Şu gün paýtagtymyzdaky «Grand Türkmen» myhmanhanasynda energiýadan netijeli we rejeli peýdalanmak üçin kanunçylyk we strategik binýady pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanan iki günlük seminar öz işini tamamlady. BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň we Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde guralan bu foruma Mejlisiň wekilleri, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Energetika we senagat ministrliginiň, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Gün» institutynyň hünärmenleri, şeýle hem Beýik Britaniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan halkara ekspertleri we maslahatçylary gatnaşdylar.
Forumyň gün tertibine energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerinden energiýany öndürmek, hereket etmegiň maksatnamasyny, şeýle hem bu ulgamdaky strategiýany we kanunlaryň dürli görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleri we mehanizmleri döretmegiň meseleleri girizildi. Seminaryň çäklerinde şeýle hem energiýa serişdelerini ulanmagyň durnuklylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugurda mundan beýläk-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kit Alanyň seminarda eden çykyşynda belleýşi ýaly, seminaryň gün tertibine girizilen meseleler diňe bir Türkmenistan we Ýewropa üçin däl, eýsem bütin dünýä üçin uly gyzyklanma döredýär. Çünki energiýanyň netijeli we rejeli ulanylmagy ähli halkara bileleşiginiň üstünlikli ösmegine ýardam edýär.
Britaniýaly diplomat energiýa serişdelerine örän baý ýurt hökmünde Türkmenistanyň energiýany tygşytlamak we ony ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini nygtap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energiýadan netijeli peýdalanmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlaryny kanagatlanmak bilen belledi. Energiýanyň netijeli ulanylmagy ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda Kit Alanyň belleýşi ýaly, energiýanyň dürli çeşmelerini has netijeli ulanmak baradaky derwaýys meselelerde Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebiti üçin özboluşly nusga bolup hyzmat edip biler. Çünki ýurtda energiýa tygşytlamak meselelerine, energiýa serişdelerini ulanmagyň intensifikasiýalaşdyrylmagyna uly üns berilýär, ekologiýa taýdan arassa gün we ýel energiýa çeşmelerini ulanmagyň taslamalary işlenip taýýarlanylýar.
Energiýany tygşytlamak, energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak boýunça halkara başlangyçlarynyň ählisine işjeň gatnaşýan Beýik Britaniýa eýýäm köp wagtdan bäri şu meselelerde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýär. Ýurtlaryň arasynda energetika ulgamyndaky meýiller hakyndaky protokola gol çekildi, energetika sektorynda bilelikdäki tagallalary ulanmak boýunça netijeli gepleşikler geçirilýär.
Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň hünärmenleriniň we halkara ekspertleriniň bilelikdäki tagallalarynyň energiýany has netijeli ulanmak boýunça giň möçberli maksatnamany işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi energiýa tygşytlamak we energiýanyň dürli çeşmelerini ulanmak meselelerinde Türkmenistanyň öňdäki orunlary eýelemegini üpjün eder.
—Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika sektorynyň dünýäniň köp ýurtlaryndaky örän işjeň işi howanyň üýtgemeginiň esasy katalizatorlarynyň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem energiýa serişdelerini netijeli we rejeli ulanmak baradaky çagyryşlar häzir ýygy-ýygydan ýaňlanýar. Diňe energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary kadalaşdyrýan we höweslendirýän degişli kanunlaryň we strategiýalaryň netijeli hereket eden mahaly bu maksada ýetmek mümkindir. Şunda energiýa serişdelerini netijeli ulanmak meselelerinde edaraara we pudagara sazlaşygyň bolmagy zerurdyr-diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Leni Montýel belledi.
Seminara gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, milli kanunçylygy, hususan-da, ýangyç-energetika ulgamyndaky kanunçylygy berkitmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen Lideri bu barada öz çykyşlarynda ençeme gezek nygtady. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli strategiýasynda öz beýanyny tapdy.
Geçirilen seminar energiýany netijeli ulanmak ulgamynda kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň tapgyrlarynyň biri bolup durýar. Halkara ekspertleriniň we türkmen hünärmenleriniň bilelikdäki işi energiýa tygşytlamak ulgamynda häzirki ýagdaýa baha bermäge we geňeşmeleriň, seljermeleriň hem-de öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesini alyşmagyň esasynda energiýa serişdelerini durnukly ulanmak babatda strategiýalaryň we kanunlaryň mümkin bolan görnüşlerini kesgitlemäge mümkinçilik berer.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň hökümetiniň maksatnamasynyň çäklerinde Kioto protokolynyň ýanynda döredilen we energiýa babatda netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmakda maliýe girdejisini almaga mümkinçilik berýän uglerod gaznasynyň çäklerinde ilkinji taslamalary işläp taýýarlamak we amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirilýär. Çünki häzirki zaman tehnologiýalary energiýa serişdeleriniň, hususan-da, tebigy gazyň ulanylyşyny tygşytlaýar ýa-da olaryň ýitgisiniň öňüni alýar. Munuň özi bolsa gazlaryň atmosfera ýaýramagyny azaltmaga mümkinçilik berýär. Hut şu ýitgileriň azalmagy ýa-da ahyrky netijede, arassa howa üçin ösen ýurtlar uglerod gaznasy arkaly ep-esli pul serişdesini tölemäge taýýardyr. Bu uglerod gaznasy eýýäm Hytaýda, Braziliýada, beýleki ýurtlaryň birnäçesinde özüniň netijeliligini we maliýe taýdan özüne çekijiligini görkezdi.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamyny ösdürmegiň ägirt uly potensialyna eýedigini we tebigy gazyň çakyrylyşynyň möçberini ep-esli artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny nazara almak bilen, uglerod taslamalary biziň ýurdumyz üçin aýratyn gyzyklanma döredýär. Ekspertleriň hasaplamalaryna görä, Aşgabadyň diňe bir sany elektrik stansiýasynyň gazturbina usulyndan elektrik energiýasyny öndürmegiň kombinirlenen usulyna geçirilen mahaly maliýe peýdasynyň möçberi 72 million amerikan dollaryna barabar bolar. Munuň özi döwrebaplaşdyrmak üçin goýlan maýanyň bary-ýogy 2,5 ýylda gaýdyp gelmegini üpjün eder. Bu energiýa serişdelerini netijeli ulanmak boýunça kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny alamatlandyrýar. Çünki ýurduň ykdysadyýetine maliýe serişdelerini çekmegiň goşmaça mümkinçilikleri peýda bolýar.
Mundan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň degişli maksatnamasynyň çäklerinde energiýanyň alternatiw we gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, ýel we gün energiýasyny ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garalýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň «Gün» institutynyň hünärmenleriniň bu ugurda geljegi uly işläp taýýarlamalary bardyr.
Seminaryň netijeleri boýunça bellenilişi ýaly, ýurduň içinde dürli edaralaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, şeýle hem energiýa serişdelerini rejeli ulanmak meseleleri boýunça Türkmenistanyň halkara derejesinde hyzmatdaşlyk etmegi biziň ýurdumyzyň çäklerinde has uly üstünlik gazanmaga mümkinçilik berer. Ýurdumyz bolsa energiýa serişdelerini netijeli tygşytlamak meselelerinde Merkezi Aziýa sebiti üçin nusga bolup çykyş edýär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm