Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedew iş sapary bilen Türkmenistana gelýär. Deňziň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek nobatdaky ýokary derejeli türkmen-rus duşuşygynyň barşynda ilki başdan deňhukuklylyk, konstruktiwlik we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, sebit we halkara derejesindäki syýasat boýunça özara gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategiki häsiýete eýe bolup durýar, soňky ýyllarda onuň ösüşine has güýçli itergi berildi we hil taýdan täze derejä ýetirildi, munuň özi iki döwletiň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyna, iki tarapyň hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy iki taraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn formatda ösdürmäge taýýardygyna şaýatlyk edýär. Netijeli gepleşigiň mundan beýläk-de hemme taraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna we işjeňleşdirilmegine çalyşmak döwrüň talaby bilen, bilelikde işlenip, toplanan baý tejribe we biziň halkalarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň ägirt uly potensiala eýe bolmagy bilen şertlendirilendir.
Iki ýurduň Liderleriniň yzygiderli duşuşmagy Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyny we giňeldilmegini ugur edinýän syýasata eýermegi maksat edinýändigini görkezýär, şol duşuşyklaryň her biri birek-birege ynam bildirmek ýagdaýynda geçip, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça işjeň ýagdaýda pikir alşylmagyna öwrülýär.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň potensialy barada aýdylanda, onuň köp sanly ugurlary özünde jemleýändigini hem-de dürli ugurlar boýunça tagallalary birikdirip, üstünlikli işlemek üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtman geçmek bolmaz. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika sektoryny, senagat pudaklaryny, transport, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar boýunça ulgamlary, öňde baryjy tehnologiýalary maýa goýumlary bilen bagly işleri we beýlekileri görkezmek bolar. Şunda iki taraplaýyn hökümetara toparynyň ornuna aýratyn ähmiýet berilýär, bu topar baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de yzygiderli ýagdaýda artdyrmagyň netijeli mehanizmine öwrülmelidir hem-de hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen onuň täze, has oňaýly ýollarynyň we formatlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam bermelidir.
Soňky döwürde sebitleriň formatynda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilip, döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ähmiýetli bölegine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan oblasty ýaly iri sebitleri we beýleki subýektleri bilen hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprüleri guruldy, delegasiýalar yzygiderli ýagdaýda birek-biregiňkä baryp görýärler, munuň özi taraplaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygy uzak geljegi göz öňünde tutup, dowam etdirmäge çalyşýandygyny görkezýär.
Russiýanyň köp sanly belli kompaniýalarynyň türkmen bazaryna gatnaşmagy ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyna güwä geçýän görkezijidir, bu kompaniýalar iki ýurt üçin hem strategiki ähmiýete eýe bolan nebitgaz sektorynda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işeňňir gatnaşýarlar we işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýärler. Hususan-da, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň we Russiýanyň «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň düzümine girýän «MRK-In¦iniring» kompaniýasynyň baglaşan şertnamasynyň çäklerinde Merkezi Garagum—Ýylanly gaz geçirijisiniň gurulmagy Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň energetika ulgamyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barylýandygyny görkezýän mysallaryň biridir. Mälim bolşy ýaly, uzynlygy 198,2 kilometre ýetýän täze gaz geçirijisiniň geçen hepdäniň ahyrynda ulanmaga berilmegi Türkmenistandan Russiýa iberilýän «mawy ýangyjyň» möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hazarýaka gaz geçirijisiniň gurluşygy, iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezilýän nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk bilen baglylykda uly möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belläp, bu hyzmatdaşlygyň geljekde giň mümkinçiliklere eýedigini aýtsa bolar. ulag—kommunikasion ulgamda-da hyzmatdaşlyk üçin oňaýly ýagdaý döredildi, Türkmenistan sebit we halkara derejesinde netijeli hereket edýän infrastrukturany döretmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi, Demirgazyk—Günorta demir ýoly şonuň möhüm bölegine öwrülmelidir. Deňiz gatnawynyň, hususan-da, Türkmenbaşy we Olýa portlarynyň arasyndaky gatnawy ösdürmek hem möhüm ähmiýetli ugur hasaplanýar.
Medeniýet—gumanitar ugur boýunça özara arkalaşykly hereket etmek türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýene-de biri bolup durýar, taraplar bu ugra aýratyn ähmiýet berýärler. Häzirki wagtda şol netijeli gatnaşyklar täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bilim we ylym boýunça gatnaşyklar ýylsaýyn giňelýär, türkmen talyplary Russiýanyň esasy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, Aşgabatda Russiýanyň I.M. Gubkin adyndaky döwlet nebit we gaz uniwersitetiniň filialy açyldy we hereket edýär. Geçen ýylyň dekabrynda umumy bilim berýän A.S. Puşkin adyndaky bilelikdäki mekdep has kämil enjamlar bilen üpjün edilen gözel binada täze jaý toýuny tutdy. Täze mekdebiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federsiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedewiň gatnaşmagy simwoliki ähmiýete eýedir. Şonuň bilen birlikde medeni alyş-çalyşlar işjeňleşdirildi, döredijilik intelligensiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar pugtalanýar.
Häzirki wagtda syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin hem örän oňaýly mümkinçilikler döreýär. Iki ýurduň Liderleriniň deňziň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde duşuşmagy ýöne ýerden däldir. Bu ýerde, Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda— halkara derejeli täze, ähli oňaýlyklary bolan şypahana zolagynda binalary gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça uly möçberli işler ýaýbaňlandyryldy, şunda russiýaly hyzmatdaşlaryň tejribesi iş ýüzünde ulanylyp bilner.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Russiýanyň Baştutanlarynyň nobatdaky duşuşygy dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň asylly ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täzeden badalga berer, şol ýörelgeler täze taryhy eýýamda biziň abadançylygy, rowaçlygy we ösüşi maksat edinýän ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň berk binýadyna öwrüldi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm