8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistan-Rowaçlygyň Watany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Mizan” işewürlik merkezinde ýakynlaşyp gelýän Täze ýyl mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, görnükli medeniýet işgärleri, sungat ussatlary we beýlekiler ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň hemmesini ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlady hem-de tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Watanymyzyň täze taryhynyň möhüm tapgyryna öwrülendigini belledi. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän bu ýyl ýurdumyzyň ägirt uly üstünliklerini we ýeten derejesini, halkara giňişlikdäki belent abraýyny alamatlandyrýan şanly wakalara beslendi.

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen geljek, 2019-njy ýyl üçin milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de berkidilmegine, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, durmuş ulgamynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň möçberli meýilnamalar we wezipeler kesgitlenildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bularyň türkmen halkynyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini belläp, bu ýere ýygnananlara bagt, maşgala abadançylygyny we ata Watanymyzyň ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bu ýere ýygnananlar öz gezeginde döwlet Baştutanymyzy hemmeler tarapyndan söýülýän baýramçylyk bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ähli asylly başlangyçlarynda egsilmez güýç-kuwwat we üstünlik arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ägirt uly tebigy serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine, milletimiziň ruhy-medeni taýdan gülläp ösmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda we sebitlerde köp sanly medeni-durmuş, önümçilik, ulag-aragatnaşyk hem-de beýleki maksatly desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polipropilen we polietilen öndürýän gazhimiýa toplumy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwapark we şypahana, Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili, Marydaky utgaşykly usulda işleýän bug-gaz elektrik bekedi, Ahal welaýatynda “Türkmenaýnaönümleri” önümçilik kärhanasy, Serhetabat — Turgundy demir ýoly hem-de mekdepler, lukmançylyk edaralary, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň dowamynda gurluşygyna badalga berlen iri taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, bu ugur boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi bar. Bular ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, sebitiň halklarynyň abadançylygyna hyzmat eder.

Obasenagat toplumynyň kuwwatlyklary artdyrylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik, eksport önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhana hojalyklary açyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde kabul edilen wajyp çözgütler oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine kuwwatly itergi berdi. Munuň özi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna mümkinçilik döretdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Ahal welaýatynda döwrebap obalaryň birbada birnäçesiniň Ak bugdaý, Gökdepe we Kaka etraplarynda düýbüni tutmak dabarasy boldy. Şunuň ýaly möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň ajaýyp miwesidir.

Umuman, bu işler Türkmenistanyň 2019-njy ýylda ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşi üçin oňyn şertleri döredýär. Munuň şeýledigini dünýäniň maliýe düzümleri, şol sanda Halkara pul gaznasy tassyklaýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry hem anyk netijelerini berýär, ol hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar we Watanymyzyň halkara derejede belent abraýyny kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň we meseleleriniň deňeçer çözgütleriniň işlenilip taýýarlanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki möhüm maslahatlaryň münberinden öňe süren oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna we goldawyna eýe boldy.

2018-nji ýylyň şanly wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişi, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny görkezmek bolar. Bu sport çäreleri ýurdumyzyň dünýäde abraýyny artdyrdy hem-de bedenterbiýe-sport hereketine kuwwatly itergi berdi.

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen 2019-njy ýylyň gelmegi bilen gutlap, geljek ýylda türkmen halkynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taglymlarynyň esasynda has-da jebisleşip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany gülläp ösýän döwlete öwürmek wezipesi bilen ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

“Mizan” merkezinde geçirilen dabaranyň dowamynda öz joşgunly çykyşlaryny eziz Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ýeten sepgitlerine bagyşlan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ajaýyp öwüşginli Täze ýyl tomaşalary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine we milli Liderimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Arzuw” diýen täze aýdymyň ýerine ýetirilmegi ýygnananlarda aýratyn ýokary ruhubelentlik döretdi. Häzirki zaman äheňlerinde döredilen bu aýdym üç dilde — türkmen, iňlis we nemes dillerinde ýerine ýetirildi hem-de ýakymly heňi, kalplary tolgundyrýan sözleri bilen ähli diňleýjilerde unudylmajak täsir galdyrdy, muňa joşgunly el çarpyşmalar hem şaýatlyk etdi.

Degişli makalalar

Sinhaý Welaýatynda Ilkinji Türkmen-Hytaý Maslahaty Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşdy

turkmenhabargullugy

Üsküdar Üniversitesi Türkmen Öğrencileri Bekliyor !

turkmenhabargullugy