Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara boldy. Onuň çäklerinde sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleri sarpalamak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze kaşaň öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Mejlisi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňişi, Aşgabat şäheriniň häkimligi guradylar.
Baýramçylyk dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, dürli pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, meşhur medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ene mähirliligi we aladasy, sahawatlylygy hem-de tutanýerliligi üçin zenanlaryň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlag sözleri aýdyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasaty döredilýän täze durmuş hem-de ykdysady şertlerde zenanlarymyzyň diňe bir maşgala ojagyny goraýjylar bolman, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, telekeçilik ulgamynda, ylym, sungat, sport dünýäsinde öz mynasyp orunlaryny tapmagyna gönükdirilendir.
Zenanlarymyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar we häzirki döwürde täze durmuşyň gurluşygyna ägirt uly goşant goşýarlar. Olara hemişe döwlet we jemgyýet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Zenanlaryň Türkmenistanda möhüm döwlet, syýasy çözgütleriň kabul edilmegine, jogapkärli wezipeleriň çözülmegine işjeň gatnaşmagy durmuş taýdan adalatly hem-de deňhukukly jemgyýetiň sagdyn we durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň birine öwrüldi.
Ençeme müňýyllyklar mundan ozal bolşy ýaly, türkmenler häzirki döwürde hem maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligini aýawly saklaýarlar. Şol gymmatlyklar bolsa her bir nesilde belent ruhy hem ahlak başlangyçlaryny, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, enelere hem-de uly ýaşlylara sarpa goýmagy terbiýeleýär. Eneler ähli döwürlerde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysyny hem-de jemgyýetiň ahlak esaslaryny, onuň ruhy we ynsanperwerlik ýörelgelerini aýawly saklapdyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň zenanlary – bu ýokary hünärli, jogapkärli we aýgytly, talap ediji hem-de başarjaň ýolbaşçylar we alymlar, mugallymlar we lukmanlar, deputatlar we diplomatlardyr. Ýöne, şol bir wagtyň özünde olar, ilkinji nobatda, aladaçyl eneler, wepaly ýanýoldaşlar, mähirli uýalar we gyzlar, başarjaň öý bikeleri bolmagynda galýarlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zenanlarymyzyň ruhy, paýhas we ahlak kuwwatyna ýokary baha berip, olary durmuş özgertmelerine, jemgyýetde demokratik ýörelgeleri, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, medeni däp-dessurlary aýawly saklamaga hem-de ösdürmäge işjeň gatnaşmaga çagyrýar.
Dünýä iň gymmatly zady – ýaşaýşy peşgeş berýän enelere ähli döwürlerde hem-de ähli halklarda uly sarpa goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy her ýyl geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň iň ähmiýetlisine öwrüldi. Şu ýyl bu ada enelerimiziň iki ýuzden gowragy mynasyp boldy.
Milli Liderimiz ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, jemgyýetiň ruhy esaslaryny pugtalandyrmaga, onda watançylyk ýörelgelerini, umumadamzat gymmatlyklaryny berkarar etmäge, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegine, maşgalany we eneleri goldamaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanda bu wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy we olar anyk işlerde öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda mundan beýläk hem zenanlarymyzyň zehinleriniň we ukyplarynyň doly durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegi babatda ähli tagallalar ediler. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, şol sanda olaryň ýaşaýyş – durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Halkara Zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky topary kaşaň täze öýleriň açarlaryna eýe boldular.
8-nji mart mynasyebtli şu aýyň ilkinji günlerinden badalga alan baýramçylyk dabaralary zenanlaryň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlarda ornunyň barha artýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalary hem möhüm çäreleriň ençemesini guradylar. Olaryň hatarynda “Altyn ýyldyz” medeni-dynç alyş merkezinde geçirilen “Görki gülden zyýada bagtyýar gelin-gyzlar”, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň maslahatlar zalynda geçirilen “Zeminiň görki siz, bagtyýar zenanlar” atly baýramçylyk dabaralary we beýleki çäreler bar.
Şeýle hem baýramçylyk dabaralarynyň hatarynda Döwlet medeni merkeziniň Döwlet kitaphanasynda guralan “Zenan kalby joşar Bagtyýarlyk döwründe” atly edebi duşuşygy görkezmek bolar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginde hem-de Türkmen halysynyň Milli muzeýinde guralan dabaralar ajaýyp däp-dessurlarymyzy aýawly saklaýan zehinli halyçylarymyza bagyşlandy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň edaralary mowzuklaýyn çäreleri guradylar: Milli golýazmalar ianstitutynda “Nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginde zenan waspy”, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda “Bagtyýarlyk döwrüniň türkmen ylmy we alym zenanlary” baýramçylyk dabaralary, Taryh institutynda bolsa zenanlaryň ylymdaky ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Mundan başgada, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ähli ministrliklerde, pudak edaralarynda, olaryň düzüm böleklerinde, edaralarda we guramalarda, eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan zenanlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary boldy. Däp bolşy ýaly, pul sowgadyna zenanlaryň ählisi, şol sanda talyplar, mekdep okuwçylary hem-de çagalar baglarynda terbiýelenýän körpe gyzlar mynasyp boldular.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli-2016” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry baýramçylyk dabaralarynyň köp öwüşgünli çäresine öwrüldi. Türkmen döwlet medeniýet institutynda bu bäsleşigiň jemi jemlendi hem-de jemleýji dabaralar boldy.
Türkmenistanyň Mejlisi Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde dabaraly maslahat gurady. Onda aýal-gyzlaryň beýik özgertmeleri hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasatyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Paýtagtymyzyň häkimligi hem “Aşgabat” myhmanhanasynyň dabaralar merkezinde zenanlaryň hormatyna baýramçylyk çäresini geçirdi. Estrada aýdymçylarynyň, meşhur sazandalaryň, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň hem-de belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary “Türkmenistan” hem-de “Watan” kinokonsert merkezlerinde köpsanly tomaşaçylary ýygnady. Döwlet sirkiniň we “Ylham” seýilgähiniň mepýdançalarynda hem köpöwüşgünli baýramçylyk dabaralary geçirildi.
Milli telewideniýäniň we radionyň ähli ýaýlymlary hem baýramçylyk maksatnamalaryny hem-de aýdym-sazly gepleşikleri taýýarladylar. Olarda ýurdumyzyň meşhur zenanlary bilen duşuşyklar geçirildi, häzirki döwrüň gahryman zenanlary, Türkmenistanyň gender syýasaty we döwletiň aýal-gyzlaryň hukuklaryny, eneleri hem-de çagalary goramak boýunça geçirýän işleri barada gürrüň berýän gepleşikler guraldy. Ýurdumyzyň döwürleýin neşirlerinde çap edilen köpsanly makalalar hem şu meselä bagyşlandy.
8-nji martda, baýramçylygyň esasy gününde irden Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi açylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli zenanlaryna ägirt uly gül çemeni görnüşindäki ajaýyp sowgat bolar. Soňra Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň dabaralar zalynda “Berkarar döwletiň bagtyýar zenanlary” atly aýdym-sazly dabara geçiriler.
Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramyçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Şu bahar günlerinde hemme ýerde ildeşlerimiziň şanyna gutlag sözleri we iň gowy arzuwlar aýdylýar, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli-dürli duşuşyklar hem-de beýleki çäreler guralýar. Diňe baýramçylyk gününde däl, eýsem, her gün mähriban enelerimiziň, mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdylýar, söýgi we şatlyk arzuw edilýär.