9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

TÜRKMENISTAN TEBIGY GAZYÑ DÜNÝÄ BAZARLARYNA ÇYKARYLMAGY ÜÇIN ULY TAGALLA EDÝÄR

Türkmenistandan Owganystana, Pakistana we Hindistana tebigy gazyñ daşalmagy üçin guruljak turbo geçiriji üçin Aşgabatda ýokary ähmiýetli ýygnak geçirler.

Ýygnakda Türkiýä Daşary işler ministri Ahmet Dawutogly wekilçilik eder.

Dünýäniñ iñ uly tebigy gaz öndürijilerinden biri bolan Türkmenistan tebigy gazyñ dünýä bazarlaryna çykarylmagy üçin uly tagalla edýär.

Türkmenistanyñ Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan orta atylan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan turbo geçirijisi üçin häzire çenli kiçi göwrümli gepleşikler geçirildi.

Bu mesele bilen baglanşykly ýokary ähmiýetli ýygnak 11-nji dekabrda şenbe güni Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda geçirler.

Ýygnaga Türkmenistanyñ, Owganystanyñ we Pakistanyñ Döwlet baştutanlary, Türkiýäniñ, Özbegistanyñ, Gazagystanyñ we Täjigistanyñ Daşary işler ministrleri, Eýranyñ we Azerbaýjanyñ Daşary işler ministriniñ orunbasary, Yslam Galkynyş guramasynyñ, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyñ, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyñ we Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygynyñ baş sekretarynyñ gatnaşmagyna garaşylýar.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ýokary Tehnologiýalar Agrosenagat Toplumynyň Maldarçylyk Ulgamynyň Netijelilignini Üpjün Edýär

OPEC 2017-nji Ýylda Nebite Bolan Isleg Baradaky Çaklamasyny Ýokarlandyrdy

Söwda Pudagynyň Ösüşi-Bazar Ykdysadyýetiniň Ösüşiniň Baş Şerti