Nowruz baýramyny köpugurly baýramçylyk diýip atlandyrmak bolar. Ol köp halklary birleşdirip, olaryň taryhy kökleriniň we medeni gözbaşlarynyň umumylygyny beýan etmek bilen çäklenmeýär. Beýleki halk baýramlaryndan tapawutlylykda Nowruz ilkibaşdan tebigy esasa eýe bolup, asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda diňe bir biri-birine ýakyn däp-dessurlaryň toparynda ornaşmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň ähli halklarynyň hormat goýýan öçmez-ýitmez ruhy gymmatlyklaryny şöhlelendirip, dünýä gujagyny giňden açdy. Onuň aýry-aýry adamlaryň, uly milletleriň, kiçi ýurtlaryň we ägirt uly sebtileriň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga we täze gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jebisleşdiriji ähmiýeti hut şunda jemlenýär. Nowruz baýramy adamzadyň ahlak tejribesinde toplanan ähli gowy zatlary, ähli ýagşylyklary, şu günüň oňyn we şatlykly wakalaryny özünde birleşdirýär. Nowruzyň halkara we medeni ähmiýeti, onuň birleşdiriji başlangyjy hut şunda öz beýanyny tapýar.
Döwrüň şertlendiren täzelikleri Nowruzyň ahlak we gözellik alamatlaryny üýtgetmedi. Ol Güne hormat goýmagyň baýramçylygy bolmagynda galdy. Onuň ynsanperwerlik mazmunyny bolsa “Gün hemmeleri birmeňzeş çoýýar” diýen türkmen paýhasy bilen beýan edip bolar.
Bu gün Nowruzyň “mozaikasy” täze gyraňlar bilen şugla saçdygadymy baýramçylyk Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen halkara derejesine eýe boldy. Munuň özi Nowruzyň umumy siwilizasiýa ähmiýetini açyp görkezýär.
BMG-niň esas bolup hyzmat edýän resminamalaryMüňýyllygyň jarnamasyndan başlap UNESKO-nyň köp sanly maslahatlaryna çenli halkara gepleşikleriniň ähli derejesinde gatnaşyklara çagyryş bolup durýar. Ol medeni özara düşünişmegi berkitmegiň, din babatda sabyr-takatlylygy terbiýelemegiň we ideologik ynamlary ýeňip geçmegi öz içine alýan ruhy taýdan ösüşi höweslendirmegiň zerurlygy bilen utgaşýar. Medeniýetleriň dürlüligi diňe halklaryň we döwletleriň interaktiw gatnaşyklary arkaly ösüp biler. Bu bizi taryhy bütewilige adamzat siwilizasiýasyna birleşdirýän umumy gymmatlyklary görmäge ýardam edýär.
Şonuň üçin Nowruzyň baýram edilmegi BMG-niň dünýä bileleşigini parahatçylygyň we ynsanperwerligiň beýik maksatlarynyň saýasynda birleşdirmäge gönükdirilen interaktiw ruhy bilen sazlaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni hökmünde ykrar etmegi bolsa, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, birek-birege hormat goýmagy we agzybirligi berkitmäge mynasyp goşantlaryň biri boldy.
Nowruzyň many-mazmuny erk-islegiň özboluşly şygary döredijilige, dostluk we doganlyga bolan erk-islegiň şygary özünde jemleýär. Şonuň üçin bu baýramçylyk köpçülikleýin bolup, ony diňe maşgala bilen däl-de, eýsem, dostlar, goňşular, ildeşler bilen garşylaýarlar. Biziň günlerimizde bolsa has-da giňden tutulyp, baýramçylyga dürli ýurtlardan köp sanly myhmanlary çagyrmak bilen bellenilýär. Häzir şu mynasybetli Türkmenistanda uly toýa taýýarlyk görülýär. Bahar täze ýylyny baýram etmegiň däpleri dowam edýän biziň Diýarymyza onlarça döwletlerden wekiliýetler gelerler.
… Halk arasynda aýdylýan söze görä, adamyň gylyk-häsiýetini onuň gözlerinden, ýylyň nähili boljagyny Nowruzyň gelşinden bilip bolar. Şu ýyl Nowruz bize halkara derejesinde dabaraly we giň gerim bilen gelýär.
Baharyň ilkinji güni Internet ulgamynda açylan “Nowruz baýramy” atly saýt bolsa, Türkmenistanda Halkara Nowruz gününe bagyşlanan dabaralaryň aýnasyna öwrüler. Ol Internetden peýdalanýanlaryň hemmesini “www.nowruz.gov.tm.” salgysy boýunça öz sahypasyna çagyrýar.
Öňde boljak dabaralara bagyşlanan saýt giň gerimli baýramçylyk çärelerini beýan etmek maksady bilen işlenip taýýarlandy. Şol dabaralaryň çäklerinde dürli wakalar, şol sanda festiwal, ylmy maslahat, konsertler, sergiler we bäsleşikler, tanyşdyrylyş dabaralary we duşuşyklar geçiriler. Saýtyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çykmagy okyjylaryň, şol sanda daşary ýurtly okyjylaryň köp sanlysyny gurşap alar.
Web-sahypanyň mazmuny öwreniş materiallary, şol sanda taryhy, etnografiýa we ylmy – köpçülikleýin, şeýle hem habar-täzelik we suratly materiallar ýaly esasy ugurlarda düzüler.
Internetden peýdalanýanlar üçin amatly bolar ýaly, saýtyň mazmuny temalar boýunça rubrikalara bölündi. Web-saýtyň özboluşly tekjesi bolup durýan esasy sahypada Halkara Nowruz baýramynyň çärelerini geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 21-nji marty Halkara Nowruz güni hökmünde ykrar etmek hakynda Rezolýusiýasy, dürli öwüşgünli slaýtlar, fotosuratlar, täzelikler, gadymy baýramçylyk, onuň Türkmenistanda we beýleki ýurtlardaky däpleri hakynda umumy maglumatlary öz içine alýan esasy bölümler ýerleşdirildi.
Nowruz öz gadymy däpleri bilen ajaýyp dünýä hadysasy ýaly bir zat bolup durýar. Bu birinjiden, megerem, Ýer ýüzünde iň gadymy täze ýyl baýramçylygy bolsa gerek. Ol gözbaşlaryny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şonuň üçin orta asyryň akyldarlary Nowruzyň gelip çykyşyny düşündirenlerinde hekaýatlara we rowaýatlara ýüzlenipdirler. Ylmy nukdaýnazardan garalanda, Nowruzyň gelip çykyşyny ynsanyň taryhy ewolýusiýanyň täze döwrüne çöplemeklikden ekerançylyga geçmek /gadymy slawýanlaryň hem täze ýyly baharda baýram edendigini bellemek gerek/ döwrüne degişli etmek gerek. Din, däp-dessur nukdaýnazardan seredeniňde bolsa bu baýramçylygyň manysy tebigat bilen ynsanyň özara gatnaşyklarynyň doly sazlaşyp, gije bilen gündiziň deňleşip, oýanyşyň we täzelenişiň gelýän wagtyny aňladýar.
Ikinjiden bolsa, onuň täsinligi Nowruzy döreden medeni gymmatlyklaryň sebitiň çäginden çykyp, misli gün şöhlesi deýin tutuş dünýä boýunça ýaýranlygynda jemlenýär.
Iň uly bölüm Türkmenistanda Nowruz baýramynyň bellenilişine bagyşlanandyr. Ol özünde birnäçe rubrikalary jemleýär. Bu ýerde Nowruzyň baýram edilmegi bilen bagly däp-dessurlaryň çeşmeleri hakynda taryhy maglumatlar getirilýär, türkmen halkynyň däpleri, milli oýunlary we tanslary, milli we baýramçylyk tagamlarynyň aýratynlyklary barada gürrüň berilýär.
Okyjylar bu ýerde “Monjukatdy” ýaly gyzlaryň oýny ýa-da “Aýterek-Günterek” ýaly çagalar oýunlary, göreş, at çapyşyklary, küşt depdi tansy hakynda gyzykly maglumatlary tapyp bilerler. Habarlar taryhy çeşmelerden alynan maglumatlar, şygyrlar we suratlar bilen üpjün edildi.
Öý bikeleri üçin “Nowruz desterhany” diýen rubrika gyzyklanma döretse gerek. Ol baýramçylyk tagamlaryna we türkmen milli aşhanasynyň däplerine bagyşlanandyr. Bu ýerde esasy orun, elbetde, “Semeni” ýaly däbe öwrülen tagama berildi.
Mahlasy, saýtyň mazmuny dürli ýaşdaky okyjylar üçin niýetlenendir we bu ýerde her bir adam özüni gyzyklandyrýan dürli zatlarytäze we täsin maglumatlary tapyp biler. Web-saýt işlenip taýýarlananda, Nowruz baýramy bilen gyzyklanýan okyjylara Internetiň esasy ulgamlarynda biziň saýtymyzy aňsatlyk bilen tapmagyna mümkinçilik berýän tehnologiýalar ulanyldy.
Saýtyň özüne çekiji bezelişi bolsa oňa hakyky baýramçylyk öwüşgünini çaýyp, ony diňe öwrenmek üçin däl-de, eýsem, gyzyklanyp görmek üçin mümkinçilik döreder.
Saýty Türkmen döwlet habarlar gullugy /TDH/ işläp taýýarlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa instituty taryhy makalalary mazmun taýdan baýlaşdyrmaga uly ýardam etdi. “Nowruz baýramy” saýtynyň habarlarynyň mazmuny bir baýramçylygyň çäklerinden çykyp, türkmen halkynyň, onuň däp-dessurlarynyň, ahlagynyň we dünýä garaýşynyň, ruhy mirasynyň we milli medeniýetiniň köp taraplaryny gurşap alýar.
Aslynda bu saýt dünýä ulgamynda biziň ýurdumyzyň etnografiki şekili bolup, ol dowam etdigiçe täze mazmun bilen baýlaşar.
Omar Haýam “Nowruznama” eserinde “Bu dünýä diňe deňagramlylyk bien berkarar boldy, şonuň netijesinde ol gülläp ösýär” diýip ýazdy. Bähbitleriň deňagramlylygyny, gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlygyň umumy nokatlaryny, ösüşiň ýollaryny gözläp tapmak täze döwrüň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ýöredýän Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýär. Şu nukdaýnazardan hem täze saýt biziň ýurdumyzyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge ýene-de bir goşandy bolup durýar.
Habarlar gurşawy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň kesgitleýji şertine öwrüldi. Şunda Türkmenistan hem dünýäniň ylmy-tehniki ösüşinden çetde durmaýar. Dünýäniň habarlar ulgamlarynyň mümkinçilikleri onuň möhüm esasyny düzýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ählumumy kompýuterleşdirmek we “Internetleşdirmek” şoňa gönükdirilendir. Dünýä ulgamyna orta mekdepler, ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezler yzygiderli birigýärler. Dürli edaralar we kärhanalar, döwürleýin neşirler Internetde öz sahypalaryny açýarlar.
Dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmaçsy günsaýyn artyp, özara bähbitleriň we geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň kesişýän nokatlary hakynda nazary düşünjelerden iş ýüzündäki hereketlere, hakyky çärelere we anyk ädimlere geçýär. Biziň ýurdumyzyň halkara derejesindäki wakalara we duşuşyklara baý bolan syýasy durmuşy munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.
Paýtagtymyza her gün diýen ýaly daşary döwletleriň, halkara guramalarynyň wekilçilikli toparlary gelýärler, ikitaraplaýyn hökümet gepleşikleri, ykdysadyýet, bilim we ylym, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça maslahatlar geçirilýär.
Bu zatlaryň hemmesi tutuş dünýäniň ünsüniň Türkmenistana gönügendigini şöhlelendirýär. Ol biziň ýurdumyzdaky syýasy, ykdysady we durmuş özgertmeleri, döwlet Baştutanymyzyň ähli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky möhüm başlangyçlary bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen baglylykda, öz ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä açýan ýurdumyzyň medeni özboluşlylygyna bolan gyzyklanma hem görnetin artdy.
Şu nukdaýnazardan “Nowruz baýramy” saýty Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe öz röwşen geljegini gurýan mähirli, zehinli we zähmetsöýer halkyň ýaşaýan myhmansöýer we bereketli ülkesi bolan Türkmenistana syýahat edip görmegi arzuw edýän adamlar üçin çakylyk hem bolup durýar.
Täze saýt dünýäniň geosyýasy, ykdysady, medeni giňişliginde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň abraýyny habar beriş diplomatiýasynyň serişdeleri bilen berkarar edýän, onuň dünýäniň habarlar giňişligine işjeň aralaşmagyna ýardam edýän türkmen elektron neşirleriniň üstüni ýetirdi.