6.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Türkmenistan-Koreýa Tehnologiýa Ulgamynda Hyzmatdaşlyk Ösdürilýär

Türkmenistan-Koreýa Tehnologiýa Ulgamynda Hyzmatdaşlyk Ösdürilýär

Paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge bagyşlanan “Energetika, ulag we senagat ulgamlarynda tehnologiýa hyzmatdaşlygy we teklipler” atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde dürli derejelerde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy hem-de ony amala aşyrmak boýunça anyk ädimler kesgitlenildi.

Türkmen hünärmenleriniň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň giň göwrümli taslamalarynyň mazmunyny, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ynamly gadamlar bilen barýan hem-de dünýä ykdysadyýetine okgunly goşulyşýan, batly depginler bilen ösýän Türkmenistanyň ägirt uly üstünlikleriniň esasyny beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy we tagallasy netijesinde häzirki wagtda Türkmenistanda bolup ggeçýän giň göwrümli özgertmeler, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge alnan ugur we giň halkara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagy iki dostlukly ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Iň gowy dünýä tejribesini we täzeçil tehnologiýalary ulanmaga çalyşýan ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin, ilkinji nobatda bolsa, wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlar üçin elmydama açykdyr.

Türkmen-koreý maslahatyna gatnaşyjylar taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanmalaryny tassyklap, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwata hem-de mümkinçiliklere eýe bolan köp ugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça birnäçe anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleri, hem-de Günorta Koreýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda “Samsung C&T”, “LG International”, “Evergreen Motors”, “Hyundai Corp”, “Hyundai Engineering”, “POSCO E&C” kompaniýalarynyň ýurdumyzdaky wekillikleriniň ýolbaşçylary şeýle işewür gatnaşyklaryň iňňän wajypdygyny belläp, deňhukukly we özara bähbitli başlangyçlarda guralýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň zerurdygyny aýtdylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan hem-de Koreýa Respublikasy tarapyndan aýratyn wajyp ähmiýet berilýän energetika, ulag we senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem güýçlendiriljekdigine ynam bildirdiler.

Degişli makalalar

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar

Türkmen Wekilýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynda Duşuşyklar we Gepleşikler Geçirdi

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Müdiriýetiniň Mejlisi