperwer tagallalary birleşdirmäge gönükdirilendigini  nygtadylar. 

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny aýdyp, sebitde durnuklylygy saklamagyň, milli bähbitleri goramagyň hem-de deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm şerti bolup hyzmat edýän bu hukuk derejesiniň ähmiýetini bellediler. Şu babatda, 3-nji iýunda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň 193-si tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” Kararnamasynyň kabul edilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen   netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň tassyknamasy bolup durýandygy nygtaldy.  

Türkmen döwleti migrasiýa meselelerine uly üns berýär. Çykyş edenler şu babatda Türkmenistan tarapyndan görülýän anyk çärelere, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan Owganystana, Nepala hem-de tebigy betbagtçylykdan ejir çeken beýleki döwletlere kömek berilmegini goşmak bilen,  ynsanperwer çärelere ýokary baha berip, bularyň ählisiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu maslahata düýpli pikir alyşmak, migrasiýa babatda meseleleri çözmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamak hem-de adatdan daşary ýagdaýlara taýýar bolmak üçin oňat mümkinçilik hökmünde garalýar. 

Bu ýere ýygnananlar türkmen Lideriniň BMG-niň howandarlygynda ýöriteleşdirilen düzümi—Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň wajypdygyny bellediler. Şu ýylyň martynda Sendaýda (Ýaponiýada) geçirilen tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça III bütindünýä maslahatda hormatly Prezidentimiziň aýdan bu teklibi hem halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, tehniki we tehnologik hyzmatdaşlygy höweslendirmek, howanyň düýpli üýtgemegi bilen ýüze çykýan ýaramaz netijelere garşy hereket etmek meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlaryna kömek bermek maksatnamalaryny işläp düzmek hem-de durmuşa geçirmek, şeýle hem bu sebitde tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olary azaltmak boýunça çäreleriň toplumyny işläp düzmek  sebit merkeziniň esasy maksady bolar.  

Şeýle düzümiň döredilmegi Merkezi Aziýada howa we ekologiýa ýagdaýlary bilen anyk şertlendirilendir, sebitiň tebigy betbagtçylyklaryň howpuna gönüden-göni we çalt täsir etmegiň edarasynyň bolmagyna zerurlygy şöhlelendirýär, umuman, şu meselelerde halkara hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär. 

Sebitiň migrasiýa işlerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ornuna bagyşlanan mejlisiň barşynda çykyş edenler häzirki tapgyrda ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini bellediler. Şol syýasatda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesi öz mynasyp beýanyny tapýar.

Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamak ýurdumyzyň dürli döwletler bilen bilelikdäki işiniň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistan halkara syýasatyň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşyp, hil taýdan täze çemeleşmeleri öňe sürýär hem-de özini gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen giň hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde yzygiderli çykyş edýän döwlet hökmünde görkezýär. Şunda türkmen döwleti BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerini pugta berjaý etmek  uzakmöhletli parahatçylygy we durnuklylygy gazanmagyň esasy çeşmesi bolup durýar diýen ýörelgä eýerýär. 

Ynsanperwer ulgamda, şol sanda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmäge Türkmenistan daşary syýasat ugrunyň esasy ýörelgeleriniň biri hökmünde garaýar. Iri halkara guramalar bilen ýakyndan özara hereket edip, adam hukuklary babatda birnäçe esasy maksatnamalara we teswirnamalara goşulyp, şeýle hem BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy, Migrasiýa boýunça halkara guramanyň agzasy bolmak bilen, ýurdumyz dünýä möçberli işlerde strategik gatnaşyjy hökmünde orun tutýar.  

Ýurdumyzyň goşulan esasy halkara şertnamalarynyň we maksatnamalarynyň hatarynda BMG-niň “Bosgunlaryň derejesi hakyndaky” Konwensiýasyny we oňa degişli Teswirnamany, şeýle hem BMG-niň “Apatridleriň derejesi hakynda”, “Raýatsyzlygy azaltmak hakynda” Konwensiýalaryny agzamak gerek. Migrasiýa meselelerini milli derejede hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň wajypdygyny göz öňünde tutup, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda migrantlaryň, bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň hukuk derejesini düzgünleşdirýän hem-de olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kanunçylyk namalary kabul edildi. Olaryň hatarynda “Migrasiýa hakynda”, “Raýatlyk hakynda”, “Bosgunlar hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryny agzap bolar. BMG-niň bosgunlar boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi hem-de Migrasiýa boýunça halkara gurama bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk edilmeginiň ýyllary içinde bu babatda wajyp wezipeleri iş ýüzünde çözmäge gönükdirilen onlarça taslamalar we maksatnamalar durmuşa geçirildi.

Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hem-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ynsanperwer däplerine eýerip, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan migrantlar, bosgunlar we raýatlygy ýok adamlar üçin hemme şertler döredilýär. Muňa aşakdaky maglumatlar subutnama bolup biler: 2005-nji ýylda 13 müňden gowrak adam hoşniýetli erki esasynda Türkmenistanyň raýatlygyny aldy, şolardan 9 müň 500 töweregi adam bosgunlardyr. Mundan başga-da, 3 müňden gowrak adam   şahsy şahadatnama aldy, olaryň 1 müň 800-si bosgun bolup durýar. Şeýle hem 2011-nji we 2013-nji ýyllarda 4 müň adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilendigi bellenildi. 2014-nji ýylda 786 adam Türkmenistanyň raýaty boldy. Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, şu ýylyň 13-nji iýunynda  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene-de 361 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekmegi bu ugurda nobatdaky ähmiýetli ädime öwrüldi.  

Günüň ikinji ýarymynda geçirilen bölümleriň mejlislerinde çökgünlikleriň öňüni almak boýunça ýurtlaryň strategiýalary we öňdebaryjy tejribeler, migrasiýa we adatdan daşary ýagdaýlar hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentine Mähirli Gutlaglar

syrach

Hormatly Dokmaçylar!

syrach

Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

syrach