8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Türkmenistan Nabukko üçin umyt boldy

Azerbaýjanyñ tebigy gazyñ Ýewropa eksport edilmeginde Nabukko taslamasynyñ ýerine başga alternatiwleri ulanyp biljekdigi sebäpli uly howp abanan taslama Türkmenistan umyt boldy.

İńlis firmasy tarapyndan geçirlen ylmy barlaga görä Nabukko taslamasyna diñe Türkmenistanyñ tebigy gaz bermegi ýeterlik bolup biler.

Britanýanyń Gaffneý Klin firmasynyñ Orta Aziýa boýunça müdüri Peter Holding Türkmenistanda geçirlen Halkara tebigy gaz kongresinde eden çykyşynda sebitde 20 trilion kub meterlik tebigy gaz ätiýajynyñ bardygyny ýatlatdy.

Şol mukdaryń Katardaky demirgazyk käninden soñ dünýäniñ ululyk taýdan 2-nji gaz ätiýajy bolandygyny nygtan Holding, Günorta Ýolöten-Osman sebitiniñ tebigy gazynyñ Nabukko taslamasy üçin ýeterlik bolup biljekdigini nygtady.

Türkmenistan häzirki wagtda Russiýa, Eýrana we Hytaýa gaz eksport edýär.

Owganystanyñ we Pakistanyñ üsti bilen Hindistana çenli turbo çekmek üçin tagalla edýän Türkmenistan, Türkiýäniñ üsti bilen Ýewropa tebigy gaz akdyrjak Nabukko taslamasyna hem goldaw berýär.

Ýylda 80 milliard kub meter gaz öndürýän Türkmenistan şol mukdary 2030-njy ýylda 250 milliard kub metre ýetirmegi göz öńünde tutuýar.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Halkara Pul Gaznasynyň Türkmenistan Boýunça Ýolbaşçysy Bilen Sanly Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Duşuşyk

Ýurduň Gündogaryndaky Darganata Etrabynda Täze AÝGB Işläp Başlady

turkmenhabargullugy

Mebel we Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisine Gatnaşan Kärhanalar

syrach