Nagt däl hasaplaşyklaryň uly mäýdanynda ýene-de bir iri oýunçysy Türkmenistanda işläp başlar. Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky töleg işiniň ulgamyna gatnaşmaga hukuk berýän MasterСard bilen lisenzion ylalaşygy baglaşar. Daşary ykdysady iş bankyna şular ýaly ygtyýary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda gol çeken Buýrugy hukuk berýär.
Nagt däl hasaplaşyklaryň global ykdysadyýetiň çuňluklaryna aralaşandygyna dünýäde dolanşykdaky kartlaryň sany hem şaýatlyk edýär. Olaryň sany milliardlarçadyr, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň millionlarçasy olara hyzmat edýär. Şeýle nagt däl pullaryň ýyllyk dolanşygy trillion dollara barabardyr. Bu batda dünýädäki iri MasterСard we Visa töleg ulgamlaryna uly orun degişlidir. Olaryň her biri dünýäniň iki ýüzden gowrak ýurdunda maliýe edaralarynyň onlarça müňüsini özlerinde birleşdirýär.
Türkmenistan bu öňdebaryjy tejribäni ýurtda ornaşdyrmagyň ýoly bilen barýar, bu ulgamda giňişleýin işläp taýýarlamalar bardyr. Şunlukda, Viza global nagt däl töleg ulgamy Türkmenistanda 1994-nji ýyldan bäri işläp gelýär. Onuň ýurtda ornaşdyrylmagyna töleg ulgamynyň doly hukukly agzasy bolup durýan Daşary ykdysady iş bankynyň uly paýy bardyr. Onuň netijesinde Vizanyň iş usullarynyň kömegi bilen ýurduň beýleki banklarynyň birnäçesi işlemäge mümkinçilikler aldylar. Bu halkara töleg ulgamynyň giň hyzmatlar bukjasynda Daşary ykdysady iş banky Visa Eleсtron, Visa Сlassiс, Viza Business, Visa Gold ýaly dört sany kart görnüşlerini emissiýa edýär.
Şeýle hem Daşary ykdysady iş banky Millikart milli töleg ulagmynyň işini üpjün edýär. Türkmenistanda Altyn asyr milli töleg ulgamy hem işleýär. Onuň işini Halkbank üpjün edýär. Maliýe gurluşlary atanaklaýyn tranzaksiýany erkin amala aşyrmaga şert döredýän bu milli töleg ulgamlaryny host to host ugry boýunça sinhronlaşdyrmagyň üstünde işleýär.
Dolanşyklaryň yzygiderli artmagy, Türkmenistanda kartyň diňe bir pul almak üçin ulanylman, eýsem harytlara we hyzmatlara tolemek üçin ulanmakda hem barha giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. Daşary ykdysady iş bankynyň bank kartlarynyň departamentiniň malumatlar tehnologiýasy bölüminiň müdiri Gurban Şyhlyýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistanda Visa kartlary boýunça nagt däl hasaplaşygyň dolanşygy bir ýylda – 2012-nji ýylyň üçünji çäreginden 2013-nji ýylyň üçinji çäregi aralygynda 49 göterim artdy.
Ýurtda bankomatlaryň, töleg terminallarynyň ulgamy yzygiderli giňeldilýär. Olaryň kömegi bilen harytlar we hyzmatlar üçin serişdeleri nagt pula öwürmezden gönüden-göni kartdan töläp bolýar. Eýýäm daşary ýurtlaryň ýa-da husuy kärhanalaryň köpüsi serişdeleri bank zähmet haky kartlaryna berýärler. Özi hem golaý ýyllarda bu işe ýurduň iri iş berijileri, şol sanda döwlet edaralary hem goşulşarlar.
Daşary ýurtly nyhmanlar özleriniň Visa bank kartyndan hem paýtagtda, hem Awazada ulanyp bilerler. Daşary ýurtlara gidýän türkmenistanlylar hem şeýle kartlardan netijeli peýdalanýarlar. Daşary ykdysady iş banky tarapyndan milli we daşary ýurt pullaryny awtomatiki usulda konwertasiýa edilmegini üpjün etmegi planetanyň dürli künjeginde kartdaky hasabyň üstüni dolmaga we şol pul geçirmelerini çalyşmaga, döwletleriň köpüsinde adaty kartdan erkin peýdalaanmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda MasterСard işläp başlan wagtyndan biziň ýurdumyzyň wekilleri dünýä bazarlaryndaky, dünýä maliýe akymlaryndaky işlere has işjeň goşulşarlar.
Daşary ykdysady iş bankynda internet-bankingi, belli bir aralyk boýunça bron etmekligi, howa uçarlaryna petek almagy giňden ösdürmek boýunça hereket maksatnamasyny-taslamany meýilleşdirdiler. Ilatly nokatlaryň we uzakdaky sebitleriň möçberine garamazdan, söwda nokatlarynyň we edaralaryň aglabasynda nagt däl hasaplaşygy adaty durmuşa giňden ornaşdyrmak boýunça işler öňde dur. Töleg ulgamlaryny giňeltmrk Daşary ykdysady iş bankynyň Türkmenpoçta edarasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Onyň köp sanly bölümleri sebitlerdäki maliýe guramalaryna nagt däl hasaplaşygy berer. Bank kartlaryny emissiýa etmegi göz öňünde tutýan Daýhanbank bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär.
Bu işler türkmenistanlylaryň ählisiniň we ýurduň myhmanlarynyň nagt däl hasaplaşygyň bähitlerinden peýdalanmaklary üçin hökmanydyr. Bu bolsa işewür gatnaşyklaryň we syýahatçylygyň mundan beýläk hem ösdürilmegine şert döreder. Aşgabatda ýa-da Awazada ulanylmaga berilýän ýokary derejeli myhmanhanalaryň islendiginde nagt däl hasaplaşyk bankomatlar we töleg terminallary bilen üpjün edilmeginiň berk düzgüne öwrülmegi ýöne ýere däldir. Aýratyn hem bu öňde duran V Aziýa oýunlarynda wajypdyr. Köp sanly myhmanlaryň, türgenleriň žurnalistleriň gelmeklerine garaşylýar. Olaryň ählisi hem bäsleşiklere gatnaşmaga ýygnanarlar we olaryň beýan edilmegine gatnaşyp bilerler, öz türgenlerine janköýerlik edip bilerler we pullaryň konwertasiýa edilmegine we ýerli maliýeulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşamaga ünsi çekmezden Türkmenistan bilen tanşrlar.
Geljegi uly bolan çäreleriň arasynda çip kartlaryny ornaşdyrmagy görkezmek bolar. Olar geljekde magnit zolakly kartoçkalar ýaly giň ýarawa eýe bolarlar. Visa we MasterСard ýaly kontaktsyz tölegler tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagynyň hem ähmiýeti ulydyr. Bu ulgamda uly bolmadyk söwdada karty terminala ertäýmelidir we ony tutmagy ýa-da karty bankomata goýmagy talap etmeýär.
Nagt däl hasaplaşygy ulanýanlar üçin hyzmatlar we harytlar üçin, şol sanda durmuş hyzmatlaryny hasabyny ýa-da döwlet paçlaryny hem, tölegi belli bir aralykdan tölemäge örän uly mümkinçilikler açylýar. Bu bolsa bizi elektron hökümetiniň ähli bähbitlerini amala aşyrmaga ýakynlaşdyrýar. Şeýle hem hem fiziki, hem sanly we multimediýa programmaly internet söwdasyny giňden ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Maglumatlar tehnologiýasyna, aragatnaşygyň täze netijeli standartlarynyň çuňluklaryna aralaşmak nagt däl hasaplaşygy giňden ornaşdyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Bu şertler ýurtda giňden ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň dowamynda yzygiderli döredilýär. Bu bolsa türkmen banklaryna dünýäniň belli töleg ulgamlary bilen ynamly işleşmäge şert döredýär.
Milli maliýe ulgamy üstünlikli döwrebaplaşdyrylýar, ýurduň çalt depginler bilen ösmeginde ygtybarly daýanç bolup durýar. Türkmenistanda iň täze tehnologiýalaryň, ýokary serişde mükinçilikleri bilen we adamzat maýasynyň derjesi bilen bilelikde häzirki zaman bank enjamlarynyň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ýokary hilli basgançaklara ýetmäge oňaýly şertleri döredýär.